Orsýetiň Neşä gözegçilik boýunça federal gullugynyň başlygy Wiktor Iwanow Merkezi Aziýa regionynyň Umumy içerki önümçiliginiň 40%-niň jenaýatçylykly hereketlerden, hususan-da bikanun neşe söwdasyndan gelip çykýandygyny aýtdy.
“Hakykatdan hem, neşe önümçiliginiň we neşe gaçakçylygynyň bar ýurtlarynda, biziň hasaplamalarymyza görä, olaryň Umumy içerki önümçiliginiň 40% çemesini emele getirýän kriminal ykdysady aktiwligiň çalşyrylmagyny gazanmak zerur” diýip, Iwanow nygtady.
Orsýetiň ýokary derejeli resmisi Wiktor Iwanow bu maglumaty 15-nji maýda Moskwada geçirilen Orsýetiň Merkezi Aziýadaky bähbitlerini goramak boýunça neşä garşy programmalarynyň düzülmegi we onuň işe girizilmegi baradaky hökümet komissiýasynyň üçünji maslahatynda berdi.
Orsýetiň Neşä gözegçilik boýunça federal gullygynyň resmi maglumatyna görä, bu komissiýa 2011-nji ýylda halkara jenaýatçylykly toparlaryň neşäni gaçakçylyk ýoly bilen Owganystandan Orsýete eltmek üçin ulanýan regionlarynda neşe bilen bagly ýagdaýy özgertmek maksady bilen döredilipdi.
Orsýetiň teklibi
Guramanyň başlygy Wiktor Iwanowyň pikirine görä, neşe önümçiliginden we neşe tranzitinden gelip çykýan girdejileriň ýerine kanuny ýol bilen gazanç edilýän girdejileriň peýda bolmagyny gazanmak zerur we “diňe şeýdip neşäniň ýaýramagyna garşy göreşiň netijeliligini ösdürip bolar”.
Iwanow ykdysadyýetleriň näşä garaşlylygyny azaltmak boýunça programmalaryň durmuşa geçirilmeginiň aňsat däldigini belledi we şu maksatly Orsýetiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk korporasiýasyny döretmek teklibini öňe sürdi.
Orsýetiň Neşä gözegçilik boýunça baş edarasynyň Merkezi Aziýa regionynyň Umumy içerki önümçiliginiň belli bir böleginiň neşä garaşlydygy barada yglan eden sanlary regionyň döwletleri tarapyndan resmi derejede entek kommentirlenmedi.
Emma käbir regional bilermenler Orsýetiň resmisiniň sanlary bilen ylalaşmaýarlar. Moskwaky Syýasy barlaglar insitiutynyň regional analitigi Aždar Gurdow bu sanlaryň umumylaşdyrylanlygyny we biraz çişirilenligini belleýär.
“Regionyň döwletlerinde neşe problemasy bilen bagly ýagdaý birmeňzeş däl. Sebäbi Türkmenistanda we Gazagystanda esasy girdejileri ýerasty baýlyklar emele getirýär” diýip, Gurdow belledi.
Türkmenistan
Türkmenistan neşä garşy göreşde berk pozisiýany eýeleýändigini yglan edýär. Ýurtda neşä garşy göreşýän döwlet gullugy bar. Neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy milli programma bar. Neşä garşy göreşiň çäginde ele salnan neşe serişdelerini ýok etmek boýunça resmi çäreler hem geçirilýär.
Türkmenistanyň prezidenti ýurtda neşekeşligiň we neşe gaçakçylygynyň agyr problemadygyny bellemek bilen, muňa garşy tutuş jemgyýet bolup göreşmelidigini soňky ýyllarda eden çykyşlarynyň birinde aýdypdy.
“Sebäbi neşäniň aňyrsynda gara şaýam bar, gara pulam bar, onuň yzynda ýaragam bar. Elmydama çykyşymyzda, nirä gitsem, şol terrorçylyk diýdi, şoňa meňzeş zatlar. Şol zatlary... azyberýär-de, şonuň üçin esasy zadam, haramlar aňyrdan ol belany getirýär-de, ýaşlarymyzy zaýalaýar” diýip, Berdimuhamedow nygtapdy.
Şu ýylyň mart aýynda Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti tarapyndan ýaýradylan “Halkara neşe gaçakçylygyna gözegçiligik strategiýasy” atly hasabatda bellenmegine görä, Türkmenistan ilkinji gezek ýurtdaky neşe serişdeleri baradaky resmi maglumatlary elýeterli edip başlapdyr.
“Gündogar” oppozision saýtynyň we başga-da birnäçe garaşsyz internet neşirleriniň maglumatlarynda Türkmenistanyň üstünden bikanun geçirilýän neşe serişdeleriniň azyndan 10%-niň Türkmenistanda galýanlygyny we ýurtda her 100 müň adamdan 4 müň çemesiniň neşekeşdigi çak edilýär. Olaryň uly böleginiň ýaşlardygy aýdylýar.
Birleşen Milletler Guramasynyň resmi hasabatlaryna görä, dünýädäki neşe serişdeleriniň 90%-den gowragy Owganystanda öndürilýär. Neşe gaçakçylygynyň esasy ýoly Owganystan bilen serhetdeş Merkezi Aziýa döwletleriniň üstünden geçýär. Bu ýurtlaryň biri bolan Türkmenistanyň Owganystan bilen 700 kilometrden gowrak umumy serhedi bar.