Azerbaýjanyň günbatarynda ýerleşýän Çowdar atly altyn känini özleşdirmek boýunça işleriň şu ýylyň dowamynda başlanmagyna garaşylýar. Çak bilen 2,5 milliard dollarlyk bu käni özleşdirmek işi 2007-nji ýylda baglaşylan açyk-aýdyň bolmadyk şertnama esasynda AIMROC, ýagny Azerbaýjanyň Halkara Mineral Resurslaryny Dolandyrjy Kompaniýasyna tabşyryldy. Bu şirket iş ýüzünde Panamada hasaba alnan we Ylham Aliýewiň gyzlarynyň eýeçiliginde bolan kompaniýalar tarapyndan dolandyrylýar.
Azerbaýjanly 40 ýaşly Nowruz Allahwerdiýew Çowdar obasynda palçykdan salnan jaýda ýaşaýar. Şahtaçylaryň bu kiçeňräk obasy daglyk ýerde, Ermenistan bilen serhediň golaýynda ýerleşýär. Ol 1990-njy ýyllaryň başynda Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda bolan uruş zerarly Daglyk Garabagdan göçürilen 800 müň adamdan biri.
Allahwerdiýew şonda ýene 60 sany bosgun maşgala bilen bilelikde Çowdar obasynyň golaýyndaky daglyk ýerde başpena tapypdy we oba hojalygy bilen meşgullanyp başlapdy. Agyr günde ýaşaýan beýleki garyp obadaşlary ýaly, Nowruz Allahwerdiýew hem öz watançylyk duýgularyny ýaşyrmaýar. Onuň köneje jaýynyň diwarlarynda prezident Ylham Aliýewiň we onuň merhum atasy Geýdar Aliýewiň suratlary asylyp goýlan.
Häzir Allahwerdiýewiň maşgalasy ýene bir problema bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Britaniýaly dag magdançylyk şirketi Allahwerdiýewiň ýeriniň bir bölegini eýeledi we obany suw bilen üpjün edýän ýaplaryň birini petikledi. Allahwerdiýew ýaşaýan obasynyň bu kynçylyklardan saplanmagyna prezidentiň ýardam berjegine ynanýar.
“Britan” şirketi?
Emma onuň bu umydynyň başa barjagy gümana. Allahwerdiýew täze känä eýeçilik edýän şirketiň prezident Aliýewe we onuň maşgalasyna degişlidigini bilmeýär.
2007-nji ýylda kabul edilen kararlara laýyklykda, Azerbaýjan döwleti Çowdardaky altyn känini we ýene birnäçe känleri özleşdirmek işini AIMROC, ýagny Azerbaýjanyň Halkara Mineral Resurslaryny Dolandyrjy Kompaniýasyna tabşyrypdy. Bu şirket känleriň 70%-ine eýeçilik edýär, şol bir wagtda-da känleriň diňe 30%-i döwletiň eýeçiliginde galýar.
Azerbaýjanyň Halkara Mineral Resurslaryny Dolandyrjy Kompaniýasynyň düzümini anyklamak aňsat däl. Çowdar obasynyň ýaşaýjylary öz başyna düşen kynçylyklarynda iňlisleri günäleýärler, hakykat bolsa başgaça bolup çykýar. Agzalan şirketiň düzümine girýän “Londex Resources, S.A.”, “Willy and Meyris S.A.”, “Fargate Mining Corporation” we “Globex International LLP” atly dört şirket, Azerbaýjanyň resmilerine görä, känlere eýeçilik etmek üçin ýörite döredilen kompaniýalar. Bäşinji şirket Ýaponiýanyň “Mitsui Mineral Development Engineering Co. Ltd.” (MINDECO), dag-magdançylyk we maşyn-gurluşyk kompaniýasy. Emma onuň ygtyýarlyklary proýekt boýunça resmi synçy hökmünde kesgitlenýär we ol hiç hili emläge eýeçilik etmeýär.
Azerbaýjanyň Halkara Mineral Resurslaryny Dolandyrjy Kompaniýasy düzümine girýän we şirketiň emläginiň 11%-ne, ýagny 200 million dollarlyk paýyna eýeçilik edýän “Globex International LLP” kompaniýasy prezident Ylham Aliýewiň Leýla we Arzuw gyzlaryna, şeýle-de şweýsariýaly biznesmen Oliwýe Mestelana degişli.
Maşgala gatnaşygy we girdejiler
Prezident Aliýewiň resmi edarasy aliýewler maşgalasynyň altyn känleriň eýeçiligine gatnaşygy baradaky sowallara jogap bermekden boýun gaçyrdy. Prezidentiň resmi wekili Azer Gasimow telefon arkaly edilen jaňlara jogap bermekden ýüz öwürdi, ol özüne ýazmaça görnüşde iberilen sowallara hem jogap bermedi.
Azerbaýjanyň Halkara Mineral Resurslaryny Dolandyryjy Kompaniýasynyň esaslandyrylyşy hem köp soraglary döredipdi. 2006-njy ýylda prezident Ylham Aliýew kompaniýany esaslandyrmak barada permana gol çekende, ol bu konsorsiumyň düzümine “Globex International LLP” şirketini hem goşupdy. 2007-nji ýylda döwlet Azerbaýjanyň Halkara Mineral Resurslaryny Dolandyrjy Kompaniýasy bilen ylalaşyga gol çekip, oňa 30 ýylyň dowamynda tebigy serişdelere baý regionlary özleşdirmek işini tabşyrypdy.
Diňe bir Çowdar käniniň özi-de örän girdejili obýektdir. Azerbaýjanyň Tebigat meseleleri boýunça ministrliginiň berýän bahasyna görä, Çowdaryň altyn zapaslary 44 tonna, kümüş zapaslary bolsa 164 tonna barabar bolup, çak bilen 2,5 milliard dollara durýar.