Siriýa üçin Orsýete we Hytaýa basyş edilýär

Halkara wekili Kofi Annan Moskwada prezident Wladimir Putin we daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşar.

Orsýet bilen Hytaýyň Siriýanyň prezidenti Başar Assada garşy berkräk çäre görülmegini goldamagy üçin edilýän diplomatiki tagallalar güýçlendirilýär.

Halkara wekili Kofi Annan Moskwa iki günlük saparynyň dowamynda prezident Wladimir Putin we daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşar.

BMG-niň Baş sekretary Pan Gi-mun bolsa, duşenbe güni Pekinde prezident Hýu Jintao we beýleki uly resmiler bilen duşuşar.

Bu diplomatiki tagallalar Howpsuzlyk geňeşiniň anna güni BMG-niň Siriýadaky missiýasynyň ygtyýarlygyny uzaltmaly soňky möhletiniň öň ýanyna gabat geldi.

Tremsadaky söweş "gyrgyn" atlandyryldy

Assad Tremsa obasyndaky söweşden soň täze tankyda sezewar boldy, aktiwistler bu söweşi "gyrgyn" diýip atlandyrdylar.

Siriýa ýekşenbe güni Annanyň siriýa goşunlary Tremsada agyr ýaraglary ýa-da wertolýotlary ulandy diýen aýyplamasyny ýalana çykardy.

Siriýanyň Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Jihad Madkissi bu barada şeýle diýdi:

“Hökümet guýçleri uçarlary ýa wertolýotlary, tanklary ýa toplary ulanmady. Bir kwadrat kilometr oba hüjüm etmek üçin artilleriýanyň ulanylandygy barada aýdylan zatlaryň ählisi nädogry” diýip, Madkissi aýtdy we özleriniň Howpsuzlyk geňeşinde maslahat edilýän wagtyna gabat şeýle zatlary aýdýan adamlaryň tutýan maksatlaryny bilýändiklerini nygtady.

Onuň pikiriçe, bu hili zatlary aýdýan adamlar Orsýetiň Howpsuzlyk geňeşinde eýeleýän parasatly pozisiýasyna garşy goşmaça delil edinmek isleýärler. Şeýle-de ol goşunyň bigünä raýatlara hüjüm etmändigini, bu ýerde kanun güýçleri bilen bikanun ýaraglanan we syýasy çözgüde ynanmaýan toparlaryň arasynda çaknyşyk bolandygyny aýtdy.

Annan Siriýanyň hökümetini, Tremsadaky hereketleriniň netijesinde, özüniň BMG tarapyndan goldanylýan parahatçylyk tagallalary babatdaky borçlaryny ýerine ýetirmezlikde günäledi.

Halkara Gyzyl Haç komiteti bu konflikti graždan urşy diýip atlandyrdy. Bu ýagdaý iki tarapyň adamlarynyň hem uruş jenaýatlarynda aýyplanyp biljegini aňladýar.

Söweşiň gerimi giňeýär

Şu aralykda söweşleriň Damaskyň ikinji bir etrabyna hem ýaýrandygy habar berildi.

Ýaşaýjylar bu söweşleri Assada garşy bir ýarym ýyldan gowrak ozal turan gozgalaňyň çäginde paýtagta aralaşmak üçin gurlan iň agyr darkaşlaryň biri hökmünde häsiýetlendirýärler.

Damaskdaky aktiwistler siriýa goşunynyň uçar meýdanyna barýan ýoly bekländigini we şäheriň günorta etraplaryndaky söweşijileriň daşyny gabamaga çalyşýandygyny aýdýarlar.

Assadyň iň ýakyn regional ýarany bolan Eýran özüniň Siriýanyň hökümeti bilen oppozisiýasynyň arasynda geçiriljek gepleşiklere beýemçilik etmäge taýýardygyny aýtdy.

Eýranyň daşary işler ministri Akbar Salehi bu krizisiň daşardan gatyşylmazdan, siriýalylaryň özleriniň arasynda çözülmelidigini öňe sürdi.

Şu aralykda Arap Ligasynyň baş sekretary Nabil al-Arabi Siriýada etniki arassalaýyşyň alamatlarynyň görünýändigini aýtdy we BMG-niň Düzgünnamasynyň sanksiýalary girizmek, güýç ulanmak mümkinçiliklerine ygtyýar berýän 7-nji baby easynda herekete geçmäge çagyrdy.