“Eger-de türkmen doktorlary ýalňyşmadyk bolsady...”

Aşgabadyň Nyýazow adyndaky keselhanasynda

Aşgabatly 27 ýaşly Aýna häzir daşary ýurtlaryň birinde düwnük keselinden bejergi alýar. Ol häzir ýagdaýynyň agyrdygyny, himiýaterapiýa kursuny alýandygyny aýdýar. Aýna ilkibaşda türkmen doktorlary ýalňyş diagnoz çykarmadyk bolsalar, ähli zadyň bu derejä ýetmejekdigini öňe sürýär. Azatlyk Radiosyndan Merdan Saryýew Aýna bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Aýna, ilki bilen sen öz nähoşlugyň, şeýle-de türkmen doktorlarynyň saňa bellän berjergisi barada gürrüň berseň.

Aýna: Geçen ýyl meniň göwsümde kiçiräk bir çiş emele gelip başlady. Men Türkmenistanda doktorlara ýüz tutdum. Olar maňa punksiýa etdiler. Ýagny, göwsüme iňňe sokup, ondan suwuklyk aldylar. Olar barlag geçirenlerinden soň, mende üýtgeşik hiç zadyň ýokdugyny aýdyp, bejergi bellediler.

Bejergä ummasyz, dünýäniň puly çykdy. 1,5 aý töweregi bejergi alanymdan soň hem çiş hiç aýrylmady, tersine, ol berkäp we ulalalyp başlady. Maňa soň täzeden punksiýa etdiler. Şonda olar göwsümden suwuklygy alyp bilmediler. Doktorlar çişi kesip aýryp bolýandygyny, soňundan ähli zadyň düzeljekdigini aýtdylar. Ýöne plastika barada gürrüň hem ýokdy. Doktorlar maňa “göwsüňden çişi kesip aýrarys, mundan soň ol täzeden bitip, öňki durkuna geler” diýdiler. Bu akla sygjak zat däl ahyryn. Üstesine-de, men entek durmuşa çykmadyk gyz, meniň daşky-görnüşim meniň üçin diýseň wajypdy. Şol sebäpden men operasiýany daşary ýurtda etdirmegi ýüregime düwdüm.

Men ilki bilen Eýrana gitjek boldum. Sebäbi ol ýerde medisinanyň gaty ösendigini we şunuň ýaly operasiýalaryň gowy edilýändigini aýtdylar. Emma haçan-da men serhede baranymda, maňa “sen entek 35 ýaşamadyň” diýip, yzyma gaýtardylar. Bu diňe bahana, başdansowma gürrüňlerdi. Ol ýerde kimiň ýanyndan saglyk resminamalary tapylsa, türkmen resmileri şol adamlary serhetden geçirmeýärdiler. Bir gezek ol ýerde bir oglanjygy gördüm, onda saç-tüý ýokdy, üstesine-de onuň reňki gaty öçügsidi. Garaz, onuň rakdan ejir çekýändigini görüp bolýardy. Ene-atasynyň gözýaşlaryna garamazdan, müň bir bahana tapyp, olary serhetden geçirmediler.

Azatlyk Radiosy: Näme üçin saglyk resminamalary tapylan adamlar serhetden yzyna gaýtarylýardy?

Aýna: Olaryň maňa hem aýdan zady şu boldy, ýagny “bizde hem köp sanly doktorlar bar, üstesine-de rak keselleri üçin hassahana bar, şonuň üçin bärde hem bejergi alyp bilersiňiz”. Hawa, keselhanalara, ol ýerdäki tämizlige we apparatlara sözüm ýok, ähli zat gowy. Ýöne, ýaňy hem aýdyşym ýaly, bärde gep doktorlarda. Biziň doktorlarymyz hatda “biopsiýa” diýen zady-da eşidip görmändirler. Men olara ilki ýüz tutanymda, olaryň ilki etmeli zady şol eken. Olar bolsa eýýam ulanyşdan doly galan punksiýany edip dyndylar.

Eger-de sen daşary ýurtda bejergi aljak bolsaň, onda gatbar-gatbar resminamalary toplamaly. Şol dokumentlere doktorlar gol hem goýanok. Näbileýin, belki gorkusyndan, ýa ýene başga bir sebäpden muny edýändirler. Haçan-da men resminamalary ýygnajak bolanymda, munuň mümkin däldigini aýtdylar.

Azatlyk Radiosy: Aýna, sen şol wagt özüňde haýsy keseliň bardygyny anyk bilmeýändigiňi aýtdyň. Seni Eýrana hem goýbermändirler. Sen mundan soň, operasiýa üçin başga, üçünji bir döwlete çykmagy başarandygyňy aýtdyň, soň näme boldy?

Aýna: Hawa, men başga bir döwlete çykmagy başardym. Men doktorlara Türkmenistanda geçen barlaglarymy we analizlerimi görkezdim. Olar resminamalary kabul edip, başga goşmaça barlag geçirmezden operasiýa etdiler. Haçan-da olar şol çişi göwsümden çykaranlarynda, ol ýerde rak ösüntgileriniň bardygy anyklandy. Daşary ýurtly doktorlar nädip muny beýdip bolandygyny, nädip Türkmenistanda doktorlaryň muny edendigine diýseň haýran galdylar.

Azatlyk Radiosy: Sen şondan soň, Türkmenistana dolanman, bejergini daşary ýurtda dowam etdirdiň, şeýlemi?

Aýna: Hawa, şeýle. Biziň doktorlarymyzyň ýalňyşy sebäpli, eýýäm meniň göwsümi doly kesip aýyrdylar. Himiýaterapiýany alýan, kellämde saçym galmady. Eger-de başdan nämäniň bardygyny anyklan bolsalar, onda ähli zat başgaça bolardy. Göwsüm ýerinde durardy. Bu ýaşymda hem munça jepany görmezdim.