Azerbaýjan “Ýewrowideniýe 2012” aýdym ýaryşyny geçirmäge taýýarlanýar. Şu aýyň aýagynda Bakuwda geçiriljek bu dabara üçin ýurduň hökümeti 23 müň adamlyk Kristal Köşgüniň gurluşygyna 134 million dollar sarp etdi. Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Azerbaýjan gullugynyň we OCCRP, ýagny Guramaçylykly jenaýat we korrupsiýa barada hasabat berýän proýektiň bilelikde geçiren derňewiniň netijesinde Azerbaýjanyň prezidentiniň maşgalasynyň bu uly tutumly gurluşykdan peýda görenligi anyklandy.
Şu aýyň aýagynda tutuş dünýäniň tomaşaçylary ýakynda Hazar deňziniň kenarynda aýnadan we demirden gurlan ýalpyldap duran köşge öz ünslerini gönükdirerler we Ýewropa ýurtlarynyň 40-dan gowragynyň pop aýdymçylarynyň gatnaşmagynda geçirilýän “Ýewrowideniýe 2012” aýdym ýaryşyna tomaşa ederler.
Azerbaýjan bu ýaryşy geçirmek hukugyna geçen ýylky konkursda ýeňiş gazanyp, eýe boldy. 2011-nji ýylyň konkursynda azerbaýjanly meşhur aýdymçylar Ell we Nikki üstün çykdylar. Azerbaýjanyň hökümeti bu ýeňşi $134 million dollarlyk täze konsert köşgüni gurmak planlary bilen garşy aldy.
Köşgüň gurluşygy
Bu köşgüň gurluşygy birnäçe hepde mundan ozal tamamlandy. Prezident Ylham Aliýew we onuň aýaly Mähriban gurluşygyň gidişini ýygy-ýygydan barlap durdular.
Emma olaryň bu gyzyklanmalarynyň sebäpleri diňe bir watanperwerlik duýgulary bilen çäklenmedi. OCCRP, ýagny Guramaçylykly jenaýat we korrupsiýa barada hasabat berýän proýektiň Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy bilen bilelikde geçiren derňewiniň netijesinde prezident Aliýewiň maşgalasynyň gizlin eýeçiligindäki “Azenco” şirketi arkaly olaryň bu ägirt uly gurluşykdan peýda görýänligi anyklandy.
Resmi maglumatlarda uzak wagtlap köşgüň gurluşygyny amala aşyran şirket hökmünde Germaniýanyň “Alpine Bau Deutschland AG” şirketi görkezilipdi. Emma gurluşyk meýdanyndaky gurallaryň we tehnikanyň uly böleginde “Azenco” şirketiniň ady bardy. “Alpine Bau” şirketiniň Azerbaýjandaky wekili Rolf Herr “Azenco” şirketi bilen bilelikde iş alyp barýanlygyny aýdypdy, emma mundan başga hiç hili maglumat bermändi.
Eýesi kim?
“Azenco” hakyky eýesini mälim etmän işleýän ençeme şirketleriň biridir. 2010-njy ýylda Azerbaýjanyň döwlet emlägini hususylaşdyrmak boýunça agentliginiň resmi gazetinde Bakuwda ýerleşýän “Interenergy MMC” şirkeriniň “Azenconyň” 97,5% paýyna eýe bolanlygy habar berlipdi. Şol ýylyň mart aýyna degişli hususylaşdyryş boýunça hasabatlara görä, “Interenergy” şirketiniň 70%-ne bolsa “ADOR MMC” kompaniýasy eýeçilik edýär. Bu şirket Ylham Aliýewiň aýaly Mähribanyň we gyzlary Leýla bilen Arzuwyň adyna hasaba alnan.
2010-njy ýylda Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy Azerbaýjanyň Döwlet Howa kompaniýasynyň we “Azalbankyň” hususylaşdyrylmagynyň aýratynlyklaryny derňedi. Bu kompaniýalaryň hem Arzuw Aliýewa gatnaşygynyň bardygy anyklandy.
Prezidentiň resmi wekili Azer Gasimow şonda prezidentiň gyzynyň agzalan kompaniýalaryň paýdarydygyny tassyklapdy. Azer Gasimow “Azenco” şirketiniň eýeçiligine degişli sowallara jogap bermedi.
“Ýewrowideniýe 2012” aýdym ýaryşynyň koordinatory Sietse Bakker şu ýyl Azerbaýjanda geçiriljek aýdym ýaryşy üçin binanyň gurluşygyna degişli meselä özüniň gatnaşygynyň ýokdugyny aýtdy.
Prezident Ylham Aliýew Kristal Köşgüniň gurluşygy baradaky permana 2011-nji ýylyň iýul aýynda gol çekipdi. Azerbaýjanyň hökümeti bu gurluşyga “Azenco” şirketiniň gatnaşmagynyň sebäplerini düşündirmedi.
“Azenco” kompaniýasynyň proýektleri
Kristal Köşgi “Azenco” şirketiniň gatnaşmagynda amala aşyrylan ikinji şübheli proýekt. Bu şirket Kristal Köşgüň ýanyndaky bahasy $38 million dollarlyk Baýdak meýdançasynyň gurluşygyna hem gatnaşypdy.
“Azenco” döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän köp sanly girdejili proýektlere gatnaşyp gelýär. Resmi hasabatlara görä, diňe bir 2010-njy ýylyň dowamynda bu şirket jemi $79 million dollarlyk kontraktlara eýe bolupdyr.
“Ýewrowideniýe” ýaryşynyň Aliýewleriň maşgalasy bilen arabaglanyşygy diňe bir gurluşyk bilen çäklenmeýär. Su sapar tomaşaçylaryň öňünde çykyş etjek aýdymçy Ylham Aliýewiň giýewsidir.