“Türkmenhowaýollarynyň” ýolagçylary näme üçin kynçylyk çekýärler?

2-nji iýunda irden kassanyň öňünde 40-a golaý adam bardy, Aşgabada gidýän uçara münmek isleýän ýolagçylaryň sanawynda bolsa 80-den gowrak adamyň atlary görkezilipdi.

Moskwanyň Domodedowo aeroportunda günde azyndan onlarça ýolagçy Türkmenistana gidip bilmän galýar.
Moskwadan Aşgabada uçup bilmän Domodedowo aeroportunda garaşyp duranlaryň ählisi “Türkmenhowaýollarynyň” ýolagçylary, olarda kompaniýadan satyn alnan uçar biletleri bar, emma biletlerinde uçuş wagty öňünden goýulmadyk.

“Türkmenhowaýollarynyň” Domodedowodaky kassasynyň öňünde günde şeýle ýolagçylaryň azyndan onlarçasy üýşýär. Hususan-da, 2-nji iýunda irden kassanyň öňünde 40-a golaý adam bardy, Aşgabada gidýän uçara münmek isleýän ýolagçylaryň sanawynda bolsa 80-den gowrak adamyň atlary görkezilipdi.

Ýakynda açyk wagtly biletli ýolagçylaryň sanynyň bir wagtda 200-e ýeten gününiň hem bolanlygyny Domodedowoda üç günläp oturan student ýolagçylar Azatlyk Radiosyna gürrüň berdiler. Bu barada Moskwadan Aşgabada uçup bilmedik käbir ýaşlaryň ene-atalary hem Azatlyk Radiosyna habar beripdiler.

Şeýle maglumaty käbir garaşsyz habar çeşmeleri hem ýaýradypdy. Hususan-da, “Türkmen inisiatiwasy” guramasy 28-nji iýunda Domodedowoda 200-den gowrak adamyň jemlenenligini we şonda bir ýolagçynyň özüni erbet duýup, medisina kömegine mätäç bolanlygyny habar berdi.

Dürli maglumatlara görä, Moskwadan Aşgabada uçmak bilen bagly kynçylyklar iki hepdä golaý wagt bäri dowam edýär.

Orsýetde ýaşaýan, özüni Ben Şafi diýip tanadan Türkmenistanyň raýaty öz tanşyny ugratmak üçin Domodedowo aeroportuna baranda gören ýagdaýlary barada Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi: “Men geçen aýyň 15-ne aeroporta baranymda studentleriň oturandygyny gördüm. Men şonda Penzada okaýan tanşyma duş geldim. Ol özüniň dört gün bäri oturanlygyny aýtdy. Şol gün Domodedowoda azyndan 25 adam dagy bardy”.

Uçuş düzgüni

“Türkmenhowaýollary” ýolagçylaryň Türkmenistana gidip bilmeýänliginiň sebäbini biletlerinde wagt möhleti öňünden goýulmadyk ýolagçylar üçin uçarlarda boş ýeriň ýetmezçiligi bilen düşündirýär.

“Türkmenhowaýollarynyň” Domodedowo aeroportundaky kassasynyň işgäriniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, adaty düzgüne laýyklykda, Moskwadan Aşgabada günde bir uçar gatnaýar, üstesine, onuň daşyndan bir hepde bäri günde goşmaça bir reýs hem amala aşyrylýar. Domodedowoda birnäçe günläp oturan ýolagçylar bolsa soňky günlerde goşmaça uçarlaryň sanynyň aýdylşyndan has az bolanlygyny aýtdylar.

Goşmaça uçarlaryň biri 2-nji iýulda ir sagat 10 töwereginde Aşgabada uçdy. Emma, habar berlişine görä, bu uçar goşmaça bolsa-da, oňa birnäçe günläp aeroportda garaşyp oturanlardan diňe 6 adam mündürilipdir.

Uçuşyň wagty

Ýolagçylaryň uçar biletlerinde uçuş wagtynyň öňünden goýdurylmanlygy olaryň ýolagçylar hökmünde öz hukuklaryny talap etmeklerine päsgel berýär.

Wagty goýdurylmadyk biletleriň eýeleri bolsa köplenç studentler. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan studentleriň köpüsi okaýan şäherlerinde “Türkmenhowaýollarynyň” kassalary ýokdugyny, telefon arkaly hem bron goýdurmagyň köplenç başartmaýandygyny aýtdylar.

Moskwada “Türkmenhowaýollarynyň” azyndan üç sany kassasy bar. Emma Orsýetiň dürli künjeklerinde, käte Moskwadan otluda birnäçe günlük ýol ýöremegi talap edýän uzaklykda ýerleşýän şäherlerde okaýan türkmen ýaşlary Moskwa gelip, bron goýdurmagyň hem wagty hem-de uly çykdajylary talap edýänligini aýdýarlar. Olaryň köpüsi, beýleki howa kompaniýalarynda bolşy ýaly, “Türkmenhowaýollarynda” hem internet hyzmatlary bolan ýagdaýynda özleriniň mundan giňden peýdalanjagyny gürrüň berdiler.

Studentleriň köpüsi Türkmenistanda bilet satyn alanlarynda yzyna dolanjak wagtyny öňünden bilmänligini, sebäbi munuň ekzamenleriň gidişine baglydygyny aýtdylar. Üstesine, “Türkmenhowaýollary” studentler üçin öňünden wagty goýulmadyk uçar biletlerini has arzan bahadan satýar.

Synçylaryň sözlerine görä, “Türkmenhowaýollarynyň” ýolagçylarynyň Aşgabada uçup bilmän kösenýän döwürleri gyş we tomus pasyllaryna we studentleriň kanikul döwürlerine gabat gelýär. Bu ýagdaý ýyllarboýy gaýtalanyp gelýär.

Ýer barmy?

Edil şu wagt “Türkmenhowaýollarynyň” uçarlaryna 5-nji sentýabrdan bäri üçar biletleriniň ýokdugyny Moskwanyň “Paweleskiý” demirýol wokzalyndaky kassada aýtdylar.

Emma käbir synçylar problemanyň sebäbini uçarlarda ýeriň ýetmezçiligi bilen däl-de, parahorluk bilen baglanyşdyrýarlar. Domodedowo aeroportunda Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolanlaryň ählisi diýen ýaly para berlende, uçarda ýeriň tapyljagyna ynanýanlygyny, emma özlerinde onça puluň ýokdugynyaýtdylar. Olaryň sözlerine görä, kassa 75-100$ berseň, ýer tapylýar.

Türkmenistanly “Ben Şafi” uçara münüp bilmedik adamlaryň bar bolmagyna garamazdan, uçarlarda boş ýerleriň galýan wagtynyň bolýanlygyny gürrüň berdi: “Kimdir biriniň mundan uly girdeji alýanlygyny anyk aýdyp biljek. Men geçen tomusda Aşgabada gidenimde, uçara münüp bilmedik 20-ä golaý adam bardy. Muňa garamazdan, uçara münemde 3-4 yeriň boş galanlygyny gördüm. Şonda stýuardessadan soranymda, ol muny ýüküň köpdügi bilen düşündiripdi. Emma şonda men çakdanaşa köp ýükli yolagçyny görmändim”.

“Türkmen insiatiwasy” guramasy öz maglumatynda şu ýylyň 28-nji iýunynda Moskwadan Aşgabada uçan uçarda 34 sany boş ýeriň bolanlygyny habar berdi. Maglumatda şeýle yagdaýyň sebäbi ýolagçy reýsleriň ýokary derejeli türkmen resmileriniň öz söwda ýüklerini daşamak üçin ulanýanlygy bilen düşündirildi.

Käbir maglumatlarda “Türkmenhowaýollarynyň” uçarlarynda ýer gytçylygy bilen bagly problemanyň diňe bir Orsýete gatnaýan uçarlar bilen çäklenmän, beýleki ýurtlar bilen arada, hususan-da, Ukrainada ýüze çykýanlygy habar berilýär.