Türkmenistanda işewürler partiýasy döredilýär

Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň merkezi edarasy

Türkmen metbugaty Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary üçin bildiriş çap etdi. Onda şeýle diýilýär: “Syýasy partiýalar hakyndaky “Türkmenistanyň kanunynyň 11-nji maddasyna laýyklykda Türkmenistanyň telekeçileri tarapyndan döredilen guramaçylyk komitetiniň ýygnagynda Türkmenistanyň işewürler partiýasyny döretmek barada karar kabul edildi. Türkmenistanyň işewürler partiýasyna agzalyga isleg bildirýän telekeçilere arzalaryň kabul edilýändigini habar berýäris. Guramaçylyk topary”. Bildirişiň aşagynda habarlaşmak üçin Aşgabat şäherindäki we Ahal, Mary, Balkan, Daşoguz, Lebap welaýatlaryndaky telefonlar berlipdir.

Azatlyk Radiosyndan Nazar Hudaýberdi Türkmenistanda döredilýän täze partiýa bilen gyzyklanyp, Aşgabatda ýaşaýan ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen gürrüňdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Türkmen metbugatynda çap edilen bu bildirişden, döredilýän täze partiýadan habaryňyz barmy?

Amanmyrat Bugaýew: Hawa, bar. Köp zatlary anyklamaga-da ýetişdim. Men ýöriteläp bardym şol ýere. Ýerleşýän ýeri Aşgabat şäheriniň öňki Lenin, häzirki Saparmyrat Türkmenbaşy hem-de Aýtakow köçeleriniň çatrygynyň demirgazygynda, Senagatçylaryň we işewürleriň merkezi edarasynda ýerleşýär. On iki gatly jaýyň birinji gatynda-da agzalýan guramanyň hukuk bölümi bar. Bölüm müdiri gaty bir medeniýetli ýigit eken, Täşli Baýryýew diýýärler. Bardym, tanyşdym, ähli ýagdaýlary düşündirdi.

Azatlyk Radiosy: Işewürler partiýasyna diňe telekeçiler girmelimi ýa-da başga adamlaryňam girmäge, agza bolmaga haky barmy?

Amanmyrat Bugaýew: Bildirişde ýazylan senagatçylaryň hem işewürleriň partiýasynyň döredilýändigi. Men ýörite sorag berdim: “Munuň üçin ýörite senagatçy bolmalymy, işewür bolmalymy?” diýip. “Ýok, biz gurama hökmünde bir bada şonuň ähli çykdajylaryny öz üstümize alýarys. Şonuň üçin şeýleräk berildi. Ýöne islän adam agza bolup biler” diýdi maňa.

Azatlyk Radiosy: Amanmyrat, bu döredilýän partiýany syýasy partiýa atlandyrmak bolarmy?

Amanmyrat Bugaýew: Elbetde bolar, muny diňe gutlamaly. Sebäbi, ine, göz öňüne getireli, bize golaý hem tanyş ýurdumyz Türkiýe. Şu wagt Türkiýede ýüzden gowrak partiýa bar. Ýöne Türkiýede 1923-nji ýylda Türk respublikasy esaslandyrylandan on bäş ýyl çemesi soňra ikinji partiýa döredilipdi. Elbetde, bu döwlet syýasatynyň tarapdary partiýa bolar, döwlet syýasatyny wagyz edýän partiýa bolar. Ondan çekinmeli däl, bu gün şeýle partiýa dörän bolsa, ertir öz nukdaý nazary, özüniň pozisiýasy bolan partiýa dörär.

Azatlyk Radiosy: Bu partiýanyň maksady, planlary nämelerden ybarat? Bu barasynda gürrüň boldumy?

Amanmyrat Bugaýew: Hawa, esasy gürrüň ýurtda bazar ykdysadyýetine geçiş prosesini çaltlandyrmak hem-de işewürleriň hem olaryň müşderileriniň bähbidini goramak, şolar üçin iş şertlerini döretmek. Şu zatlaryň aladasy ediljek, özem maňa aýdyşlaryna görä, birbada döwlet derejesinde hem welaýat derejesinde täze partiýanyň komitetleri dörediljek, wagtyň geçmegi, agzalaryň artmagy bilenem her etrapda ilkinji guramalary hökman dörediljek şol partiýanyň. Diýmek, herekete geçiljek, öňe gitmeli-dä, ýöne doňup duranyňdan, öňe ädim ädeniň gowy.

Azatlyk Radiosy: Amanmyrat, indi şeýle bir sorag bar, bu işewürler partiýasyna girmegiň nähili şertleri bar hem oňa agza bolan adamlaryň nähili borçlary, nähili hukuklary bar? Bu dogrusynda informasiýa berdilermi?

Amanmyrat Bugaýew: Maňa diýlen gürrüň şeýle: meniň arzamy kabul etdiler hem-de şol gurultaýa, esaslandyryjy konferensiýamy ýa gurultaýmy, şonuň geçirilmeginiň öňüsyrasy, bolmanda bir hepde öňünden şu partiýa girmäge isleg bildirenleriň ählisine şu partiýanyň ustawynyň taslamasyny gowşurjaklar, wznosy hökman boljak. “Partiýa agzalygyň üçin hökman töleg tölemeli, ol näçe mukdarda boljak, kim haçan kabul edilende, kim nähili ýeňillikden peýdalanýar? Ustawyň taslamasyny gowşurarys, okarsyňyz, şu sowallaryň hemmesine jogap taparsyňyz” diýdiler.

Azatlyk Radiosy: Şol konferensiýa haçan hem nirede boljak?

Amanmyrat Bugaýew: Boljak ýer-ä Aşgabat şäheri, ýöne ol uzaga çekjek däl, niýetleri çaltlandyrmak, “Ýöne bir il-güne buşluk habaryny aýdyp goýmak niýetimiz ýok, işini ýola goýjak” diýdiler.