Çarşenbe güni Müsürde iki günläp geçirilýän prezident saýlawlarynyň birinji tapgyry başlandy. Bu Müsüriň uzak wagtlap häkimiýet başynda oturan Hosni Mubaregiň “Arap baharyndaky” gozgalaňlarda wezipesinden agdarylmagyndan 15 aý soň geçirilýän ilkinji saýlawdyr. Eger-de 12 dalaşgäriň hiç biri sesleriň zerur bolan 50 prosentini gazanyp bilmese, iň köp ses gazanan iki dalaşgär 16-17-nji iýunda geçiriljek saýlawlaryň ikinji tapgyrynda bäsleşerler. Onuň netijesi 21-nji iýunda belli ediler.
Nähili çaklamalar bar?
Çarşenbe we penşenbe günleri geçirilýän prezident saýlawlarynyň netijeleri baradaky çaklamalaryň hiç biri ynamdar görkeziji hasaplanmaýar. Munuň sebäbi ses berişlikden öň geçirilen pikir soralyşykda saýlawçylaryň kime ses berjekdiklerini anyklamandyklary bilen düşündirilýär.
Mubarekden soňky geçiş döwründe we geljekde ýurduň syýasy durmuşyny dolandyrmak isleýän dürli toparlardan dördüsi öňe saýlandy.
“Halkara Karnegi fondunyň” uly işgäri Marina Ottaweý häkimiýet ugrundaky göreşi dört taraplaýyn göreş diýip häsiýetlendirýär.
“Biz häzire çenli geçiş döwrüniň ortasynda durus. Bu geçiş döwri harbylar bilen köne režimiň wekilleriniň, yslamçy partiýalaryň, dünýewi partiýalaryň we köçedäki protestçileriň arasyndaky dört taraplaýyn göreşe ýazdy. Bu dört syýasy toparyň arasynda örän ägyr göreş gidýär” diýip, Ottaweý aýdýar.
Başda saýlawlara gatnaşmak üçin 20 töweregi kandidat hödürlendi, ýöne olaryň 10-sy aprel aýynda Prezident saýlawlary boýunça ýokary komissiýasy tarapyndan çetleşdirildi, beýlekileri, şol sanda Nobel baýragynyň eýesi Muhammad ElBaradeý bäsleşikden çykdy.
Öňe saýlananlaryň ikisi yslamçy topara degişli, beýleki iki dünýewi kandidat bolsa Mubaregiň döwründe ministr wezipesinde işläpdi.
Öňe saýlanan yslamçy kandidatlar kimler?
Pikir soralyşygynyň netijesine görä, “Musulman doganlygy” atly toparyň ozalky agzasy Abdel Moneim Abul Fotouh iň öňde barýan kandidat hasaplanýar.
Salafilere garanda aram yslamçy hasaplanýan Fotouhyň 2011-nji ýylyň ýanwarynda Müsüriň Ýokary sudunyň ýanynda ýüz beren gozgalaňyň ilkinji gününde protestçilere goşulmagy oňa rewolýusiýa meşhurlygyny getirdi.
“Musulman doganlygyndan” bolan beýleki kandidat Muhammad Morsy Mubarek agdarylanyndan soň döredilen “Azatlyk we adalat” partiýasynyň ilkinji agzalarynyň biri bolupdy.
Öňde barýan dünýewi kandidatlar kimler?
Arap Ligasynyň ozalky başlygy, garaşsyz kandidat, halkara diplomatik meşhurlygy bilen tanalýan Amr Moussa dünýewi kandidatlaryň lideri hasaplanýar.
Moussa 2001-2011-nji ýyllar aralygynda Arap Ligasynyň baş sekretary bolup işläpdi. Ol 1991-2001-nji ýyllar aralygynda Müsüriň daşary işler ministri, şeýle hem BMG-de, Hindistanda we Şweýsariýada Müsüriň ilçisi wezipelerini eýeläpdi.
Londonda ýerleşýän “Chatham house” guramasynyň Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika boýunça programmasynyň administratory Luiza Lowlak saýlawlar barada syn ýazdy. Ol bu synynda Moussa “dowamly syýasy ynamsyzlykdan howtyrlanýan saýlawçylara” ýüzlendi diýip ýazýar. Moussanyň saýlaw kampaniýasyndaky çykyşlarynyň Mubaregiň režiminde ulanylan asudalyk baradaky sözler bilen tapawutlanýandygyna Lowlak ünsi çekýär.
Mubarek agdarylanyndan soň Müsüri dolandyran güýçli Harby geňeş Ahmed Şafigiň kandidaturasyny goldapdy. Şafik Mabaregiň döwründe iň soňky premýer-ministr bolan adam. Ol bu wezipesinde diňe bir aý işläpdi. Mundan ozal ol 40 ýylyň dowamynda Müsüriň howa güýçleriniň başlygy bolupdy. Şafigiň kandidaturasy aprel aýynda Prezident saýlawlary boýunça ýokary komissiýa tarapyndan ýatyrylypdy.
Köçe protestçileri näme isleýär?
Mubarek häkimiýetden agdarylanyndan soň, köçelerde demonstrasiýalaryny dowam etdirýän ýaşlar köne režimden galan ähli wekilleri häkimiýetden aýyrmaly diýýärler.
Şeýle hem, ýaşlaryň köpüsi Mubarek agdarylanyndan soň häkimiýeti eline alan Müsüriň Harby geňeşi 2011-nji ýylda bolan gozgalaňy basyp ýatyrdy diýip, şikaýat edýärler.
Kandidatlaryň ählisi Mabarek agdarylanyndan bäri köçelerde ýüze çykýan jenaýatlary basyp ýatyrmaklyga söz berdiler.
Dürli ideologiýaly toparlardan bolan saýlawçylary özlerine çekmek isleýän kandidatlar ýurduň ykdysadyýetini ösdürmek üçin iş ýerlerini döretmekligiň zerurlygy baradaky meseläni galdyrdylar.
Şeýle hem, ýurtda ähli müsürlileriň birleşmegine çagyryş edýän demonstrasiýalar liberallar tarapyndan gurnaldy.
Häkimiýet başyndaky Harby geňeş näme isleýär?
Synçylaryň aýtmaklaryna görä, Müsüriň Harby geňeşi syýasy geçiş döwründe perdäniň arkasyndaky roluny saklamak isleýär. Olar harby býujete graždan hökümetiniň gözegçilik etmegini hem islemeýärler.
Şeýle ýagdaýda Mubarek agdarylanyndan soň ýatyrylan konstitusiýanyň deregine täze konstitusiýany döretmek prosesine gözegçilik etmäge prezident ýardam berip bilerdi.
Täze konstitusiýany düzýän deputatlaryň dargadylmagy bilen, bu proses häzir gijä galýar. Şol sebäpden hem, Müsürde şerigat kanunynyň näderejede berk boljakdygy nämälim bolmagynda galýar.
Saýlawlardan soň prezidentiň nähili dolandyryjy güýjüniň boljakdygy hem nämälim bolmagynda galýar.