Çoganlyda jaý ýykyşlygyň başlanmagy mümkin

Çoganly şäherçesi

Paýtagt Aşgabadyň gaýrasyndaky Çoganly şäherçesiniň töwereginde 10-15 ýyl mundan öň gurlan jaýlardan ýykylanynyň bardygy hem mundan beýläk ýykylmagynyň mümkindigi dogrusynda-da maglumatlar gowuşýar.

Çoganlyda ýykylan jaýlar hem şol ýykylyşyň sebäbi, sany barada Aşgabatda ýaşaýan ýazyjy Amanmyrat Bugaýew şeýle diýdi: “Aşgabat-Daşoguz ýoly edil Çoganlynyň günbatar tarapyndan geçýär. Uly ýola bolmanda 150 metr golaýdaky jaýlary ýykdylar. Şunlukda, Çoganlyda soňky iki-üç ýyllykda ýykylan jaýyň sany pesinden iki ýüzden geçýändir”.

Mundanam başga, ýazyjynyň sözlerine görä, kanalyň gaýrasynda, Çoganly şäherçesine ýanaşyk “Altyn Asyr” bazarynyň gurulmagy hem bu ýerde köp jaýyň ýykylmagyna sebäp bolupdyr. Bazaryň ýerleşýän ýerindäki hem töwerek-daşyndaky jaýlar aýrylypdyr.

“Ýykylyşyk indi başlanarmyka diýýärin. Sebäbi edil Berzeňňide salnan köprüler ýaly köprüler häzir Garagum kanalynyň üstünde dört ýerde dagy gurlup dur” diýip, Bugaýew aýdýar. “Olar ägirt uly köprüler. Tutuş Garagum kanalynyň üstünden geçýär, hersiniň gapdalyndan ýanýollar gelip goşulýar. Gaýra tarapy hem-ä Çoganla gabat gelýär hem-de Şora, gaýraky Garadamaga. 20-25 kilometrem uzaýandyr. Ol Çoganlydan başlap, şol biri-birine goşulyp gidip otyr-da. Galyň bende maşgalasy köpelýär, jaý satyn alyp bilenok”.

Çoganlyda ýykylyşygyň başlanmagy mümkin

Suratlar: Çoganly şäherçesi

Guran jaýy ýykylmak betbagtçylygyny başdan geçiren ýazyjynyň sözlerine görä, bu ýerde bag ekmek üçin mellek berlen adamlarda öý kitabynyň ýokdugy, diňe şol ýeriň tehniki pasportynyň bardygy üçin ol ýa beýleki bir mellek ýeriniň ýa jaýyň üstünden gurluşyk gelip, ýykylmaga degişli saýylsa, ýeriň eýesine çekilen zyýanyň öwezi üçin hiç zat berilmeýär.

Aşgabat — Daşoguz maşyn ýolunyň gyrasyndan başlap, çölüň içinde millet jaý baryny salyp, göçüp bardy. Şol jaýlaryň maşyn ýoluna ýakyn ýerde salnanlaryny olaryň bir gatdan ybaratdygy üçin ýykyp, ýerine iki gatly kotejleri gurdular diýip, Azatlyk Radiosyna geçen ýyl iberilen maglumatlarda aýdylypdy. Türkmen gurluşykçylarynyň salýan bu jaýlarynyň bahasynyň ýüz müň amerikan dollaryna durýandygyny ol jaýlary satyn alýanlar aýdýarlar.

Berilýän maglumatlara görä, şeýle jaýlaryň sanynyň gaty köpelendigine garamazdan, häkimlikler ony halka satyp bilenoklar. Sebäbi ýakyn wagtlarda Aşgabat — Daşoguz ýoly geçip gidýän "Çoganly" posýologynyň gapdalyndaky köpri üç gatdan ybarat görnüşde täzeden salynjak. "Köpri geçen halatynda ýüz müň amerikan dollaryna durýan, täzelikde salnan kotej jaýlaryň hem ýykylmagy mümkin" diýip, häkimligiň işgärleri aýdýarlar.