TOPH ylalaşygyna gol goýlar

(çepden saga) Pakistanyň prezidenti Asif Ali Zardari, Hindistanyň nebit we gaz ministri Murli Deopra, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý TOPH boýunça baglaşylan şertnamadan soň, Aşgabat, 11/12/10.

Şu hepde Türkmenistanyň TOPH, ýagny Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gazgeçirijisiniň proýekti boýunça ylalaşyga gol goýmagyna garaşylýar. TOPH gazgeçirijisiniň üsti bilen türkmen gazyny Owganystan üstaşyr Pakistana we Hindistana akdyrmak göz öňünde tutulýar.

Tebigy gaz resurslaryna baý Türkmenistanyň çarşenbe güni TOPH proýekti boýunça gazyň satyn alyş we satyş ylalaşygyna gol goýmakçy bolýandygy baradaky maglumatlar halkara habar serişdelerinde peýda boldy.

Adyny bermekden saklanan türkmen resmisiniň sözlerine salgylanyp, “Reuters” habar agentliginiň berýän maglumatyna laýyklykda, Türkmenistan bilen bir hatarda, Pakistanyň we Hindistanyň-da gol goýjak ylalaşygy “Awaza” syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Halkara gaz konferensiýasynyň dowamynda baglaşylar.

Habarda türkmen resmisiniň ylalaşygyň anyk mazmuny barada maglumat bermändigi aýdylýar. Emma ekspertler gol goýuljak resminamada akdyrylmagy göz öňünde tutulýan gazyň bahasy we tranzit ýollary ýaly şertleriň kesgitleniljekdigini öňe sürýärler.

Halkara “IHS Global Insight” ykdysady ylmy-barlaglar merkeziniň spesialisti Lilit Giworgenýan baglaşylmagy göz öňünde tutulýan ol şertnamanyň TOPH proýetkti boýunça anyk işlere girişilmeginiň “başlangyç nokadynyň” boljakdygyny Azatlyk Radiosyna aýtdy.

“Mundan öň diňe deslapky şertler barada gürrüň edilen bolsa, häzir anyk düzgün-tertipler kesgitlenilýär” diýip, Lilit aýtdy. “Ýagny, gazyň bahasy, tranzit nyrhlar, proýektiň maliýeleşdirilmegi ýaly şertler anyklanar. Garaz, bir söz bilen aýdylanda, bu mundan ozalky gelnen ylalaşyklaryň jemleýjisi bolar”.

Birleşen Ştatlar tarapyndan goldanylýan TOPH proýekti baradaky ilkinji gürrüňler 1990-njy ýyllaryň ortalarynda peýda bolupdy. Emma aradan 20 ýyl çemesi wagt geçse-de, proýektiň gurluşygy heniz hem başlananok.

Ýylda 33 milliard kubometr

Proýektiň amala aşmagy boýunça öňegidişlik hökmünde geçen hepdede Hindistanyň hökümeti döwlet tarapyndan dolandyrylýan “GAIL Ltd” gaz şirketine Türkmenistan bilen gaz ylalaşygyny baglaşmaga ygtyýar berdi.

Türkmen resmileri 1,735 km uzynlykda bolar diýlip garaşylýan gazgeçirijiden 30 ýylyň dowamynda 1 trillion kubometr, ýagny ýylda 33 milliard kubometr gazyň akdyryljakdygyny aýdýarlar.

Gazgeçirijiniň 735 kilometri Owganystanyň Hyrat we Gandagar welaýatlaryndan geçmeli. Ekspertleriň pikiriçe, bu öz gezeginde belli bir howpsuzlyk meseleleriniň zerurlygyny döredip biler.

Mart aýynda ABŞ-nyň resmileri gazgeçirijiniň gurulmagy üçin 10-12 milliard dollar aralygynda pul serişdeleriniň çykmagynyň mümkindigini çaklapdylar. Döwlet departamentiniň Ýewraziýa energiýasy boýunça ýörite wekiliniň uly kömekçisi Daniel Stein ABŞ-nyň iki kompaniýasynyň proýekte gatnaşmaga isleg bildiriýändigini-de mälim edipdi.

Türkmenistan TOPH proýektini özüniň “Galkynyş”, ozalky ady “Günorta Ýolöten” sebitindäki ýataklaryndaky tebigy gazy bilen üpjün etmegi göz öňünde tutýar. “Gaffrey, Cline & Associates” audit kompaniýasy bu ýerdäki gazyň möçberini 13,1-21,2 trillion kubometr aralygynda diýip kesgitläpdi. Bu hem, audit kompaniýasynyň öňe sürmegine görä, dünýädäki ikinji uly gaz gorydyr.

Geçen hepde Hindistanyň hökümeti TOPH gazgeçiriji proýektiniň 2018-nji ýylda işläp başlajakdygyny aýtdy. 18-nji maýda edilen beýanata görä, Hindistan bilen Pakistanyň her biri akdyryljak gazyň günde 38 million kubometrini alar, galan 14 million kubometrini bolsa Owganystan alar.

Bu aralykda, gowuşýan maglumatlara görä, Hindistanyň nebit ministri S.Jaipal Reddiniň ýobaşçylygyndaky we Pakistanyň nebit ministri Dr Asim Hussainiň baştutanlygyndaky delegasiýalar sişenbe güni Türkmenistana sapara ugrapdyrlar.