Hytaýa akdyryljak türkmen gazynyň möçberi artdyrylýar

Hytaýyň premýeri Wen Jiabao we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Pekinde, 2012-nji ýylyň 5-nji iýuny.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pekine edýän iş saparynyň çäklerinde Hytaýa akdyrylýan türkmen gazynyň möçberini artdyrmak baradaky ylalaşyga gol goýuldy.

“Türkmengaz” döwlet konserni bilen Hytaýyň Milli nebit korporasiýasynyň (CNPC) arasynda çarşenbe güni baglaşylan ylalaşyga görä, geljekde Hytaýa ýylda 65 milliard kubometr gaz akdyrylar.

Geçen ýylyň aprel aýynda Hytaý Türkmenistana 2009-njy ýylda beren 4 milliard dollarlyk karzynyň üstüne 10 ýyllyk möhlet bilen ýene 4,1 millard dollarlyk karz bermäge ylalaşypdy. “Türkmengaz” konserni bu puly Türkmenistanyň eksport güýjüni ýokarlandyrmak we Ýolöteniň günortasyndaky gaz ýataklaryny özleşdirmek üçin ulanjakdygyny aýdypdy.

Mundan öň türkmen gazyny Hytaýa akdyrmak baradaky ylalaşyk 2007-nji ýylda – Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaýa eden sapary wagtynda baglaşylypdy. Şol ylalaşyga görä, Hytaýa akdyrylýan türkmen gazynyň mukdary her ýylda 30 milliard kubometr bolmalydy. Munuň netijesinde 2009-njy ýylyň dekabrynda Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý gazgeçirijisi gurlup, ulanylmaga berildi. Deslapky planlara görä, 2015-nji ýyla çenli, bu gazgeçiriji doly güýjünde işläp başlamaly diýlip, habar berilýär.

Ikinji gazgeçiriji

Bu aralykda Pekiniň türkmen gazyny Hytaýa import etmek boýunça ikinji proýektiň üstünde iş alyp barýandygy habar berilýär. Owganystanyň prezidentiniň edarasyndan gowşan maglumata görä, Hamid Karzaý Pekine edýän saparynyň çäklerinde Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan-Hytaý gazgeçiriji proýektine özüniň goldawyny bildiripdir.

Şeýle-de maglumatda prezident Karzaýyň ýurduň magdanlar ministrine Hytýyň Milli nebit korporasiýasy bilen baglaşmaly ylalaşygyň proýektini taýýaralamak boýunça görkezme berendigi nygtalýar. Emma häzirlikçe bu gürrüňi gidýän proýektiň jikme-jigi barada takyk maglumatlary alyp bolmady.

Şol bir wagtyň özünde türkmen prezidenti Pekine edýän saparynyň çäklerinde özüniň hytaýly kärdeşi Hu Jintao bilen hem gepleşik geçirdi. Duşuşygyň dowamynda Berdimuhamedow iki ýurduň özara söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösüşine uly baha berip, Türkmenistanyň daşarky söwda dolanyşygynyň umumy möçberi boýunça Hytaýyň birinji orunda durandygyny aýtdy.

Türkmenistan-Hytaý söwda dolanyşygynyň möçberi barada takyk resmi maglumatlar ýok. Emma, “Trend” habar agentliginiň berýän maglumata görä, häzir Türkmenistanda Hytaýyň 37 kärhanasy umumy bahasy 4,5 milliard dollarlyk proýektleri alyp barýar. Bu şirketleriň esasan nebit-gaz pudagynda işleýändikleri bellenýär.

Pekiniň täsiri

Käbir ekspertleriň pikiriçe, bu ýagdaý esasan ýangyç serişdelerine bagly bolan Türkmenistanyň ykdysady taýdan Pekiniň täsirine düşmegine sebäp bolýar. Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa Monitoring programmasy (EUCAM) ýakynda çap eden hasabatynda Hytaýy Merkezi Aziýa sebitiniň “ümsüm söwdagäri” diýip atlandyrypdy.

“Merkezi Aziýada Hytaýyň iş alyp barýandygy barada köp gürrüň eşitmersiňiz, emma Pekiniň regionda juda uly täsiri bar” diýip, guramanyň başlygy Ýos Bunstra gürrüň berdi. “Hytaýyň alyp barýan işleri, esasan, ösüş programmalaryna gönükdirildi. Ýewropa Bileleşiginden tapawutlykda, Pekin Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hökümetlerini özgertjek ösüş programmalaryny alyp baranok. Muňa derek Hytaý infrastrukturany ösdürmek bilen has köp meşgullanýar.”

Türkmenistanyň Hytaýa akdyrýan gazynyň mukdaryny artdyrmagynyň Aşgabat üçin energiýa serişdeleriniň diwersifikasiýasy ugrunda oňaýly ädim bolandygy aýdylýar. Energiýa serişdelerine seredýän “FSU Oil and Gas Monitor” neşiriniň redaktory Jenifer DeLeý hem şeýle pikirde.

“Bu gürrüňsiz Türkmenistanyň bähbidine boldy. Hytaý Türkmenistan üçin belli bir derejede täze bazar” diýip, Jenifer DeLeý Azatlyk Radiosyna aýtdy. “Mundan ozal Aşgabat energiýa serişdeleriniň eksporty boýunça Orsýete baglydy. Eýrana hem uzaýan kiçiräk gazgeçirijiler bar. Emma Hytaýyň Türkmenistanyň energiýa serişdeleri üçin uly bazar boljakdygy görnüp dur”.

Häzirki hereket edýän Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý gazgeçirijisi Amyderýanyň sag kenaryndaky “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn sebitinden alynýan gaz bilen üpjün edilýär.