Moskwada režissýor Bulat Mansurow ýatlanyldy

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, režissýor Bulat Mansurow (çepden-saga üçünji) belli gyrgyz režissýory, merhum Toloşuş Okeýewiň hormatyna gurnalan ýatlama agşamynda söz sözleýär. Moswka, 16-njy noýabr, 2010.

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, Orsýetiň Halk artisti, kinematografiýa boýunça ençeme halkara baýraklarynyň laureaty Bulat Mansurow şu ýyl 75 ýaşamalydy.

Mansurow 2011-nji ýylyň 11-nji martynda Orsýetde aradan çykypdy we Moskwanyň “Troýekurowskoýe” gonamçylgynda jaýlanypdy. 25-nji aprlede Moskwada Orsýetiň Kinematografiýaçylar bileleşiginiň Kino öýünde režissýor, dramaturg we prodýuser, merhum Bulat Mansurowa bagyşlanan medeni agşam geçirildi.

Bulat Mansurowyň aradan çykanyna bir ýyla golaý wagt geçen hem bolsa, onuň ýoldaşlary hem ýakyn hossarlary Mansurow hakynda aýatda diri gezip ýören adam hökmünde geplediler. Moskwada geçirilen medeni agşam merhum adamyň hatyrasyna geçirilen çärä däl-de, diri adamyň ýubileýine meňzedi.

Bulat Mansurowyň ýakyn dosty, Orsýetde we tutuş postsowet giňişliginde tanalýan režissýor Ali Hamraýew medeni agşamy Bulat Mansurow bilen duşuşyk diýip atlandyrdy.

Bulat Mansurow sowet we postsowet kino sungatynyň klassykasyna öwrülen ondan gowrak filmi, şol sanda türkmen, gazak, tatar filmlerini döretdi. Mansurowyň 1963-nji ýylda döreden “Şükür bagşy” kartinasy türkmen tomaşaçylarynyň köpüsine tanyşdyr.

Türkmen režissýorlary ol hakda

Bulat Mansurowyň “Şükür bagşy” filmi Hojadurdy Narlyýewyň kino sungatynda äden ilkinji ädimlerine ýol açypdy. Türkmenistanyň halk artisti, režissýor we aktýor Hojadurdy Narlyýew “Şükür bagşy” kinosynda operatoryň kömekçisi bolanlygyny gürrüň berdi.

Ol Bulat Mansurow bilen bagly öz durmuşynda bolan käbir täsirli pursatlary ýatlap: “Ol meniň üçin gaty köp zat etdi. Ol meniň WGIK kinematografiýa uniwersitetine okuwa girmegim üçin häsiýetnama ýazyp berdi, maňa birinji paltomy satyn alyp berdi. Ol maňa 9 manada aýakgap hem alyp berdi-de, indi, bar, oka diýdi. Men şu gün gije Peterburgdan Moskwa otluda gelýärkäm, ýüregim awap gitdi, onuň ýeri birden boşap galan ýaly boldy. Ol ajaýyp bir adamdy” diýip, öz garaýşyny beýan etdi.

25-nji aprlede Moskwada geçen agşamda Türkmenistanyň at gazanan artisti, kinoaktýor, kinorežissýor Albert Atahanow hem Bulat Mansurowyň iň soňky eseri bolan “Gadymy bulgarlar barada aýdym” atly kartinany döretmek üçin ýeterlik serişde tapman, uly kynçylyk çekenligini gürrüň berdi.

Atahanow Bulat Mansurowyň eserlerini kino sungatynyň altyn fondy diýip atlandyrdy: “Bu biziň kino sungatymyzyň altyn fondy. Men Türkmenistana, kinostudiýa barmaga we ‘Türkmenfilmiň” altyn hazynasyny döretmäge köpden bäri dyrjaşýaryn. Men Aşgabatda türkmen aýdymçylary, bagşylary barada ‘Güneşli ýurduň aýdymlary’ atly filmi surata düşüripdim, bu filmi Aziýanyň 22 ýurdy satyn aldy, emma Türkmenistan almady”.

Turkmenistanly kinorežissýor, Aşgabatdaky ýer tutreme barada kartinanyň awtory Myrat Alyýew hem kino sungatynda äden ilkinji ädimlerini Bulat Mansurowyň kinosynda ädenligini ýatlady.

Ol: “Men Bulatyň ‘Ölüm ýokdur, oglanlar” atly kartinasynda režissýoryň kömekçisi bolup, ilkinji gezek kino sungatyna gelipdim. Men özümi onuň okuwçysy hasap edýärin. Emma, meniň pikirimçe, Aziýanyň, Merkezi Aziýanyň we beýleki regionlaryň kino sungatçylary hem özlerini Bulat Mansuryň okuwçylary hasap etmäge haklydyr” diýip, Myrat Alyýew nygtady.

Goňşularyň hormaty

Bulat Mansurow Sowet Soýuzy darganyndan soň, döredijilik ýyllarynyň bir bölegini Gazagystanda geçiripdi. “Gazakfilmde” onuň “Trizna” we “Beýbars” filmleri döredildi.

Moskwada geçen medeni agşamda gazagystanly intelligensiýa we döredijilik wekilleri hem çykyş etdiler we Gazagystanda Mansurowyň döredijiliginiň gowy tanalýandygyny gürrüň berdiler.

Gazagystanly alym, professor Kasym Maulenow Bulat Mansurowyň adyny Astananyň köçeleriniň birine ýa mekdebine dakmak, şeýdip, onuň adyny ebedileşdirmek inisiatiwasyny öňe sürdi we munuň üçin Gazagystanyň resmilerine ýüz tutmakçydygyny aýtdy.

Bulat Mansurow Gazagystanyň kino sungatyny ösdürenligi üçin 2004-nji ýylda Gazagystan Respublikasynyň prezidentiniň “Şöhrat” ordeni bilen sylaglanypdy. Bulat Mansurowyň medeni agşamyny geçiren guramaçylaryň aýtmaklaryna görä, Türkmenistan tarapy Bulat Mansurowyň döredijiligine gyzyklanma bildirmeýär.

Bulat Mansurowa bagyşlanyp geçirilen medeni agşamda ussadyň döreden filmlerinden bölekler görkezildi, tatar we rus dillerinde aýdymlar aýdyldy.