Türkmen metbugaty näme üçin yzda süýrenýär?

“Freedom House” guramasynyň strategiýa we analizler bölüminiň wise-prezidenti Kristofer Walker “ýaramazyň ýaramazy” toparyna giren döwletlerde habar serişdeleriniň režime alkyşlary ýagdyrmak üçin ulanylýandygyny aýdýar.

Düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän “Freedom House”, ýagny “Azatlyk öýi” guramasy dünýä ýurtlarynda metbugat azatlygy baradaky ýyllyk hasabatyny çap etdi. Onda Türkmenistana Demirgazyk Koreýadan soňky 196-njy orun ýetipdir. Bu guramanyň geçen ýylky hasabatynda hem Türkmenistan yzdan ikinji bolupdy.

Azatlyk Radiosyndan Nazar Hudaýberdi Türkmenistanda metbugat azatlygynyň ýagdaýy barada aşgabatly žurnalist Aşyrguly Baýryýew bilen gürründeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Türkmen metbugatyny yzygiderli okaýan, radio-telewideniýesine her gün tomaşa edýän, ýurduň içinde ýaşaýan žurnalist hökmünde bu berlen baha barada nämeler aýdarsyňyz?

Aşyrguly Baýryýew: Şol hakykata laýyk gelýär diýip hasap etmek bolar. 1994-nji ýyldan başlap Saparmyrat Nyýazow metbugat azatlygy diýen zady ýoga çykaryp başlady. Ýogsam, perestroýka-üýtgedip gurmak döwründe Türkmenistanda metbugat azatlygy orun alyp ugrady. Şol döwürde tankydy materiallaram, şol bir wagtyň özünde düýpli problemalaýyn materiallar, okyjylaryň, diňleýjileriň aýtmak isleýän zatlary gazet-žurnallarda-da berildi, efirde-de ýaňlandy.

Nyýazow döwlet syrlaryny goramak baradaky komiteti doly dikeltdi, senzurany dikeltdi. Nyýazow eýýäm 90-njy ýyllaryň ortalarynda ähli gazet-žurnallaryň howandary Türkmenistanyň prezidenti diýen bir nysagy çykardy.

Azatlyk Radiosy: “Türkmenistanda gazet-žurnallaryň, beýleki habar serişdeleriniň howandary – prezident” diýen ýörelge häzirem saklanýarmy?

Aşyrguly Baýryýew: Hawa, ol gynansak-da, häzirem saklanyp galýar. Eger-de biz metbugat azatlygyna ýol berjek bolsak, dünýä derejesinde at-abraý aljak bolsak, ilki şondan el çekmeli.

Azatlyk Radiosy: Häzir Türkmenistanda haýsydyr bir garaşsyz neşir organy barmy?

Aşyrguly Baýryýew: Ýok. Garaşsyzlygyň başky ýyllarynda “Kontakt” diýip bir ors dilinde gazet çykdy. Her hepdede bir çykýan şol gazet garaşsyz gazetdi. “Serpaý “ diýibem bir hepdelik çykdy. Emma soňra şol hususy gazetler ýapyldy. Birki ýyl mundan öň “Rysgal” diýip bir gazet çykarylyp başlandy. Şol “Rysgal” diýen gazet Türkmenistanyň Telekeçiler we senagatçylar birleşiginiň organy hökmünde çap edilýär. Ony häkimiýetler garaşsyz gazet, hususy gazet hökmünde agzaýarlar.

Azatlyk Radiosy: Many-mazmuny, berýän informasiýalary boýunça, ony hakykatdan-da garaşsyz metbugat diýip atlandyrmak mümkinmi?

Aşyrguly Baýryýew: Ýok, ony garaşsyz gazet diýip atlandyrmak mümkin däl.

Azatlyk Radiosy: Şol gazetde resmi propagandanyň materiallary çap edilýärmi, mysal üçin, bir adamyň şahsyýetini mahabatlandyrýan ýa-da döwletiň içeri-daşary sysaty bilen bagly materiallar?

Aşyrguly Baýryýew: Bar, şeýle materiallar berilýär, çap edilýär. Käte çakdanaşa köpem berilýär. Ol gazet köplenç iki dilde berilýär. Ors dilindäki materiallaram bar ol gazetde.

Azatlyk Radiosy:Türkmenistanyň tele-radiogepleşikleri bilen ilatyň gyzyklanyşy, gündelik çykýan gazet-žurnallaryň okalyşy nähili?

Aşyrguly Baýryýew: Gazet-žurnallar barasynda aýdylanda, olara köplenç “iki minutlyk metbugat neşirleri” diýýärler. Sebäbi şol iki minudyň dowamynda şol gazetlerde nämeleriň berlendigini bilip bolýar. Radioda “Owaz” kanalynyň gepleşiklerini diňleýärler. Sebäbi ol durşuna aýdym-saz. Aýratynam ýaşlar üçin köp estrada programmalary, konsertler berilýär. Gyzyklanyp seredilýän syýasy gepleşikler ýok. Şu ýerde okyjy, diňleýji, tomaşaçy ýatdan çykarylýar. Olaryň isleg-arzuwlary näme?

Türkmen metbugatynyň, radio-telewideniýesiniň ýagdaýy şeýleräk. Türkmen häkimiýetleri metbugat azatlygyna doly ýol açsalar, onda diňe olaryň özleriniň abraýyna bolar. Dünýä derejesinde şeýle sanawlarda Demirgazyk Koreýa bilen goňşuçylykda durmarys. Şoňa-da bizde doly mümkinçilik bar. Diňe syýasy erk-islegi gerek ýolbaşçylaryň.