Ady arzyly Aman aýdymçy

"Aman aýdymçy Owganystandan daşaryk çykmadyk aýdymçy bolsa-da, häzirki wagt internet tehnikasynyň üsti bilen onuň aýdymlary dünýä türkmenleriniň arasyna giňden ýaýran".

Asly Demirgazyk Owganystanyň Anthoý welaýatyndan bolan Aman aýdymçy Owganystanda “Aman däli” lakamy bilen giňden tanalýar. Oňa “Aman Anthoýy” hem diýýärler.

Ol Owganystandan daşaryk çykmadyk aýdymçy bolsa-da, häzirki wagt internet tehnikasynyň üsti bilen onuň aýdymlary dünýä türkmenleriniň arasyna giňden ýaýran. Internetiň bar ýerinde Amanyň ýazgylaryny tapmak hem diňlemek mümkin.



Elbetde, häzirki döwürde türkmenleriň arasynda aýdymçy-da, sazanda-da az däl. Ýöne Owganystandan şeýle adymçynyň ýetişmegi aýratyn guwandyryjy. Aman bagşy mylaýym sesli, aýdýan aýdymy bilen hereketi gelşip duran aýdymçy.

Amanyň diňleýjileriniň köprägi ýaşlar bolsa-da, uly ýaşdaky diňleýjilerem onuň zehinine sarpa goýýarlar. Sebäbi onuň aýdymlary köp hem dürli ýaşdaky diňleýjilere niýetlenen.

Azatlyk Radiosy Aman bagşynyň gazanan abraýy hem döredijilik ýoly barada onuň bilen gürrüňdeş boldy.

Şu baradaky ýörite gepleşigi diňlemek üçin, şu ýere basyň:

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Ady arzyly Aman aýdymçy