Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda Türkmenistanda çözülmän gelýän, ilat köpçüligini uly kynçylyklara sezewar edýän meseleleriň biri - mellek ýeri.
Ýer berilmeýändigi üçin birnäçe gelniň bir maşgalada ýaşamaga mejbur bolýandygyny ýurduň dürli künjeklerinden aýdýarlar.
Daşoguz welaýatynyň Ýylanly (häzirki ady Gurbansoltan eje) etrabyndan özüni Ogulsabyr diýip tanadan 64 ýaşly zenan bilen mellek ýer meselesinde Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi:
Ogulsabyr daýza: Men Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabynyň ýaşaýjysy. Türkmenbaşy öz döwründe medeni zonalardan ilata mellek, ýaşaýyş jaýlaryny bermeli däl etdi. Çagalarymyz üçin mellekler berilse diýip, ýerli guramalara ýüz tutsak: “Şasenem massiwinden paýlanýar. Bu taýda paýlanmaýar, Şasenem massiwine gidiň” diýip, jogap berýärler. Emma paýlanmaly däl diýlen ýerlerdenem paýlaýarlar mellek. Jaý ýerini galdyrýarlar, jaý salyp başlaýarlar. Onsoň biz bilip galýarys. Ony kim paýlaýar, kim berýär? Onam bilemzok. Ogullarymyz ýetişdi, gelinlerimiz bar. Her haýsy aýratyn hojalyk bolaýsa diýip, bizem şonuň aladasynda.
Azatlyk Radiosy: Mellek teklip edilýän ýere – Şasenem massiwine gitmäge sizde mümkinçilik barmy?
Ogulsabyr daýza: Mümkinçilik ýok. Oglanlarymyzyň, gelinlerimiziň işleýän ýerlerem ýok. Onsoň bizde şoňa gitmäge mümkinçilik ýok. Maşgalamyz agyr. Bizden gitmek kyn, güýç ýetenok, mümkinçilik ýok. Baranyňda-da noldan başlamaly. Oňa-da bizde güýç ýok. Maşyn-ulag, hiç zat ýok oňa barmaga, gatnamaga.
Azatlyk Radiosy: Hojalygyňyz ulumy, onda näçe maşgala bar?
Ogulsabyr daýza: Bir hojalykda şu wagt dört maşgala bar. Ulymda dört çaga bar. Kiçimde üç çaga bar. Ýene birinde iki, yzyndakyda bir çaga bar. Şolaryň her haýsyny bir öý-ojak etsek, oňşugam kynrak bolýar. Şolar aýratyn öýli bolaýsa gowy boljak. Gelinler öýde, her haýsynyň çagalary bolansoň, olaryň agyzlaryny birläp saklamagam kyn. Hersi wagtynda aýry hojalyk bolsa, gowy boljak. Wagyrdy, agzalaçylygam dörejek däl. Ýaşaýyşlaram gowuja boljak. Yhlasly boljak hojalyga. Hersiniň aýry mellegi bolsa, yhlasly seretjekler hem önjekler, ösjekler. Häzir hemmesi bir ýerde bolandan soň, aýratyn bir öseslerem gelenok, önelge-de kemräk gelinlerde.
Bir mellek ýerde şonça agyr maşgala bolandan soň, ol ýerde ýeterlik mal-gara saklaýyn diýseň-ä ýer dar. Saklamaýyn diýseňem, gün-güzeran görmegem kynrak bolup dur. Durmuşam gymmatlap barýar. Ýer beriläýen ýagdaýynda-da, jaý gurmagam kynlaşyp barýar. Şol meselä-de seredilse.
Azatlyk Radiosy: Şasenem massiwinden ýer sorap, arza berdiňizmi?
Ogulsabyr daýza: Ýok, bermedik. Oba ýerinden almak üçin arza berdik. 10-12 ýyl bolandyr. Garaşyp otyrys.
Azatlyk Radiosy: Arzaňyza nähili jogap berýärler?
Ogulsabyr daýza: “Bereris, paýlanmaly bolsa bereris” diýýärler. Yzy gelenok.
Azatlyk Radiosy: Eger ýerli ýolbaşçylar şeýle diýýän bolsa, etrap, welaýat häkimliklerine ýüz tutup gördüňizmi?
Ogulsabyr daýza: Ýok, barmadyk şoňa. Daýhan birleşigiň ýolbaşçylary çözer diýen umyt bilen gezip ýörün. Mellekden kösenýän diňe men däl, menden başga-da milletiň köpüsi kösenýär. Bütin Türkmenistan halky kösenýär. Biziňem hemmämiziň islegimizi kanagatlandyryp, mellek ýerleri paýlansa, ýerli-ýerinde her kime berilse, şoňa döwlet derejesinde üns berilse gowy boljak. Şony hormatly prezidentimiz göz astyna alsa, minnetdar bolardyk.