Türk olimpiýadasynyň aýdym finalynda türkmen okuwçysy ýeňiji boldy

Ruslan Annamämmedow

Halkara Türk dili olimpiýadalarynyň 5-nji iýunda geçirilen aýdym finalynda Türkmenistandan Ruslan Annamämmedow birinji orny eýeledi. Ol Ibrahim Tatlysesiň “Gülüm benim” aýdymyny ýerine ýetirdi.

Azerbaýjandan Sema Soltanowa "Gönül ýarasy" aýdymy bilen ikinji ýere, Indoneziýadan Patton Otliwio Latupeirissa bolsa "Anadolu türküsü" aýdymy bilen üçünji ýere mynasyp boldy.

Halkara Türk dili Birleşigi tarapyndan 10-njy gezek gurnalan Halkara Türk dili olimpiýadalarynyň çägindäki “Aýdymyň ýyldyzlary” bäsleşiginiň final tapgyryna Türkiýäniň turizm we medeniýet ministri Ertugrul Günaý, Ýewropa Bileleşigi boýunça ministri Egemen Baryş we bilim, senagat we tehnologiýa ministri Nihat Ergün hem gatnaşdy.

http://www.youtube.com/embed/aNIm5nmCvyg
Wideo: Ruslan Annamämmedow "Gülüm benim" aýdymyny ýerine ýetirýär.

135 ýurtdan gelen olimpiýadaçylaryň arasynda ýeňiş gazanan Ruslan Annamämmedowa baýragy ýurduň Ýewropa Bileleşigi boýunça ministri Egemen Baryş we aýdymçy Kaýahan gowşurdy.

Stambulyň Sinan Erdem sport salonynda geçirilen Türk dili olimpiýadalarynyň aýdym finalyna 15 müňe golaý adam, şol sanda medeniýet we sungat işgärleri, syýasatçylar hem-de iş dünýäsiniň tanymal wekilleri tomaşa etdiler diýlip habar berilýär.

Programmanyň soňunda žuri agzalary, çagalar we ýurduň ýokary derejeli resmileri bilelikde sahna çykyp, olimpiýadanyň “Täze bir dünýä” aýdymyny ýerine ýetirdiler.

Bu ýylky ýaryşlar 30-njy maýda başlandy we 14-nji iýunda tamamlanýar.