Türkmenistan: dini ynanjyň öňündäki päsgelçilikler

Feliks Korleý: “Bu dini akymyň wekili Zafar Abdullaýew şol madda boýunça berlip bolýan iň ýokary jeza höküm edildi”.

Türkmenistanda dini azlyklara degişli raýatlaryň gysyşlara sezewar edilýändikleri barada halkara guramalarynyň hasabatlarynda yzygiderli maglumatlar berlip gelinýär. Bu wakalaryň fonunda ýakynda “Ýegowanyň şaýatlary” toparynyň wekili Zafar Abdullaýewiň türmä basylandygy barada-da maglumat gowuşdy.

“Ýegowanyň şaýatlary” atly dini akymyň wekili, 24 ýaşly Zafar Abdullaýew harby gullukdan boýun gaçyrandygy üçin türme tussaglygyna höküm edildi” diýip, düýbi Norwegiýada ýerleşýän “Forum-18” agentligi 18-nji aprelde çap eden maglumatynda habar berýär.

Bu agentligiň baş redaktory Feliks Korleýniň aýtmagyna görä, Abdullaýewe 6-njy martda Daşoguzyň şäher sudy tarapyndan höküm çykarylypdyr.

“‘Ýegowanyň şaýatlary’ dini akymynyň wekili Zafar Abdullaýew şol madda boýunça berlip bolýan iň ýokary jeza höküm edildi. Oňa ‘parahatçylyk döwri harby gullukdan boýun gaçyrdy’ diýen aýyplama boýunça iki ýyl türme tussaglygy berildi” diýip, Korleý telefon arkaly söhbetdeşlikde aýtdy.

Ilkinji gezek däl

Zafar Abdullaýew bilen bagly bu habar barada Türkmenistanyň resmi çeşmelerinden maglumat alyp bolmady. Emma bu “Ýegowanyň şaýatlary” dini akymynyň wekilleri bilen bagly ýüze çykan şonuň ýaly ilkinji waka däldir.

“Ýegowanyň şaýatlary” dini akymynyň resmi websaýtynda ýerleşdirilen maglumatdan çen tutulsa, häzir Türkmenistanda harby gullukdan boýun gaçyrandygy üçin “Ýegowanyň şaýatlarynyň” bäş wekili türmede otyr.

"Ilatynyň 89% musulmanlardan, 9% hem prawoslaw hristianlardan ybaratdygy aýdylýan Türkmenistanda beýleki dini akymlar ýerli ilat üçin täze dinler diýilip hasaplanylýar".

Dini azatlyklaryň ýagdaýy barada maglumat ýaýradýan “Forum-18” agentliginiň baş redakotry Feliks Korleýniň bellemegine görä, “Ýegowanyň şaýatlary” dini akymynyň wekilleri harby gullugyň islendik görnüşine gatnaşmaga berk garşy durýarlar.

Türkmenistanda bolsa, harby gulluk kämillik ýaşyna ýeten oglanlaryň hökmany borjy. Şunlukda, käbir synçylar, bu dini akymyň wekilleriniň yzarlanmagynyň sebäplerinden biriniň hut şu harby gulluk meselesi bilen bagly bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar.

Şol bir wagtyň özünde-de, ilatyň 89% musulmanlardan, 9% hem prawoslaw hristianlardan ybaratdygy aýdylýan Türkmenistanda “Ýegowanyň şaýatlary”, “Baptistler”, “Ýedinji günüň adwentistleri” ýaly beýleki dini akymlar ýerli ilat üçin täze dinler diýilip hasaplanylýar.

Bu hem öz nobatynda bu täze dini akymlara uýýanlar üçin goşmaça kynçylyklary döredýär. Şeýle pikiri öňe sürýänlerden biri hem aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew: “Umuman aýdylanda, halk arasynda şol dini akymlara uýýanlara garaýyş gowy däl. Muny açyk aýtmak gerek. Sebäbi ýurtda öňden bäri yslam ýörelgeleri dowam edýär”.

Dini azlyklaryň kynçylyklary

Ilat arasynda özleri babatda belli bir kese garaýşyň bardygyny şol dini azlyklaryň wekilleri-de tassyklaýarlar. Adynyň efirde tutulmagyny islemedik türkmenistanly “Krişna aň ýetiriş jemgyýeti” dini akymynyň wekiliniň aýtmagyna görä, ilki-ilkiler täze dine geçmegi bilen, onuň maşgalasynda hem belli bir düşünişmezlikler ýüze çykypdyr.

Ol: “Hojalygym tarapyndan belli bir derejede basyş boldy. Ýöne hojalygymyň öz düşünjesi bar, meniň öz düşünjäm bar. Men öz düşünjämde galdym. Emma soňundan birek-birege düşünişip başlaýaň” diýip gürrüň berdi.

Türkmenistanda ilat arasynda belli bir derejede basyşlaryň we gyýa garaýyşlaryň dowam edýänligine garamazdan, ýokarda agzalyp geçilen dini akymlaryň wekillerine soňky ýyllaryň dowamynda belli bir derejede şertler hem döredilip başlana meňzeýär.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň dini azatlyklar boýunça ýayradan hasabatlarynyň birinde häzirki wagt Türkmenistanda Bahaýy, Baptist, “Krişna aň ýetiriş jemgyýeti”, “Ýedinji günüň adwentistleri” ýaly dini azlyklaryň hökümet tarapyndan resmi taýdan hasaba alnandyklary pozitiw bir ýagdaý hökmünde bellenilýär.

Emma, hasaba alnan bu dini gurmalaryň hatarynda “Ýegowanyň şaýatlary” dini akymyň ady agzalmaýar.

Beýleki tarapdan, Türkmenistanda hasaba alnandygy aýdylýan bu dini toparlaryň wekillerine-de dini ybadatlaryny erkin berjaý etmek, wagyz etmek, öz dini edebiýatlaryny ýurda getirmek ýa ýurtda çap etmek ýaly işlerine berk çäklendirmeleriň bardygy barada-da maglumatlar gowuşýar.