Geçen asyryň 2-nji ýarymynda türkmen edebiýatynyň we medeniýetiniň ösmegine terjimeçi hem şahyr Annaly Berdiýewiň öz goşandy boldy. Galamdaşlarynyň arasynda Anton diýip tanalan Annaly Berdiýew uzak ýyllap türkmen metbugatynda zähmet çekdi. Ol terjime sungatynda hem örän köp iş bitirdi. Ol goşgy-da ýazýardy. Goşgularynyň ýa käbir terjime işleriniň aşagyna Gara Ýolly diýen lakamy goýýardy.
Annaly Berdiýew 1933-nji ýylda dünýä inip, 2002-nji ýylyň 22-nji maýynda dünýäden ötdi. Şu aý onuň ýogalanyna 10 ýyl dolýar.
Annaly belli žurnalist hem oçerkçi Kakaly Berdiýewiň kiçi inisidi. Ol köp ýyllap “Edebiýat we sungat” gazetiniň baş redaktorynyň orunbasary, “Sowet edebiýaty” žurnalynda jogapkär sekretar we beýleki neşirlerde adaty redaktor bolup işledi. Ömrüniň soňky bölegini “Türkmenistan” gazetinde geçirdi.
Annaly Berdiýew “Türkmenistan” neşirýatynda işlän döwründe ýajyzy Berdi Soltannyýazowyň “Sumbar akýar” romanynyň 1-nji kitabyny redaktirläpdi. Bu romanyň soňky kitaplarynyň hiç biri şol birinji kitap ýaly çeper bolmandy.
Sowetler döwründe berk senzura duçar edilen metbugat diýseň guraksy çykýardy. Ýöne çeper edebiýata hem medeniýete degişli metbugata azda-kände erkinlik bermek mümkindi. Şol erkinligi gazanmakda Baýram Welmyradow, Kerim Gurbannepesow, Annaly Berdiýew, Abdylla Myradow ýaly gazetçileriň hem edebiýatçylaryň hyzmaty aýratyn uly boldy. Şonuň üçin onuň “Edebiýat we sungat” gazetinde hem “Sowet edebiýaty” žurnalynda işlän ýyllaryny metbugatyň erkinlik döwri hökmünde ýatlaýarlar.
Aýratyn-da, onuň W. Şekspirden eden terjimeleri hormata mynasypdy. “Otello”, “Gamlet”, “Korol Lir”, “Riçard Üçünji”, “Romeo we Juletta” onuň terjimesinde türkmen halkyna ýetdi. W. Şekspiriň rusça ady "Укрощение строптивой" bolan ýeke-täk komediýasyny türkmençe “Nadaranyň nogtalanyşy” diýen at bilen terjime etmegi diňe Annaly Berdiýew başarypdy.
Annaly Berdiýewiň bu ukybyny nazara alyp, belli şahyr, Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň akademigi Aman Kekilow: “Annaly az-kem şahyr, az-kem ýazyjy” diýip degşipdi. Degişme bolsa-da, bu örän jaýdar bahady. Sebäbi ol şahyr bolmasa poeziýany terjime edip bilmezdi, ýazyjy bolmasa-da proza güýji ýetmezdi. Ol hem şahyrana eserleri, hem drama eserlerini terjime edýärdi. Onuň W. Şekspirden eden terjimeleriniň öňünden Kerim Gurbannepesow ýaly iň tanymal şahyr sözbaşy ýazýardy.
Annaly Berdiýew tatar diline-de ökdedi. Şol sebäpden tatar hem başgyrt dramaturglarynyň eserlerini türkmeneçä asyl nusgasyndan terjime edýärdi.
Annaly Berdiýewiň terjime işleriniň bir çeti syýasy edebiýatlara baryp ýetdi. Geçen asyryň 70-nji ýyllaryň aýagynda SSKP MK-nyň Baş sekretary L.I. Brežnew özüni ýazyjy-memuraçy hökmünde görkezdi. “L.I. Brežnew ýazdy” diýilýn “Kiçi ýer”, “Dikeldiş” hem “Tarp ýer” eserleri rus neşiri bilen bir wagtda 78-nji ýylyň aýagynda türkmen metbugatynda peýda boldy. Ol eserleri A. Berdiýew Türkmenistan Kompartiýasynyň MK-synyň jaýynda, ýapyk gapynyň aňrysynda oturyp terjime edipdi. Ol şol hyzmaty üçin Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragyny-da alyp biljekdi, halk ýazyjysy-da bolup biljekdi. Emma ol muny etmedi. Annaly Berdiýewe W. Şekspirden eden terjimeleri üçin, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragy berildi.
Annaly Berdiýewiň goşgulary, makalalary, tatar hem başgyrt dramaturglaryndan eden terjimeleri, “Riçard Üçünji”, “Nadaranyň nogtalanyşy” hem A. Ferdöwsiniň “Şanama” poemasyndan eden terjimeleri kitap bolup çykdy.
Aşgabadyň Ylham çeperçilik-seýilgäh toplumynda ýadygärlikleri oturdylan şahsyýetleriň arasynda Annaly Berdiýew hem bar. Onuň heýkelini heýkeltaraş Welmyrat Jumaýew ýasady.