30-njy maýda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi geçirildi. Sammitde regiondaky ykdysady hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.
Orsýet GDA döwletleriniň durnukly we howpsuz ösüşi üçin has ýakyn ykdysady hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtady. Orsýetiň hökümet baştutany Dmitriý Medwedew özara söwdanyň ykdysadyýetleriň ýagdaýyny görkezýänligini bellemek bilen, 2011-nji ýylda GDA döwletleriniň özara söwdasynyň 36% ýokarlanyp, 300 milliard dollara ýetenligini aýtdy.
GDA-nyň Aşgabatdaky sammitinde ençeme dokumentlere gol goýuldy. Resmi maglumatlara görä, GDA-nyň hökümet baştutanlary regionda maliýe hyzmatlarynyň bazaryny liberallaşdyrmak Konsepsiýasyna we GDA döwletleriniň bütewi walýuta bazaryny döretmek boýunça hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşyga gol goýupdyrlar.
Gol çekilen dokumentleriň ýene biri GDA-nyň elektroenergiýa bazarynyň netijeliliginiň ösdürilmegini we energiýa söwdasynyň giňeldilmegini göz öňünde tutýar.
Döwletleriň arasynda senagat ugrundan hyzmatdaşlyk boýunça hem ylalaşyga gol çekildi. Bu ylalaşyk GDA döwletleriniň senagat syýasaty boýunça geňeşiniň döredilmegini göz öňünde tutýar. Sammitde GDA-nyň harby güýçleriniň inženerlik üpjünçiligi boýunça hyzmatdaşlyk barada hem ylalaşyldy.
Aşgabatdaky duşuşykda guramasynyň hökümet baştutanlarynyň garamagyna ýurtlaryň arasynda ösen tehnologiýalar, energetika, gidrometeorologiýa, sosial we maliýe pudaklar, sport we harby syýasat boýunça hyzmatdaşlyga degişli jemi 30-a golaý dokumentleriň proýektleri hödürlendi diýip, GDA-nyň ýerine ýetiriji komiteti habar berýär.
Türkmenistanyň orny
Türkmenistan şu ýyl Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna baştutanlyk edýär. 2005-nji ýylda guramanyň hemişelik agzalygyndan çykyp, onuň düzüminde assosirlenen agza hökmünde galmak kararyny yglan eden Türkmenistan soňky ýyllarda bu regional guramanyň çägindäki aragatnaşyklaryny güýçlendirdi we bu gatnaşyklaryny mundan beýläk ýene-de ösdürmek niýetini yglan etdi.
GDA-nyň sammitiniň öňüsyrasynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow guramanyň çägindäki hyzmatdaşlygyň “Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasy üçin kesgitleýji ugurlaryň biri bolup durýanlygyny” belledi we ýurduň GDA-nyň işlerine aktiw gatnaşyp, köptaraplaýyn hem ikitaraplaýyn görnüşde netijeli aragatnaşyklary ösdürmekçidigini aýtdy. Emma ol Türkmenistanyň GDA-nyň çägindäki işlerini assosirlenen statusynda amala aşyrjagyny mälim etdi.
GDA-nyň sammitinden daşgary türkmen tarapynyň GDA-nyň ençeme ýurtlarynyň hökümet baştutanlary bilen ikiçäk duşuşyklary hem boldy. Berdimuhamedow hususan-da Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň, Orsýetiň, Täjigistanyň we Ukrainanyň hökümet baştutanlary bilen duşuşdy diýlip, habar berilýär.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy guramasy 1991-nji ýylyň dekabr aýynda esaslandyrylypdy. Baş edarasy Belarusyň paýtagty Minskde ýerleşýän bu guramanyň düzümine 11 ýurt girýär.