Türkmenistan prezidentiň doglan gününi belleýär

Türkmenistanda prezidentiň doglan güni resmi derejede bellenmeýär. Muňa garamazdan ýurtda bu senä gabatlap syýasy we medeni çäreler giňden geçirilip gelinýär.

29-njy iýunda Türkmenistanda prezidentiň doglan güni bellenýär. 2007-nji yyldan bari dowlete bastutanlyk edýän Gurbanguly Berdimuhammedow 55 ýasaýar. Türkmenistanda prezidentin doglan güni döwlet derejesinde resmi taýdan bellenmeýär, emma ol ýurtda ünsüz hem galdyrylmaýar.
Ençeme gün bäri Türkmenistanyň habar beriş serişdeleri prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan güni bilen gutlanýanlygyny giňden habar berip gelýärler. Gutlag hatlary ýerli gazetleriň uly bölegini eýeleýär.

Aşgabatly žurnalist Aşyrguly Baýryýewiň sözlerine görä, prezidentiň adyna gutlaglary çap etmek üçin käbir gazetleriň göwrümi-de artdyrylypdyr.

“Düýnki “Zaman” gazeti öňküsinden 8 sahypa artdyryldy. Öň ol 12 sahypada çykýardy. Bu türkmen-türk gazetinde Türkmenistanyň prezidentiniň doglan güni mynasybetli 99 sany gutlag haty berildi” diýip, Baýryýew aýdýar.

Prezidentiň adyna gutlaglar milli telewideniýede hem görkezildi. Telewideniýede ençeme ýurduň, şol sanda Orsýetiň, Türkiýäniň, Fransiýanyň we Ukrainanyň resmi toparlarynyň we biznes gatlaklarynyň wekilleriniň türkmen prezidentini gutlap eden çykyşlary gökezildi.

Baýramçylyk çäreleri

Türkmenistanda prezidentiň doglan güni resmi derejede bellenmeýär. Muňa garamazdan ýurtda bu senä gabatlap syýasy we medeni çäreler giňden geçirilip gelinýär. Ýurduň ähli künjeklerinde “Berdimuhamedowyň milli maksatnamalary bagtyýarlyk döwrüniň ruhlandyrjy çeşmesidir” atly dabaraly maslahatlaryň geçirilýändigi gazetlerde habar berildi.

Ýurduň teatrlarynda “Bagtyýarlyk döwrüniň bagtly çagalary”, “Bizi dunýä tanadan Arkadag şan bolsun!”, “Sungaty sarpalan Gahryman ogul” atly spektakllar görkezilýär. Açyk asmanyň astynda ýörite konsert çäreleri hem geçirildi.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Türkmenistanda prezidentiň doglan güni bellenýär

Wideo: Aşgabat, 29-njy iýun, 2012.

Prezident Berdimuhammedowyň şahsyýetini, onuň döwlet baştutany hökmünde amala aşyrýan işlerini mahabatlandyryjy mazmunly maglumatlar ýyllarboýy döwlet habar beriş serişdeleriniň esasy temasy bolup gelýär. Emma prezidentiň doglan güni bilen baglylykda munuň has-da göze ilýänligini ýerli synçylar belleýärler.

“Prezidentiň doglan güni ýurtda resmi taýdan bellenenok. Ýöne prezidentiň doglan gününiň öňüsyrasynda, 27-nji iýunda Medeniýet işgärleriniň güni bellenip geçilende prezidenti, onuň alyp barýan işlerini dabaralandyrmak, ony öwmek, prezidentiň şahsyýetini has ýokary götergilemek ýaly zatlar göze ilýär” diýip, aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew aýtdy.

Ýurduň daşynda

Türkmenistanyň prezidentiniň doglan güni bilen baglylykda ýurduň daşynda hem käbir çäreler geçirildi. Hususan-da 8-10-njy iýunda Orsýetiň Sankt-Peterburg şäherinde Dünýä Türkmenleriniň Gumanitar Assosiasiýasynyň Berdimuhamedowyň doglan gününe bagyşlanan 2-nji konferensiýasy geçirildi. Sankt-Peterburgyň Milletler öýüniň maglumatynda “Türkmenistanyň kuwwat we bagtyýarlyk döwri” ady bilen geçirilen bu çärä 600-den gowrak adamyň gatnaşanlygy habar berildi.

Emma bu çärä gatnaşmak islän Orsýetdäki türkmen diasporasynyň käbir wekilleri bu çäräniň ýörite çagyrylanlaryň gatnaşmagynda geçirilenligini Azatlyk Radiosyna aýtdylar.

Türkmenistanyň prezidentiniň ýolbaşçylygyndaky bu guramanyň ýurduň daşynda geçirilen duşuşygy barada ýurduň resmi habar beriş serişdelerinde maglumat berilmedi.