Tötänden eşidilen zeýrenç

Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly Nurmyrat

Bir ýaş zenan jorasyna ýüzlenýä:
“Men-ä halys bizar boldum alkaşdan.
Içýä jynlar görünýänçä gözüne,
Oň ýüregi ýa çüýşeden, ýa daşdan”.

Jorasy zeýrenýä: “Gozgama derdim!
Seň ýaraň ýeňilräk görünýä, boýdaş.
Meňki içip otyr jynlar bilenem,
Indi tapdy ol özüne tabakdaş”.

Tötänden eşidilen zeýrenç
***

“Jan, inim, meň saňa bir sargydym bar:
Murt goýberme saýlap haýbat mugtuny.
Keýwanyňdan diläp dursaň bir manat,
Gopar, zyň jaýtaryp duran murtuňy!”

Türkmen satiraçysy Gurbangylyç Hydyr
***

Erkek kişiň öýde bukan zadyny
Aýal derrew tapar, hiç kynçylyk ýok.
Ýöne welin aýal bir zat gizlese,
Erkek it bilenem tapyp bilenok.

Frontçy şahyr Gurban Wehimi
***

“Bu kelläň içine hyň berip duran
Bir-birinden erbet, hapa pikirler
Onuň daşyndaky kirli saçdan kän,
Onam diňe özüm bilýän – şükürler”.

Rus ýazyjysy Wenedikt Ýerofeýew
***

Ahmal bolsaň şeýtan guýrugyn gizläp,
Howply pikirleri böwrüňe sanjar.
“Döwlet welsepide meňzeş bir zatdyr:
Hol ýokarda ruly, aşakda zynjyr”.

Rus ýazyjysy Sergeý Dowlatow
***

It diýlen janawer şeýle wepaly,
Dogrusy, köp adam beýle bir söýgä
Mynasypmy, dälmi – gümürtik örän,
Itiň kör yhlasy batyrýa gaýga.

Rus ýazyjysy Ilýa Ilf
***

“Arasyny kesmän aglap oturma,
Özüçe düşüner eşitse her kim.
Şol eňräp otursaň yzygiderli,
Agyňa aýdym diýp oýlanar gör, kim”.

Polýak ýazyjysy Stanislaw Ýeji Les