Obama dartgynly regiona sapara bardy

Prezidenti Obama Günorta Koreýa bilen Demirgazyk Korýanyň araçägindäki “Demilitarizasiýa zonasy” diýlip atlandyrylýan ýerde Demirgazyk Korýanyň territoriýasyna dürbi arkaly syn edýär. 25-nji mart, 2012.

Ýekşenbe güni Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Günorta Koreýa bilen Demirgazyk Korýanyň araçägindäki “Demilitarizasiýa zonasy” diýlip atlandyrylýan ýere sapar etdi.

Ol bu ýerdäki serhet gözegçilik postuna baryp, ol ýerdäki amerikan harbylary bilen duşuşdy. Amerikan prezidentleriniň Günorta Koreýa bilen Demirgazyk Koreýanyň araçägindäki “Demilitarizasiýa zonasyna” saparlary soňky onýyllyklarda özboluşly bir däbe öwrüldi.

Mundan ozal bu ýere ABŞ-nyň ozalky prezidentleri Ronald Reýgan, Bill Klinton we Jorj Buş dagylar-da sapar edipdi.

Barak Obama Günorta Koreýa edýän häzirki saparynyň barşynda hepdäniň duşenbe güni ýadro terrorizminiň potensial howplary bilen baglanyşykly Seulda açyljak halkara konferensiýasyna-da gatnaşar.

Bu konferensiýa dünýäniň 50-den gowrak ýurdundan döwlet liderleriniň gatnajykdygy habar berilýär.

Möhüm gepleşiklere-de garaşylýar

Ýekşenbe güni giçlik prezident Obama Günorta Koreýanyň prezidenti Li Mýung-Bak bilen gepleşik geçirdi.

Günorta Koreýa saparynyň dowamynda ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýýyp Erdogan bilen-de duşuşyp, Siriýadaky krizisler bilen baglanyşykly gepleşik geçirer diýlip garaşylýar.

Mundan daşary, amerikan prezidenti hepdäniň duşenbe güni Hytaýyň prezidenti Hu Žintao hem-de Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew dagylar bilen-de gepleşik geçirmekligi planlaşdyrýar.

Ýadro howpsuzlyk meselesine bagyşlanylyp duşenbe güni Seulda açylýan iki günlük sammitde döwlet liderleri ýadro terrorizminiň döremek howpunyň öňüni almak meseleleri bilen baglanyşykly maslahat ederler.

Bu sammitiň geçirilýän döwri Demirgazyk Koreýanyň uzak aralyga uçýan raketasyny kosmosa uçurmak planlary bilen baglanyşykly dartgynlaşan günlere gabat geldi.