Ýaşlyk

Ömür daragtynyň gymmat şahasy...
Arman-arman, giç bilinýä bahasy!

Ýyldyz süýnen kibi tiz geçýä ýaşlyk.
Bizem öz wagtynda juwandyk, ýaşdyk.

Süýjülik suwy deý paýlap bal güni,
Bizem apalapdy ýaşlyk ýelgini.

Tawus guş dek owadandy o ýyllar...
Wah, baky däl eken bigam oýunlar!

Soň düşündik – zat ýok eken hasapsyz,
Alma ýere düşmez eken azapsyz.

Gyşyk basanyňy ýaşlykdan görme,
At jylawyn özgäň eline berme.

Ýeňip bolar garyplygy, açlygy,
Diňe yza dolap bolmaz ýaşlygy!

Şiraly Nurmyrat Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyrydyr.