ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew bilen özara şahsy gepleşikde aýdan sözleriniň arkasynda durýandygyny tassyklap çykyş etdi. Mundan ozal amerikanyň respublikançylary Obamany, eger-de täze möhlete prezident saýlansa, onda ol Orsýetiň tarapyna ýykgyn eder diýip aýypladylar.
Günorta Koreýanyň paýtagty Seulda geçen sammitiň dowamynda, duşenbe güni, Obamanyň Medwedew bilen şahsy gepleşigi açyk mikorofona düşdi. Gepleşigiň dowamynda Amerikanyň prezidenti ozüniň orsýetli kärdeşine, ABŞ-daky saýlawlardan soň, ýaraglary çäklendirmek meselesi, şeýle-de howa hüjüminden goranyş sistemalary boýunça “has çeýe” boljakdygyny aýtdy.
Noýabr aýynda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynda Obamanyň garşydaşy bolar öýdülip garaşylýan Mitt Romneý Obamany Orsýetiň talaplaryny berjaý etmäge uly taýýarlygy bar diýip aýyplady.
Obama sişenbe güni çykyş edip, özüniň sözlerinde hiç bir ters pikriň ýokdugyny aýtdy. Duşenbe güni ol Medwedewden noýabrdaky saýlawlara çenli “maý” bermegi soraýar: “Bu meniň soňky saýlawym. Saýlawlardan soň men has çeýe bolaryn”.
Medwedew bu baradaky habary Wladimir Putine ýetirjekdigini aýdýar: “Men düşünýän. Men bu maglumaty Wladimire ýetirerin”.
“Respublikan” partiýasyndan kandidat Romneý San-Diýegoda eden çykyşynda Orsýeti “dünýä arenasynda dostana bolmadyk şahs” diýip atlandyrdy. Şeýle-de ol Obamanyň sözlerini “howsalaly we alada dörediji” diýip häsiýetlendirdi: “Halkara arenasynda Orsýet dostana şahs däl. Çeýe bolmagy niýet edinýän prezidentiň Orsýet bilen gatnaşyklary barada Amerikanyň halkyna jogap berip bilmezligi juda howsalaly we alada dörediji bir zat”.
ABŞ-nyň we NATO-nyň Ýewropada raketa hüjüminden goranyş sistemasyny ýerleşdirmek planlary Moskwa bilen Waşingtonyň arasyndaky ynjyk mesele bolup gelýär. ABŞ we onuň ýaranlary bu sistemanyň Eýran ýaly döwletlerden edilip bilinjek raketa hüjümlerine garşy guruljakdygyny öňe sürýärler. Ýöne Orsýet munuň netijesinde özüniň hüjüm etmek mümkinçiliginiň peselip biljekdiginden howatyr edýär.
Sişenbe güni eden çykyşynda Obama amerikan saýlawçylaryndan “hiç bir zady gizlemeýändigini” belledi. Şeýle-de ol çylşyrymly ýarag meseleleri boýunça ikitaraplaýyn gepleşikleri alyp barmak boýunça Pentagonyň we Kongresiň razylygynyň zerurdygyny nygtady.
Obamanyň saýlaw kampaniýasynyň metbugat wekili Ben LaBolt çykyş edip, Romneýiň “prezidentiň sözlerini ýoýmak bilen, özüniň ynamdan düşýändigini” aýtdy.