Saýgaklaryň ölümine näme sebäp bolýar?

Saýgaklar esasan Gazagystanda we Orsýetiň Galmygystan respublikasynda duş gelýär. Olaryň Özbegistanda we Türkmenistanda hem görlendigi habar berilýär.

Şu hepde Gazagystanda ýüzlerçe saýgagyň ölmegine Halkara kosmos stansiýasynyň “Soýuz” kosmos gämisi sebäp boldumy?

Käbir ekologlar şeýle pikir edýärler, emma alymlar we Gazagystanyň resmileri muňa şübheli garaýarlar.

Resmiler Gazagystanyň demirgazygyndaky Kostanaý regionynda 21-nji maýdan bäri azyndan 543 saýgagyň maslygynyň tapylandygyny mälim etdiler. Bu maglumat nesli barha azalyp barýan bu haýwan görnüşiniň köpçülikleýin ölümi baradaky soňky habardyr.

Olaryň maslygynyň 120-siniň Sorşa obasynyň, ýagny aprel aýynda ors-amerikan kosmonawtlaryny Halkara kosmos stansiýasyndan alyp gelen “Soýuz” gämisiniň gonan ýerinde tapylmagy haýwanlaryň ölümine kosmos gämisinden galan himiki maddalaryň sebäp bolan bolmagynyň mümkindigi baradaky çaklamalary güýçlendirdi.

Ekolog Musagali Duambekow Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugyna beren interwýusynda saýgaklaryň gyrylmagynyň merkezi Gazagystandaky “Baýgoňur” kosmodromy bilen baglanyşykly bolmagynyň mümkindigini öňe sürdi.

“Meniň şahsy pikirime görä, bu waka adam hereketleri, antropogen faktorlar bilen baglanyşykly bolmaly” diýip, Duambekow aýdýar. “Muňa şu ýerleriň ýokarsyndan uçup geçýän kosmos raketalaryndan ýaýraýan himiki elementleriň sebäp bolýan bolmagy mümkin. Olar juda zyýanly”.

Öňki ýyllarda gazaklar “Baýgoňur” kosmodromyndan kosmos gämilerini uçurmak üçin ulanylýan ýangyçdaky zäherli elementleriň daşky gurşawyň zaýalanmagyna we regionyň howasynyň zäherlenmegine getirýändigini aýdypdylar.

Muňa garamazdan, 2010-njy ýylyň maý aýynda Gazagystanyň demirgazygynda 12,000 saýgagyň, 2011-nji ýylyň maý aýynda bolsa ýene 450 saýgagyň maslygy tapylan hem bolsa, olaryň “Baýgoňurdaky” uçuryşlar bilen baglanyşygy barada hiç hili resmi beýanat edilmedi.

Saýgaklaryň ölümi


Bu aralykda, Gazagystanyň Oba hojalygy ministrligi saýgaklaryň şu hepdeki ölümi bilen bagly geçirilýän barlaglaryň netijeleriniň iki hepdäniň dowamynda mälim ediljekdigini habar berdi.

“Biziň ähli hünärmenlerimiz wakanyň bolan ýerinde laboratoriýa analizleri üçin derňew geçirýärler” diýip, Kostanaý Oblastynyň Tokaý hojalygy we awçylyk edarasynyň başlygy Marat Begimbetow aýtdy. “Saýgaklaryň ölümine nämäniň sebäp bolandygyny anyklamak zerur. Häzire çenli 543 saýgagyň maslygy tapyldy, emma olar has hem köp bolup biler”.

Emma garaşsyz barlagçylar saýgaklaryň köpçülikleýin ölüminiň “Baýgoňur” ýa-da Halkara kosmos stansiýasynyň kosmos gämileri bilen baglanşygyna şübheli garaýarlar.

Resmiler Gazagystanyň demirgazygyndaky Kostanaý regionynda 21-nji maýdan bäri azyndan 543 saýgagyň maslygynyň tapylandygyny mälim etdiler.

Saýgaklaryň gorap saklanmagy boýunça bileleşigiň ýolbaşçysy Elanor Milner-Gulland şu hepde tapylan saýgaklaryň ölümine mundan öňki şeýle köpçlülikleýin ölümlere sebäp bolan siňdiriş näsazlygynyň, ýagny olaryň ýokumly we ýazlyk gök otlary çenden aşa köp iýmekleriniň sebäp bolandygyny çak edýär.

“Soňky iki ýylda bolan şeýle wakalar hem edil şeýle möwsümde bolupdy” diýip, Milner-Gulland aýdýar. “Soňky iki ýyldaky ölümleriň iým bilen baglanyşykly bolmagynyň mümkindigi bolsa görnüp duran zat. Şonuň üçin, kosmos gämisiniň ýangyjy bilen bagly çaklamalary derňemeli hem bolsak, ol birnäçe potensial sebäpleriň diňe biridir”.

Milner-Gulland ölen saýgaklaryň köpüsiniň urkaçy bolmagynyň özünde bar bolan düşündirişe gabat gelýändigini hem aýdýar.

“Urkaçy saýgaklar guzlanda iýmite has köp mätäçlik çekýärler, sebäbi olar süýt toplamaly, owlaklaryny emdirmeli” diýip, Milner-Gulland aýdýar. “Şonuň üçin olar ýokumly ot gözleýärler, urkaçy saýgaklaryň has köp ejir çekmeginiň sebäbi şol. Soňra olaryň owlaklary köplenç açlykdan ölýärler”.

Saýgaklar esasan Gazagystanda we Orsýetiň Galmygystan respublikasynda duş gelýär. Olaryň Özbegistanda we Türkmenistanda hem görlendigi habar berilýär.

1980-nji ýyllarda 1 milliondan gowrak saýgak bardy, emma olaryň sany 10 ýylyň dowamynda 90 prosentden gowrak azaldy.