Putin Belarusa hem Ýewropa sapar edýär

Prezidentlik wezipesine 7-nji maýda girişen Putin şu aýyň başynda Waşingtonda geçirilen senagat taýdan ösen sekiz döwletiň sammitine barmandy.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin penşenbe güni Ýewropa saparyna başlaýar. Onuň bu saparyny Belarusdan başlap, soňra-da Germaniýa we Fransiýa barjakdygy habar berilýär. Orsýetde prezidentligiň üçünji möhletine saýlanan Putiniň ilkinji sapar bilen hut Belarusa, Germaniýa hem Fransiýa barmagynyň simwolik ähmiýetiniň bardygy aýdylýar. Sebäbi öňki Sowet giňişliginde bolan Belarus Orsýetiň güýçli täsiri astynda ýaşaýar. Fransiýa we Germaniýa bolsa Orsýetiň Ýewropadaky esasy hyzmatdaşlarydyr.
Penşenbe güni, 31-nji maýda Putiniň Minsk şäherine saparynyň planlaşdyrylandygy aýdylýar. 1-nji iýunda bolsa onuň Berline baryp, Germaniýanyň kansleri Angela Merkel bilen duşuşmagyna garaşylýar. Ondan soň bolsa Orsýetiň prezidenti Fransiýanyň täze saýlanan prezidenti Fransua Holland bilen Parižde duşuşar.

Prezidentlik wezipesine 7-nji maýda girişen Putin şu aýyň başynda Waşingtonda geçirilen senagat taýdan ösen sekiz döwletiň sammitine barmady. Şonuň üçin häzirki planlaşdyrylýan duşuşyk, onuň Fransiýanyň prezidenti bilen ilkinji duşuşygy bolar diýlip garaşylýar.

Minskde Putiniň Lukaşenko bilen duşuşygynda goňşy ýurtlar bilen ykdysady integrasiýa meselesiniň gozgalmagyna garaşylýar.

Geçen ýyl Orsýet, Belarus we Gazagystan Ýewraziýa ykdysady birleşigini döretmek barada ylalaşypdylar. Öňki Sowet respublikalaryny birikdirmegi göz öňünde tutýan bu guramanyň Ýewropa Bileleşiginiň stilinde dörediljekdigi aýdylypdy.

Kremliň metbugat wekiliniň aýtmagyna görä, Minskdäki bu duşuşykda ykdysady kynçylyklary başdan geçirýän Belarusa ýardam bermek meselesi hem gozgalar.

Ýewropa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň Lukaşenkonyň režimine garşy girizen sanksiýalary Belarusyň ykdysady problemalaryny has hem ýitileşdirdi. Şol çäklendirmeleriň hatarynda Belarusyň bu ýurtlardaky bank hasaplarynyň we emläginiň doňdurylmagy ýaly çäreler hem bar.

Putiniň Angela Merkel bilen planlaşdyrýan duşuşygynda Orsýet bilen ÝB-niň söwda hem energiýa gatnaşyklary barada gürrüň edilmegine garaşylýar. Iki ýurduň liderleri Siriýadaky ýagdaý babatda gepleşik geçirer diýlip çaklanýar.

Häzir Siriýada ýüzlerçe adamyň zorlugyň pidasy bolýandygyna garamazdan, Damaskyň arkasyny tutýan Moskwa Başar al-Assadyň režimine garşy berk sanksiýalaryň girizilmegine garşy çykýar. Germaniýa bolsa Assadyň režimine garşy çykýan Günbataryň tarapyny tutýar.

Öňki Gündogar Germaniýada bäş ýyl KGB-niň agenti bolup işlän Wladimir Putiniň kommunistik režime garşy hereket eden hukuk goraýjy aktiwist, Germaniýanyň häzirki prezidenti Ýoahim Gauk bilen duşuşmagyna garaşylýar.

Prezident Putiniň Fransiýanyň prezidenti Fransua Holland bilen duşuşygynda ýewro zolagyndaky bergi krizisi, özara söwda hem energiýa gatnaşyklary, Siriýadaky ýagdaý bilen bagly gepleşikleriň geçirilmegine garaşylýar.