Dünýä liderleri Ollandy ýeňşi bilen gutladylar

Fransiýanyň täze saýlanan prezidenti Fransua Olland

Dünýä liderleri sosialist Fransua Ollandy ýekşenbe güni Fransiýada geçirilen prezidentlik saýlawlaryndaky ýeňşi bilen gutladylar.

Germaniýanyň daşary işler ministri Gido Westerwelle Ollandyň ýeňşini “taryhy pursat” diýip atlandyrdy. Westerwelle Ýewropa Bileleşigindäki krizisden çykmak üçin, iki ýurduň hökümetleriniň bilelikde işlejekdigini hem sözüne goşdy. Germaniýanyň kansleri Angela Merkel hem gepleşikler geçirmek üçin, Ollandy Berline çagyrdy.

Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kamoron hem Ollandy gutlap, iki ýurduň gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda iş alyp barmaga söz berdi.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama öz gutlagynda gepleşikler geçirmek üçin, Ollandy Ak Tama çagyrdy. Ýaýradylan beýanatda Obamanyň iki ýurduň ykdysady we howpsuzlyk meseleleri boýunça işleşjekdigine umyt edýändigi hem aýdylýar.

Ispaniýanyň, Italiýanyň we Kanadanyň liderleri Ollandy ilkinji bolup gutlanlaryň hatarynda boldular.

Fransiýadaky ses berişligiň netijelerine görä, Olland sesleriň 51,67%-ni, Nikolýa Sarkozy bolsa 48,33%-ini almagy başardylar.

Ollandyň ýeňşi bilen Ýewropa Bileleşiginiň bergi kirzisine çemeleşişi hem üýtgäp biler. Sarkozydan tapawutlylykda, Olland hökümetiň has köp höweslendiriji çykdajylary etmegine ýykgyn edýär. Olland özüniň çykyşlarynda Owganystandaky fransuz esgerleriniň has ir öýlerine dolanmagyna-da çagyryş edipdi.

On müňlerçe adam Bastiliýa meýdançasynda Fransiýanyň, Ýewropa Bileleşiginiň baýdaklaryny galgadyp, 57 ýaşly Ollandy şowhun bilen garşyladylar.

Olland özüniň çykyşynda ýurdy umumy birlige çagyrdy: “Häzir diýseň ajaýyp we beýik pursat. Bu ýeňiş ar alşyň, öýke-kinäniň ýa-da gaharyň ýeňşi bolmaly däldir. Ýok! Bu ajaýyp we beýik ýeňiş biziň ýurdumyzy belende galdyrýar, bizi bagtyýar edýär. Bu ýeňiş bizi birleşdirýär.”

Parižiň köçelerinde Ollandyň ýeňşini belleýänleriň biri, öz duýgularyny şeýle beýan etdi: “Çepçiler ýeňdi, çepçiler ýeňdi! Indi bizde ähli zady üýtgetmek üçin bäş ýyl bar.”

Ollandyň 15-nji maýda prezidentlige girişmek boýunça kasam etmegine garaşylýar.