Owgan Akademiýasy hazaralaryň gaharyny getirdi

Owganystanyň azlykdaky etniki Hazara toparynyň işçisi, Kabul, 2011-nji ýyl.

Owganystanyň dürli etniki toparlardan ybarat ilatynyň düzümini dokumentleşdirmek günäsiz bir iş ýaly bolup görünse-de, bir topar akademigiň bu baradaky soňky synanyşygynyň olary jenaýat aýyplamasy bilen ýüzbe-ýüz etmegi mümkin.

Problemanyň düýp sebäbi "Owganystanyň puştun bolmadyk etniki toparlarynyň Etnografiki Atlasy" diýlip atlandyrylýan eser bolup, ony geçen aý döwletiň tabşyrygy bilen, agzalary Owganystanyň hökümeti tarapyndan bellenilen Ylymlar Akademiýasy çap edipdi.

Kitabyň käbir baplary Owganystanyň azlykdaky etniki hazara toparynyň aşa gaharyny getirdi.

Hazaralar

"Daily Outlook Afghanistan" gazetiniň habaryndan çen tutulsa, kitabyň baplaryndan birinde hazaralar barada şeýle maglumatlar ýerleşdirilipdir: ''Hazaralar ýalançy, binamys, ynanyp bolmajak adamlar. Olaryň aýallarynyň kellesinden başga, teniniň hiç bir ýerinde tüý ýok. Hazaralar Mongollaryň nesilleri bolup, olar Owganystanyň daglarynda ýaşaýarlar. Bu adamlar uruşmakdan başga hiç zat bilmeýärler."

Gazet bu baradaky maglumatyny dowam etdirip, kitapda hazaralaryň "rafizi", ýagny “kapyrdan-da beter” diýlip sypatlandyrylandygyny ýazýar. Azatlyk Radiosynyň bu kitaby edinmek mümkinçiligi bolmady.

Hazara syýasatçylarynyň närazyçylygy prezident Hamid Karzaýyň iýun aýynyň 19-na “Atlasy” gadagan etmegi üçin sebäp boldy, netijede dört sany akademik Ylymlar Akademiýasyndan kowuldy we olaryň näme sebäpli bu eseri neşir edendiklerini derňemek üçin buýruk berildi. Olaryň dördüsiniň, etniki dartgynlylygy döredendigi üçin, jenaýat jogapkärçiligine çekilmegi mümkin.

Şol derňewe gözegçilik edýän prokuroryň orunbasary general Enaýatullah Kamalyň aýtmagyna görä, “eger kemsitmeleriň bilkastlaýyn edilendigi subut edilse, akademikler öz eden işleri üçin jogap bermeli bolarlar”.

"Owganystanyň etniki toparlarynyň arasynda dürli öjükdirmeleri döretmek gadagandyr. Islendik adam muny bozan ýagdaýynda kanun bilen ýüzbe-ýüz bolar" diýip, Kamal aýtdy.

Karzaý kitabyň mazmunyny "şahsyýeti kemsidiji" we etniki toparlaryň hemmesiniň, diýmek, “ähli owgan halkynyň namysyna degiji" diýip häsiýetlendirdi.

Nireden gelip çykdy?

“Atlasyň” awtory, Saýed Amin Mujahid kitapdaky dawaly baplaryň köpüsiniň hazara taryhçysy Faýz Muhammad Katebiň eserlerine esaslanylyp ýazylandygyny aýdyp, kitabyň mazmunyna arka çykdy.

Mujahid ýazanlarynyň ählisiniň çeşmesine aç-açan salgylanandygyny, emma onuň mazmunynyň syýasy sebäplere görä ýoýlandygyny aýdýar: "Häzirki wagtda akademiki hem-de ylym baradaky soraglar syýasy problemalara öwrüldi. Muny aýtmagymyň sebäbi, käbir halatlarda halka sözlemiň diňe birinji ýarymy barada gürrüň berlip, olar onuň ikinji ýarymyndan daşda tutulýarlar".

Hazaralar barada gürrüň açylanda, gapma-garşylyklaryň döremegi Owganystanyň Ylymlar Akademiýasy uçin täzelik däl. 2001-nji ýylyň soňlarynda etniki azlykdaky şaýy topary agzalýan Akademiýa tarapyndan çap edilen eserde hazaralaryň sanynyň az görkezilendigini aýdyp, öz närazylygyny bildiripdi.

Bu kitapda Owganystanyň takmynan 26 million diýlip çak edilýän ilatynyň 9%-i hazaralar hasaplanylyp, 60%-niň hem puştunlardygy aýdylýar. Hazaralaryň aýtmagyna görä, bu tarap tutulyp, puştunlaryň abraýyny ýokary götermek niýeti bilen ýazylypdyr.

Hazara syýasatçylary özleriniň sanynyň Owganystanyň ilatynyň takmynan 20%-ne deňdigini aýdýarlar.

Owganystanyň ilaty we bu ýurtda ýaşaýan etniki toparlaryň sany barada takyk maglumat ýok, sebäbi bu ýurtda soňky onlarça ýylyň dowamynda hakyky manyda ilat sanawy geçirilmedi. Iň soňky sapar 1970-nji ýylda ilat sany hasaba alynmaga synanyşylypdy, emma bu synanyşyk hem doly başa barmandy. Soňky ýyllarda hem bu uruş zerarly amala aşyrylman gelýär.