Soňky wagtlar Türkmenistanda eýesiz itleriňdir pişikleriň weterinar işgärler tarapyndan zäher berlip, öldürilýändigi barada maglumatlar peýda boldy. Azatlyk Radiosy bu meseläniň Orsýetde nähili çözülýändigi bilen gyzyklanyp, Moskwadaky eýesiz itleri köçeden ýygnaýan edaralaryň biri bolan “Služba otlowa” atly hususy şirketiň wekili Andreý Çižow bilen söhbetdeş boldy.
Azatlyk Radiosy: Şu günki gün Moskwada eýesiz itler nähili problema döredýär we bu ugurda nähili çäreler görülýär?
Andreý Çižow: Diňe bir biziň şirketimiziň özi bir aýyň dowamynda 200-e golaý iti köçeden ýygnaýar. Bu iş itler adamlaryň üstüne hüjüm eden ýa-da olary birahat eden ýagdaýynda amala aşyrylýar. Bu esasy sebäp bolýar.
Azatlyk Radiosy: Köçede tutulan itlere siz näme edýärsiňiz?
Andreý Çižow: Bu tutulan itler eýesiz haýwanlar üçin niýetlenilen ýörite tünek düşelgesine tabşyrylýar. Olaryň mundan soňky ykbaly şol ýerde çözülýär.
Azatlyk Radiosy: Eýesiz itleri köçeden ýygnamak işi näme esasynda amala aşyrylýar? Siziň şirketiňiz bu işde nämä esaslanýar?
Andreý Çižow: Biz bu işi ýüz tutmalaryň esasynda amala aşyrýarys. Biziň şirketimiz hususy şirket bolansoň, biz bu ugurda Moskwanyň we Moskwanyň golaýyndaky şäherleriň häkimiýet edaralary bilen şertnama baglaşyp işleşýäris.
Azatlyk Radiosy: Eýesiz haýwanlaryň adamlara hüjüm etmegi bilen bagly wakalar köp bolýarmy?
Andreý Çižow: Hawa, köp bolýar, her gün diýen ýaly bize jaň gelýär.
Azatlyk Radiosy: Size kimlerden jaň gelýär? Itler hüjüm eden halatynda adamlar nirä ýüz tutýarlar?
Andreý Çižow: Adamlar başda öý-hojalygyny dolandyrýan ýerli edaralara ýüz tutýarlar. Bu edaralar bolsa, eýesiz itleri köçeden ýygnaýan şirketlere ýüzlenýärler.
Azatlyk Radiosy: Orsýetiň kanunlarynda eýesiz itleri ýygnamak meselesine degişli nähili düzgünler bar?
Andreý Çižow: Biziň işimiz ýörite düzgünlere we kanunlara laýyklykda amala aşyrylýar. Biz kanuny berjaý etmäge borçly. Hususan-da, köçeden ýygnalýan itler heläk bolaýsa, bu işi amala aşyrýan adamlaryň türme tussaglygy ýaly jeza sezewar edilmek töwekgelçiligi bar. Orsýetde kabul edilen kanuna görä, haýwanlary öldürmek ýa olara adamkärçiliksiz garamak üçin jenaýat işiniň gozgalmagy göz öňünde tutulýar. Munuň üçin iki ýyllyk türme möhleti kesgitlenýär.
Azatlyk Radiosy: Siz köçede duşan idegsiz itleriň ählisini ýygnaýarsyňyzmy?
Andreý Çižow: Ýok, biz bu işi diňe takyk bir ýüz tutma boýunça amala aşyrýarys. Biziň ýolda gözümize ilen her bir iti ýygnamaga hakymyz ýok. Bize takyk adresler berilýär. Tutulan itler üçin bize pul tölenýär. Her bir itiň bahasy 2700 rubl.
Azatlyk Radiosy: Şol itlere soň näme bolýar?
Andreý Çižow: Şol itler, adatça, ýörite weterinar barlagyndan geçirilýär, soň olar saklamak üçin bar bolan ýörite tünek düşelgesine äkidilýär.