“Google” ýitip barýan dilleri berkitmegiň ugruna çykdy

“Google” tarapyndan amala aşyrylan bu proýekt 21-nji iýundan işläp başlady.

Dünýäniň iň uly internet läheňleriniň biri "Google" kompaniýasy dünýäde üç müňe golaý ýitmek howpy abanýan dilleriň saklanyp galmagyna ýardam bermek maksady bilen “Endangered Languages” proýektini ýola goýdy. Bu proýektde 2100 ýyla çenli ýitip biljek dilleriň taryhy, şol diller arkaly beýan edilen medeniýetler barada maglumat berilýär, ýitmek howpy abanýan dilleriň sözlügi çap edilýär.

“Endangered Languages Project” diýip “Google” gözleg saýtynda ýazsaňyz ýitmek howpy abanýan diller bilen bagly inkär edip bolmajak faktlardyr maglumatlary tapyp bilersiňiz. Şol faktlar bolsa häzir dünýäde 6-7 müň çemesi dürli dilleriň bardygyny, şol dilleriň ýarysyna golaýynyň 2100-nji ýyla çenli ýok bolmak howpunyň ýokarydygyny, sebäbi globallaşmak prosesi netijesinde iňlis, ispan we hytaý dilleriniň dünýäde gitdigiçe köp ulanylýandygyny görkezýär.

Şeýle hem bu proýektiň çäginde dilleri halas etmek ugrunda göreşýän dilçi alymlaryň edýän aladalary barada dürli maglumatlary tapmak mümkin. Ol alymlar ýok bolmak howpy abanýan dilleri gorap saklamak meselesinde gitdigiçe köp kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

“Google” tarapyndan amala aşyrylan bu proýekt 21-nji iýundan işläp başlady. Proýektiň menejeri Jasson Risman ýitmek howpy abanýan diller üçin bu proýektiň ähmiýetiniň gaty uludygyny aýdýar.

“Bu bir taryhy pursat. Biz dilleriň howatyrlandyryjy ýagdaýda, öň görlüp-eşidilmedik depginde ýitip barýandygyny bilýäris” diýip, Risman aýdýar. “Ýöne, şol bir wagtda-da, ýitip barýan dilleri dokumentleşdirmek we olary berkitmek babatda göreş alyp barýan adamlar üçin tehnologiýalar-da elýeterli. Ýagny, şol kynçylyklary we bar bolan mümkinçilikleri birikdirip, bu meselä başgaça çemeleşmegi gazanyp bolardy”.

Rismanyň aýtmagyna görä, bu proýektiň esasy maksady ýitip barýan 3054 dil bilen bagly onlaýn maglumatlar merkezini döretmekden ybarat bolup durýar.

“Google map” tehnologiýasynyň esasynda düzülen dilleriň kolleksiýasyna dünýäniň dürli künjeginde ýaşaýan halklaryň gürleýän dilleri girýär.

“Google” tarapyndan maliýeleşdirilýän bu proýektiň ABŞ-nyň Gawai uniwersitetiniň we Gündogar Miçigan uniwersitetiniň bilermenleriniň ýardamy, şeýle hem 20-ä golaý ýerli halklaryň dil we medeni merkezleriniň goldawy bilen amala aşyrylandygy aýdylýar.

“Google map” tehnologiýasynyň esasynda düzülen dilleriň kolleksiýasyna dünýäniň dürli künjeginde ýaşaýan halklaryň gürleýän dilleri girýär. Onuň hatarynda tatar diline meňşer şor dili hem bar. Orsýetde ýaşaýan 10 müňe golaý adam bu dilde gürleýär.

Bu proýektde awstraliýaly aborigenleriň putijara dili hem bar. Bu diliň ýitip, ýok bolup gitmegiň öňüsyrasyndadygy aýdylyp, onda gürleýän diňe dört adamyň galandygy bellenilýär.

“Google” wagtyň geçmegi bilen bu proýektiň diňe ýitip gitmek howpy abanýan dilleri gorap saklamak bilen çäklenmän, diaspora toparlaryny döredip, şol dilleri öwrenýanleriň sanyny artdyrjagyna bil baglaýar.

Ýöne käbir bilermenler globallaşmak prosesine uly goşant goşýan “Google” kompaniýasynyň bu proýekt bilen meşgullanmagyny geň görýärler. Ýagny, hut “Google” ýaly kompaniýalar iňlis dili ýaly dilleriň ýaýramagyna, netijede galan dilleriň zerurlygynyň we ähmiýetiniň pese gaçmagyna uly täsir ýetirýärler.

Şol bir wagtda-da käbir bilermenler “Google” ýaly läheň kompaniýa tarapyndan amala aşyrylan bu proýetiň ygtybarlylygynyň ýokary boljakdygyny, beýleki kiçiräk kompaniýalar tarapyndan şeýle proýektleriň ýola goýulmagyna has köp wagtyň gerek boljakdygyny aýdyp, onuň ýok bolmak howpy abanýan dilleri halas etmek işine uly goşant goşjakdygyny aýdýarlar.