BMG-niň sudy Çarlz Teýlory 50 ýyl tussaglyga höküm etdi

Çarşenbe güni BMG-niň sudy Liberiýanyň ozalky prezidenti Çarlz Teýlory uruş jenaýatçylygynda günäli tapyp, ony 50 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Hususan-da, sud Çarlz Teýlory Afrikanyň Sierra-Leon döwletinde 10 ýyla golaý dowam eden gandöküşiklikde bikanun ýaragly toparlara ýardam berenlikde aýyplady we ony uruş jenaýatçylygynyň 11 punkty boýunça günäli diýip tapdy.

Sierra-Leonda 2002-nji ýylda tamamlanan şol ýaragly hüjümlerde jemi 50 müňden gowrak adamyň ölendigi aýdylýar. 64 ýaşly Çarlz Teýlor Ikinji Jahan urşundan soň uruş jenaýatçylygynda aýyplanyp, jeza berlen ilkinji döwlet lideridir.