Şenbe güni Fransiýanyň prezidenti Nikolýa Sarkozi Halkara Walýuta Fondunyň ozalky başlygy Dominike Strauss-Kahnyň özüni aýyplap eden çykyşlaryny ýazgaryp çykyş etdi.
Fransiýadaky prezidentlik saýlawlaryna esasy dalaşgär boljaklaryň biri diýlip hasaplanylan Dominike Strauss-Kahn geçen ýylyň maýynda Nýu-Ýork şäherindäki myhmanhananyň bir hyzmatçysy bilen jynsy gatnaşyk etmekde aýyplanmagyny şu geçen anna güni öz syýasy garşydaşlarynyň özüne garşy gurnan çäresi diýip atlandyrdy.
Geçen ýyl şol gürrüňi edilýän waka bilen bagly gozgalan jenaýat işi sebäpli Dominike Strauss-Kahn öz wezipesinden gitmäge hem-de prezidentlige dalaş etmek planlaryndan el çekmäge mejbur bolupdy.
“Juda öte geçmek”
Fransiýanyň prezidenti Nikolýa Sarkozi şenbe güni özüniň saýlaw kampaniýasynyň çäklerinde eden çykyşynda Dominike Strauss-Kahnyň bu baradaky aýyplamalaryny ret etdi.
Ol: “Saýlawlara bir hepde galanda, jenap Strauss-Kahn edep-ekram barada sapak berýär we öz başyna düşen hemme işler üçin diňe meniň jogapkärdigimi ýaňzydýar. Bu juda öte geçmek, bu juda öte geçmek” diýip, öz çykyşynda belledi.
Şeýle hem, Nikolýa Sarkozi Dominike Strauss-Kahnyň bu baradaky aýyplamalary barada kanunyň öňünde-de, Fransiýanyň jemgyýetçiliginiň öňünde-de düşündiriş bermelidigini nygtady.
Halkara Walýuta Fondunyň ozalky başlygy Dominike Strauss-Kahn geçen ýylyň maý aýyndan öň Fransiýadaky prezidentlik saýlawlarynda Sosialistik partiýadan ýeňiş gazanyp biläýjek kandidat hasaplanylýardy.
Ol “pynhan duşuşygy” ret etmedi
Geçen ýylyň maý aýynda Dominike Strauss-Kahn Nýu-Ýorkdaky myhmanhanalaryň birinde bir hyzmatçy aýaly jynsy taýdan zorlanlykda aýyplanyp, tussag astyna alnypdy. Birneme soňra, sud “subutnamalaryň ýeterlik däldigine” salgylanyp, oňa bildirilýän jenaýat aýyplamalaryny ýatyrdy.
Dominike Strauss-Kahn anna güni “Guardian” gazetine beren interwýusynda myhmanhananyň hyzmatçysynyň polisiýa şikaýat bilen ýüz tutmagynyň we bu wakanyň jemgyýetçilik dawasyna öwrülmeginiň öz syýasy garşydaşlary tarapyndan gurnalandygyny öňe sürdi.
Ýöne, şol bir wagtyň özünde-de, ol myhmanhanadaky hyzmatçy aýal bilen öz arasynda nähilidir bir “pynhan duşuşygyň” bolandygyny welin ret etmedi.
“Guardian” gazeti Dominike Strauss-Kahnyň bu interwýusynda “olar” diýip ýüzlenmek bilen, onuň Nikolýa Sarkozi üçin işleýän adamlary hem-de onuň partiýasyny göz öňünde tutýandygyny belläpdir.