Türkiýede harby agdarylyşygyň liderlerine garşy sud başlandy

Çarşenbe güni Turkiýede 1980-nji ýylyň harby hökümet agdarylyşygyna ýolbaşçylyk edenlerden ikisine garşy sud işi başlandy.

Bu sud prosesinde Türkiýäniň şol wagtky goşun ýolbaşçysy we soňra ýurda prezidentlik eden Kenan Ewren bilen Türkiýäniň şol wagtky harby-howa güýçleriniň komanduýuşisi Tahsin Şahinkaýa bildirilýän jenaýat aýyplamalaryna garalar.

Bularyň ikisine-de 1980-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda raýat hökümetini agdarmak arkaly, döwlete garşy jenaýat edenlikde aýyplama bildirilýär.

Şol häkimiýet agdarylyşygynyň yzy bilen üç ýyl dowam eden harby režimiň döwründe 50 adam jezalandyrylyp öldürilipdi we ýarym million töweregi adam türmelere salnypdy, ýüzlerçe adamyň dereksiz ýitirim bolandygy aýdylýar.