Täjik mollalary wagtlaýyn nikanyň ýaýrandygyny aýdýarlar

Täjik kanunlarynda dini nikalaşyk ykrar edilmeýär.

Täjigistanda metjitlerde edilýän wagyz-nesihatlarda köplenç adamlaryň gündelik durmuşy bilen baglanyşykly meselelere üns berilýär. Şu günler Duşenbede edilýän wagyzlaryň aglabasynda esasy tema täjik jemgyýetinde ozal görlüp-eşidilmedik hadysa - wagtlaýyn nika.

Öten anna güni juma namazydan soň bolan ýygnanyşykda Duşenbäniň tanymal ymamy Eşon Abdul-Basir Saidow aýallara wagtlaýyn nika girmezlik barada duýduryş berdi. Dini ýolbaşçylar bu nikanyň Duşenbede soňky birküç ýyllykda ýaýrandygyny aýdýarlar.

Saidow onlarça täjik aýalynyň mut'a diýip tanalýan bu "eýran usully wagtlaýyn nikanyň" pidasy bolandygyny aýtdy.

Ilatynyň aglaba köplügi şaýylar bolan Eýranda kanuny diýip ykrar edilýän wagtlaýyn nika iki tarapyň arasynda belli bir möhlet bilen baglaşylýar. Şol möhlet tamamlanansoň bolsa, nika öz-özünden bozulýar.

Sünnilerde mut'a ykrar edilmeýär

Täjigistanyň ýaşaýjylarynyň aglaba köplüginiň uýýany sünni yslam. Sünni yslamda bolsa mut'a ykrar edilmeýär. Muňa garamazdan, Täjigistanyň yslamçy "Täzeden direliş" partiýasynyň medeniýet bölüminiň başlygy Zurafa Rahmoni: "Täjik aýallarynyň şu ýerde ýaşaýan eýran raýatlary bilen wagtlaýyn nikalaşýandygyny şu günler köp eşidýäris" diýýär.

Täjigistanda ep-esli eýranly ýaşaýar. Bularyň köpüsi Duşenbede ýa-da beýleki uly şäherlerde bolýarlar.

Rahmoni bu hadysa barada: "Iň soňunda bu nika diýilýän tamamlanansoň we onuň dowamynda-da bu aýallar hukuksyz hem goragsyz taşlanylýar. Nähili-de bolsa bu adamlar ahyrsoňy wagtlaýyn aýallaryny taşlap, öz watanlaryna dolanýarlar. Iň ýamany hem – kämahallary bu bileleşikden çaga önýänligi" diýýär.

Rahmoni bu hakda ýene-de: "Täjigistanda ykdysady ýagdaý agyr. Täjik erkekleriniň köpüsi başga ýurtlarda migrant, iş üçin ýurdy terk etdiler. Tajigistana işlemäge çet ýurtlular gelýärler. Täjigistanda mut'anyň artmagynyň sebäbi şol. Bu hadysanyň soňky ýyllarda köpelmegine goşant goşan faktor - sosial we ykdysady kynçylyklar" diýip, gürrüň berýär.

Tajigistanda näçe aýalyň mut'a bileleşigine girendigi barada resmi statistika ýok. Ýöne Rahmoni olar "ýüzlerçe bardyr" diýýär.

Eýranyň Duşenbedäki ilçihanasy Azatlyk Radiosyna wagtlaýyn nikalaşma barada özüne täjik raýatlaryndan hiç haçan arza gelip gowuşmandygyny aýtdy.

“Jelepçiligi kanunlaşdyrmak”

Täjik ymamlary mut'any yslamyň kada-kanunlaryna, täjik halkynyň dini ynançlaryna we däp-dessurlaryna ters diýip häsiýetlendirdiler. Ymam Saidow bu nika hakda: "Mut'a jelepçiligi kanunlaşdyrmak üçin edilýän bir synanyşyk. Ol dini nikalaşma diýip ykrar edilmeli däl. Biz oňa güna diýip garaýarys" diýýär.

Dini ýolbaşçy Saidow özüniň juma wagzynda täjik zenanlarynyň wagtlaýyn nikanyň pidasy bolmagynyň sebäbi olaryň "sada, özleriniň dini we graždanlyk hukuklaryndan habarsyzlygyndan" diýdi.

Öz doly adyny bermekden saklanan 25 ýaşly duşenbeli Maýa öňki adamsy - bir eýranly söwdagär - bilen şäheriň meşhur restoranlarynyň birinide tanyş bolupdyr. "Ol maňa gysga möhletli nikalaşyk barada käbir zatlary aýtdy. Ýöne men oňa oňly düşünmedim, ol ätiýaçlylyk edýändir öýtdüm. Alty aýdan soň ol gitdi. Men indi gyz çagam bilen ýaşaýaryn. Maňa ondan maliýe ýa moral taýdan goldaw ýok" diýip, Maýa aýdýar.

Şular ýaly ýagdaýlaryň öňüni almak üçin täjigistanly ymamlar aýallary çet ýurtlular, aýratyn-da şaýylar bilen dini nikalaşyga girmekden saklanmaga çagyrýarlar.

Täjik kanunlarynda dini nikalaşyk ykrar edilmeýär. Häkimiýetler köp aýallylygyň öňüni almak üçin bir çäre hökmünde ahun-mollalara iki tarapyň är-aýallyk barada resmi şahadatnamasy bolmasa, yslam düzgünleri boýunça nika gyýmagy gadagan etdiler.

Täjigistanda köp aýallylyk jenaýat işi hasaplanyp, aňyrsy 5 ýyl türme tussaglygy bilen jezalandyrylýar.