30-njy maýda Aşgabatda geçirilen GDA guramasynyň hökümet baştutanlarynyň duşuşygynyň çäginde birnäçe ikitaraplaýyn gepleşikler hem geçirildi. Şeýle gepleşikleriň biri Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedewiň arasynda boldy. Taraplar ýurtlaryň aragatnaşyklarynyň ösýänligini aýtdylar.
Türkmenistanyň we Orsýetiň hökümet baştutanlary 30-nji maýda Aşgabatda geçiren ikitaraplaýyn duşuşyklarynda ýurtlaryň özara gatnaşyklarynyň batly ösýänligini nygtadylar. Olaryň bellemegine görä, ösüş ilkinji nobatda ykdysady hyzmatdaşlyga degişli.
Türkmenistanyň hökümet we döwlet batutany Berdimuhamedow bu ösüşiň ýylyň birinji çärýegine degişli statistiki sanlar bilen tassyklanýanlygyny belledi.
Resmi maglumatlara görä, Türkmenistanyň üç aýa degişli haryt dolanyşygynyň umumy mukdarynda Orsýet 3-nji orny eýeläpdir we iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberi 1 milliard 235 milliondan aşypdyr.
2011-nji ýylda ýurtlaryň haryt dolanyşygy 4.3 milliard dollardan ybarat bolupdy. Emma 2009-njy ýylda ýurtlaryň özara haryt dolanyşygynyň derejesi mundan has ýokary bolup, 5.5 milliard dollardan aşypdy.
Şol bir wagtda-da ýurtlaryň ykdysady hyzmatdaşlygynyň batlanýanlygyny we haryt dolanyşygynyň ösýänligini Orsýetiň hökümet baştutany Dmitriý Medwedew hem belledi.
Gaz söwdasy
Aşgabatdaky gepleşiklerde energiýa meselesi hem maslahat edildi. Resmi maglumatlarda energiýa serişdeleriniň eksportynyň howpsuzlygy meselesiniň gozgalanlygy habar berildi.
Gaz söwdasy Türkmenistan bilen Orsýetiň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biridir. Ýurtlaryň arasynda gaz söwdasy boýunça 2003-nji ýylda baglaşylan 25 ýyllyk ylalaşyk bar. Muňa garamazdan, 2010-njy ýyldan bäri Orsýetiň Türkmenistandan satyn alýan gazynyň möçberi çürt-kesik azaldy. Käbir maglumatlarda ýylda 10 milliard kubometr möçberdäki sanlar agzalýar we 2008-nji ýylyň görkezijileri bilen deňeşdirilende munuň çak bilen 4 esse azdygy aýdylýar.
Resmi maglumatlara görä, Türkmenistanda Orsýetiň maýa goýumlarynyň gatnaşmagynda 180-den gowrak kärhana hasaba alnyp, ýüzden gowrak inwestision proýekt amala aşyrylýar.
Orsýetiň “Itera” we “Zarubežneft” kompaniýalary Türkmenistanyň Hazar deňzindäki gaz ýataklarynda özleşdiriş işlerini alyp barýarlar.
“Uzaga çeken mesele”
Şol bir wagtda-da Aşgabatdaky duşuşykda hökümet baştutanlary Türkmenistan bilen Orsýetiň arasyndaky gatnaşyklaryň köptaraplaýyn häsiýetde ösýänligini bellediler.
Türkmenistan bilen Orsýetiň arasyndaky gatnaşyklaryň soňky döwürde aktiwleşenligini regional bilermenler hem belleýärler. Moskwadaky GDA Institutynyň analitigi Andreý Grozin Orsýetde häkimiýet çalşansoň Kremliň syýasatynyň Türkmenistan üçin has aýdyň görünýän bolmagynyň mümkindigini çak edýär we Aşgabat bilen Moskwanyň arasyndaky dialogyň aktiwleşmeginiň şunuň bilen bagly bolmagynyň mümkindigini aýdýar.
Groziniň pikiriçe, ýurtlar üçin özara bähbitli esasy mesele gaz söwdasyna bagly bolup galýar. Orsýet Türkmenistandan satyn alýan gazynyň möçberini artdyrmak, emma bahasyny azaltmak isleýär. Türkmenistan bolsa öz gazyny Orsýetiň üstünden geçýän gazgeçirijiler arkaly halkara bazarlaryna çykarmak mümkinçiligine eýe bolmak isleýär diýip, bilermen belleýär.
Grozin Berdimuhamedow bilen Medwedewiň Aşgabatdaky duşuşygy “petige direlip, uzaga çeken gaz ugrundan gepleşiklere itergi bermegi göz öňünde tutan bolmagy mümkin” diýip belledi.
GDA döwletleriniň indiki ýokary derejeli duşuşygy şu ýylyň sentýabr aýynda Ukrainanyň Ýalta şäherinde döwlet baştutanlary derejesinde geçiriler.
2012-nji ýylda Türkmenistan GDA guramasyna baştutanlyk edýär. Ýylyň dowamynda GDA guramasynyň çäginde dürli derejelerde jemi 31 çäräniň geçirilmeginiň göz öňünde tutulýanlygy we olaryň 10-a golaýyny Türkmenistanda geçiriljekdigi habar berilýär.