Aşgabatda ýaşaýan graždan aktiwisti Nataliýa Şabunts Türkmenistanyň prezidentine ýüzlenip, köçedäki eýesiz öý haýwanlarynyň öldürilmegini togtatmaga çagyrýar.
“Jenap prezident, rehimiňiz insin, itdir-pişikleriň köçede eýýäm 20 ýyl töweregi wagt bäri dowam edýän wagşyçylyk bilen öldürilmeginiň öňüni alyň!” diýip, türkmenistanly graždan aktiwisti Nataliýa Şabunts öz beýanatynda türkmen prezidentine ýüzlenýär.
Şabunts öz hatynda köçelerde gezip ýören, eýesiz itleriň we pişikleriň ýörite zäherlenýändigine ünsi çekýär. Ol awy berlen jandarlaryň azap bilen jebir-jepa çekip ölýändigini, bu wakalaryň hem kähalatlarda çagalaryň gözüniň öňünde bolup geçýändigini aýdýar.
Käbir garaşsyz websaýtlar hem Şabuntsyň berýän maglumatlaryny tassyklaýarlar. Düýbi Wenada ýerleşýän adam hukuklary boýunça “Türkmen inisiatiwasy” guramasynyň “Hronika Türkmenistana” websaýtynda 5-nji maýda çap bolan maglumatda paýtagt Aşgabatda we ýurduň beýleki iri şäherlerinde eýesiz gezip ýören öý haýwanlaryna sanitariýa gulluklarynyň işgärleri tarapyndan zäherlenen kolbasanyň berlendigi aýdylýar.
Aşgabatda ýaşaýan ýazyjy Amanmyrat Bugaýew paýtagtda häzir öýsüz pişikleriň has artandygyny aýdýar. Ol haýwanlaryň zäher bilen öldürilýändigine duş gelen ýaşaýjylaryň biri: “Olaryň käbirleri adamlaryň gözüniň öňünde çabalanyp, jan berýär. Emma şol janawarlaryň köpüsi ýaşalýan jaýlaryň podwallaryna girip, soňundan çykman, şol ýerlerde ölýärler”.
Bugaýew mundan soňra ölen haýwanlaryň maslyklarynyň harap bolup, olardan çykýan ýakymsyz ysyň girelgäniň ýaşaýjylaryna-da uly kynçylyk döredýändigini aýdýar.
Halkara jemgyýetçiligi nägile
Türkmenistanly graždan aktiwisti Nataliýa Şabuntsyň prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa ýollan hatyndan belli bolşuna görä, köçedäki haýwanlar hökümet resmileriniň görkezmesi bilen zäherlenýäne meňzeýär. Emma türkmen resmilerinden bu maglumatlar boýunça kommetnariý alyp bolmady.
Şol bir wagtda-da haýwanlaryň haklaryny goraýjy guramalar türkmen hökümetiniň bu ugurdaky alyp barýar diýilýän işlerine alada bilen garaýarlar. Düýbi Orsýetde ýerleşýän haýwanlaryň hukuklaryny goraýjy “Wita” merkezi hem şolaryň biri.
“Men bular ýaly maglumatlara diýseň uly ýazgarma bilen garaýaryn we gynanýaryn” diýip, “Wita” merkeziniň prezidenti Irina Nowožilowa Azatlyk Radiosyna aýtdy. “Bu eýýäm haýwanlara garşy görkezilýän zalymlykdan çykyp, adamlaryň aň-düşünjesiniň gaty pesdigini görkezýär. Eger-de adamlar haýwanlaryň bu görnüşde öldürilmegine parhsyz garap başlasalar, onda bu eýýäm gutaran jemgyýet bolar”.
Nowožilowa köçedäki gezip ýören eýesiz haýwanlary gyrman, munuň deregine köp döwletlerde edilişi ýaly, öýsüz jandarlary saklamak üçin ýörite ýerleriň döredilmelidigini aýdýar.
Başgaça çözgüt
Haýwanlary goramak boýunça Bütindünýä jemgyýetiniň (WSPA) proýekt dolandyryjysy Esmee Russell hem köçedäki eýesiz itdir-pişikleriň öldürilmeigini ýazgaryp, bu çäräniň meseläniň çözgüdi bolup bilmejekdigini aýdýar. Ol haýwanlary gyrgyna bermän, meselä başgaça çemeleşmelidigini öňe sürýär.
Russell Şri-Lankada alyp baran programmalarynyň mysalynda, bu meseläniň mümkin bolan çözgütlerini Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi: “Biz ilki bilen näçe öýsüz itleriň gezip ýörendigini, bularyň näme sebäpden peýda bolýandygyny we olaryň jemgyýete ýetirýän howpuny seljerdik. Mundan soň biz sterilizasiýa we jemgyýetiň bu ugurdaky düşünjesini artdyrmak ýaly programmalary alyp bardyk”.
Haýwanlary goramak boýunça Bütindünýä jemgyýetiniň (WSPA) proýekt menejeri Esmee Russelliň sözlerine görä, ençeme ýyl geçenden soň, häzir şol geçirilen işleriň netijesinde ýagdaýlar gowluga tarap düýpli üýtgäpdir.
Türkmenistandaky öýsüz haýwanlar bilen bagly geçirilýän çäreler boýunça, şeýle-de Nataliýa Şabuntsyň beýanatyndaky maglumatlary tassyklajak ýa-da inkär etjek maglumaty türkmen resmilerinden alyp bolmady.