Çarşenbe güni Ispaniýanyň premýer-ministri Mariano Rajoý ýurtda täze býujet tygşytlaýyş çäreleriniň girizilýändigini yglan etdi. Ol bu çäräniň geljek birnäçe ýylyň dowamynda bu ýurda 65 milliard ýewro serişdäni tygşytlamaklyga mümkinçilik bermeginiň mümkindigini aýtdy.
Çarşenbe güni yglan edilen bu täze plan harytlaryň nyrhyna salynýan salgytlary 18 prosentden 21 prosente ýetirmek, döwlet edaralarynyň işgärlerine berilýän Krismas bonuslaryny ýatyrmak, salgytlaryň az bolmagyna mümkinçilik berýän artykmaçlyklary ýatyrmak we işsizlere berilýän ýardamlary kemeltmek ýaly birgiden çäreleri öz içine alýar.
Bu býujet tygşytlaýyş çäreleri ýewro zona girýän beýleki 16 ýurduň Ispaniýanyň bergä batan banklaryny krizisden halas etmek maksady bilen 100 milliard ýewro karz bermek barada gelen ylalaşyklarynyň bir şerti bolup durýar.
Şu hepdäniň sişenbe güni bu mesele boýunça gelnen özara ylalaşyga görä, Ispaniýanyň banklaryna şu iýul aýynyň dowamynda 30 milliard ýewro karz bermeklik göz öňünde tutulýar.
Premýer-ministr Mariano Rajoý çarşenbe güni parlamentiň öňünde eden çykyşynda harytlaryň nyrhyna salynýan salgytlary artdyrmak çäresiniň özüniň Halk partiýasynyň parlament saýlawlarynyň öňýany raýatlara beren wadasyna garşy gelýändigini boýun aldy.
“Men salgytlary azaltjakdygymy aýdypdym, emma indi men ony ýokarlandyrýaryn. Men öz kriteriýamy heniz özgerdemok. Men mümkin bolan badyna, salgytlary azaldaryn. Emma ýagdaý üýtgedi we indi men ýagdaýa uýgunlaşmaly” diýip, Ispaniýanyň premýer-ministri belledi.
Ispaniýada göz öňünde tutulýan maliýe tygşytlaýyş çäreleri ministrlikleriň çykdajylaryny-da 600 million ýewro möçberinde kemeltmekligi göz öňünde tutýar. Ýurduň ýerli administrasiýalary hem bu planyň çäklerinde 2015-nji ýyla çenli öz çykdajylaryny 65 million ýewro azaltmaly bolarlar.
Emma Ispaniýadaky bu çäreleriň yglan edilen güni Halkara Zähmet Guramasy ýörite beýanat ýaýradyp, Ýewropadaky maliýe tygşytlaýyş çäreleriniň Ýewropanyň häzirki ykdysady problemalaryna çözgüt bermejekdigini belledi.
Bu gurama ykdysady kynçylyk çekýän ýurtlaryň maliýe tygşytlaýyş çärelerini bes edip, iş ýerlerini döretmek syýasatyna geçmeseler, geljek dört ýylyň dowamynda ýewro zona ýurtlaryndaky işsizleriň sanynyň 22 million adama ýetmeginiň mümkindigini aýdyp, duýduryş berýär.