Tomsuň golaýmagy bilen Türkmenistanda ilatyň ondan-oňa gatnawy-da artýar. Ýolagçy otlularynyň gatnawy, transportyň bu görnüşinde ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň hili, otly biletleriniň satuwy bilen bagly meseleler bolsa uzak dowam edip gelýän problema bolmagynda galýar.
Azatlyk Radiosy şu mesele bilen baglanyşykly Mary welaýatyndan pensioner, Lebap welaýatynyň Amyderýa stansiýasynda otla bilet almaga synanyşyp oturan Muhammetýar aga bilen gürrüňdeş boldy.
Azatlyk Radiosy: Otly Marydan Lebaba gaýdanda bilet tapylýarmy?
Muhammetýar aga: Marydan gaýdanyňda tapylýar, Çärjewe-de tapylýar, Kerkä-de tapylýar. Amyderýa çenli, umuman, bilet tapylýar. Şol taýdan üç wagon gaýdýar. Biri Amyderýa gelýär. Ýene iki wagon öňem gatnaýardy. Häzir üç wagt gelýär şu taýyk. Olara bilet tapylýar. Bärden aňryk – Mara ýok.
Azatlyk Radiosy: Haçandan bäri Mara bilet ýok?
Muhammetýar aga: Aý, gaty kän wagtdan bäri ýok. Amyderýa geçd-ä wagon, şondan bäri Kerkiden-ä bilet alyp bolanok. Bu taýdan aljak bolsaň, bu taýda, Amyderýada-da ýok.
Azatlyk Radiosy: Siz Marydan Kerkä köp gatnaýaňyzmy?
Muhammetýar aga: Aý, men-ä on günden, on bäş günden bir gezek gelýän, iki gezek gelýän-de bir aýda. Bölejik-büçejik ýasanja zatlarymy Kerkide satýaryn. Orajyk, ýene şonuň ýaly zatlar. Ýüpjagaz işip getirýärin.
Azatlyk Radiosy: Pensiýa alýarsyňyzmy?
Muhammetýar aga: Pensiýam 235 manat. Çagalara kömek etmel-ä men, özümiň oňanym bilen bolýarmy ol!?
Azatlyk Radiosy: Çagalaryňyz işlänokmy?
Muhammetýar aga: Çagalaryň işleýänem bar, işlemeýänem bar. Gelnim bar, onuň dört sany ýaşajyk çagasy bar. Ol dört çagany eklejek bolsa, oňa potradam bolanok, beýlekem bolanok. Ýakyn ýerde potradam ýok. Oglumam işleýär gurluşykda, ýenede. Hususy iş edýär, ýetirinip bilenok. Onsoň men kömek etmeli bolýaryn. Olara kömek edýärin, düşenjesinden, ýetdiginden berýärin. Pensiýamyň-a ýary gowragyny olar iýýändir-le. Olara kömekleşmeseň bolanok. Menem onsoň bärde söwdajyk eden bolýaryn, eýdýärin, beýdýärin, öz günümi özüm görüp ýörün.
Azatlyk Radiosy: Muhammetýar aga, ýene otly biledi meselesine gaýdyp geleli. Eger kassalarda bilet ýok bolsa, Mara neňesi gidýärsiňiz? Otlynyň ýolbeledine näçeräk tölemeli?
Muhammetýar aga: Prowodniklere men 30 müň manat berýärin, Kerkiden Mara çenli. Bilet alman gidilýär. Oturyp gidýärin. Çärjewe çenli ýer tapdyrýar, Çärjewden aňryk bilet alýarlar-da: “Ýerimi boşat” diýýärler. Onsoň menem ýerini boşadyp, gapdalyndaky oturgyçda oturmaly-da.
Azatlyk Radiosy: Bilet ýoklugynyň sebäbini nämede görýärsiňiz?
Muhammetýar aga: Bilet ýoklugyny men-ä nämeden diýjegimi bilemok. “Ynha, häzir Marynyň wagony ýatyryldy” diýýär kassir. Kerkiňkem aýdyp otyr: “Marynyň wagony ýok” diýip. “Baryň, gidiň, Amyderýadan alyň” diýýär. Baryp, Halaçda bolsaňam gelip, Amyderýadan bilet almaly. Halajam satanok. Çärjew satýar Mara. Umuman, kösenilýär, ýarsyny ýatyp gitseň, ýarsyny dik oturyp gitmeli bolýar.
Azatlyk Radiosy: Uruş weterany ýaly adamlar ýanyňyzda bolsa, ýeňillik barmy, kömeki edýärlermi?
Muhammetýar aga: Ine, şu uruş weterany. Owganda-da, ýenede-de gulluk eden. Men aýtdym: “Şu inwelidräk. Birazajyk nerwisem üýtgän” diýdim. “Öýlerinden gaýdypdyr, nirä geleninem bilenok. Meniň obadaşym şu” diýdim. Obadaşym bolansoň: “Pylan ýerde gördüm diýsem, ýakamdan tutarlar ýitip gitse” diýdim, Men indi ony idekläp, ýanymdan aýyrman, öýlerine eltmeli diýdim. Şunuň üçin Mara çenli bilet beriň diýsem, berenoklar. “Ýok” diýýär, Türkmenabada bar, aňryk ýok. Düýn gitjek bolup bardym Kerkä. Bu–da otyr bir ýerde. “Näme işleýärsiň?”, “Aý, geldim öz-ä”. Kömek etmeli muňa, menden sorajaklar. Borjum şuny öýlerine eltmek. Weteran bol, beýleki bol, olar üçin parhy ýok.