Arzan unuň baýamagy

Un, çörek önümleri ýakynda birden gymmatlamazyndan öň, Türkmenistanda birinji sort unuň bir haltasy, ýagny elli kilosy 50 manatdan satylýardy.

Türkmenistanda ilata ýeňillikli bahadan berilýän un normasy ýatyryldy.

Ýerli çeşmeleriň, şol sanda “Türkmen inisiatiwasy” toparynyň aýtmagyna görä, türkmen raýatlaryna 1990-njy ýyllaryň birinji ýarymyndan bäri berlip gelen “un paýy” 7-nji iýuldan bäri hiç kime berilmeýär.

Aşgabatly aktiwist Nurberdi Nurmämmedow Türkmenistanda unuň esasan oba ýerlerinde kän ulanylýandygyny, şäherlerileriň ony oba ýerindäkä garanda azrak ulanýandygyny aýdýar.

Sowet döwrüniň statistiki maglumatlarynda Türkmenistanda adam başyna aýda 12, Täjigistanda bolsa 14 kilograma çenli un ulanylýandygy aýdylýardy.

Obalarda esasy azyk çörek

Adyny aýtmazlygy soran 60 ýaşly lebaply žurnalistiň Azatlyk Radiosyna gürrüň bermegine görä, Türkmenistanda “häzir soýuz döwründäki bolçulyk ýok we oba ýerlerinde esasy iýilýän azyk çörek önümleri” bolup durýar.

“Şundan çen tutulsa, häzir oba ýerlerinde adam başyna 13-14 kilograma çenli un ulanylýan bolmagy mümkin” diýip, ol aýtdy.

1990-njy ýyllaryň birinji ýarymynda ilata ýeňillikli bahadan un paýlamak düzgüni girizilende, oba adamlarynyň un, çörek önümlerini şäherlilere garanda artygrak ulanýandygy göz öňünde tutulyp, oba ýerinde adam başyna 6 kilo, şäher ýerinde bolsa 4 kilo un berilmeli edilipdir. Bu, lebaply žurnalistiň pikirine görä, türkmen raýatlaryna aýda zerur bolan fiziki normanyň ýarysyna barabardyr.

“Şu sebäpden, un normasy ýatyrylmazyndan öň hem, adamlar özlerine gerek unuň galan bölegini bazardan, bazar nyrhyndan almaly bolýardylar. Ýagdaý şeýle bolansoň, un normasynyň ýatyrylmagynyň köp maşgala ýaramaz täsir etjegi görnüp dur” diýip, lebaply žurnalist aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysyna pikirini aýdan aşgabatly zenan hem entek ýeter-etmezçiligiň bardygyny tassyklap, şeýle diýdi:

“Ine, köp çagalylar bar, diňe çörek iýmese, başga şolaryň üýtgeşik iýýän zady ýok. Ynha, ejemiň 8 sany çagasy bar, horluk, kynlyk bilen şu derejä ýeten welin, häzir bir gowy derejede diýeňde-de, kemçiligimiz, ýeter-etmezimiz bar-da” diýip, adyny aýtmakdan saklanan türkmen raýaty aýtdy.

“Arzan alyp, gymmat satylýar”

Aşgabatly aktiwist Nurberdi Nurmämmedowyň pikiriçe, ýeter-etmezçiligiň saklanyp galmagy esasan daýhanyň öndürýän önümine döwlet tarapyndan kesilýän nyrhyň pesligi bilen bagly.

Ol “döwlet daýhandan alýan gallasynyň satyn alyş nyrhyny galdyrman, oňa satýan ununyň, çöreginiň bahasyny galdyrýar, ýagny arzan alyp, gymmat satýar” diýýär. Şeýle-de, Nurmämmedowyň pikiriçe, daýhana kärendesine berilýän ýer maşgala eklärden has az bolýar.

“Berilýän 2 gektar, 3 gektar, eger-de ekjegiň galla ýa-da pagta bolsa, ol seň üçin ýeterlik girdeji berenok” diýip, Nurmämmedow Aşgabatdan Azatlyk Radiosyna telefon arkaly beren gürrüňinde aýtdy.

Un, çörek önümleri ýakynda birden gymmatlamazyndan öň, Türkmenistanda birinji sort unuň bir haltasy, ýagny elli kilosy 50 manatdan satylýardy.

Bazar gatnaşyklary ornaşdyrylar

Resmi bolmadyk maglumatlara görä, Türkmenistanda ortaça aýlyk 200 amerikan dollaryna golaý hasaplanýar.

Prezident Berdimuhamedowyň ýakynda gol çeken kararynda gelýän ýyldan aýlyklaryň we kömek pullarynyň 10, pensiýalaryň 15 prosent köpeldiljegi aýdyldy. Şeýle-de täze karar 2013-nji ýylyň birinji ýanwaryndan minimal aýlygyň 440 manat boljagyny aýdýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda oba ilaty esasan ekerançylyk bilen meşgul bolup, döwlet palany esasynda gowaça, bugdaý, şaly ekýär hem öndüren önümlerini döwletiň bellän nyrhyndan döwlete tabşyrýar.

Şol bir wagtda prezident Berdimuhamedow oba hojalygyna bazar gatnaşyklaryny ornaşdyrmagyň tarapdary bolup görünýär. Ol bu ugurdaky işleriň dowam etdiriljegini aýdyp, geçen ýyl şeýle diýipdi:

“Oba hojalyk ekinlerini ýurdumyzyň sebitleri boýunça ýöriteleşdirmek, bu pudaga bazar gatnaşyklaryny ornaşdyrmak we oba hojalygyny özgertmek boýunça beýleki möhüm wezipeleriň ählisi şu ýyl hem üstünlikli amala aşyrylmalydyr.”

Şeýle-de prezident Berdimuhamedow golaýda oba hojalyk ýolbaşçylaryny daýhana ýeri uzak möhletleýin bermekden çekinmezlige çagyrdy.

Aşgabatly aktiwist Nurberdi Nurmämmedowyň pikiriçe, döwletiň nyrhlary, şol sanda un, çörek önümleriniň bahasyny zor bilen saklamagy dogry däl.

Ýöne aktiwist “nyrhlar daýhan ýeriň we öz öndüren hasylynyň eýesi bolup, ýeterlik girdeji alyp başlandan soň goýberilse, arzan, ýeňillikli bahadan berilýän un şondan soň baýasa (gutarsa), has gowy bolardy” diýýär.