Resmi Aşgabat “gara sanawy” ret edýär

Türkmen resmisiniň agzap geçen çäklendirmeler kategoriýalarynyň hiç birine gatnaşygy bolmadyk adamlaryň hem Türkmenstanyň daşyna çykmakda kynçylyk çekýänligi habar berilýär.

Ýakynda Nýu -Ýorkda BMG-niň Adam hukuklary boýunça komitetinde eden çykyşynda türkmen resmileri raýatlaryň ähli azatlyklarynyň, şol sanda hereket azatlygynyň berjaý edilýänligini aýdyp, “gara sanawlary” ret etdiler.

BMG-niň Adam hukuklary boýunça komitetinde eden çykyşynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň birinji orunbasary Wepa Hajyýew Türkmenistanda raýatlaryň hereket azatlygyny çäklendirýän “Gara sanawyň” ulanylýanlygy baradaky maglumatlary ret etdi.

“Gara sanaw… 37 müň adam, raýatlar, loýal bolmadyk oppozisiýa, studentler… Biziň halkara jemgyýetçiligine az maglumat berýänligimiz – biziň betbagtçylygymyzdyr. Biz munuň üstünde işleýäris. Elbetde, şeýle sanaw ýok” diýip, Hajyýew aýtdy.

Türkmen resmisi, şol bir wagtda-da raýatlaryň ýurtdan çykmagyny gadagan edýän käbir kategoriýalaryň bardygyny hem tassyklady. Onuň aýtmagyna görä, bu kategoriýalara derňew astyndakylar, alimentler bilen bagly işi graždan sudunda garalýan adamlar, bergili ýa-da milli howpsuzlyga degişli bähbitler bilen bagly syrlary, döwlet syrlaryny bilýänler girýär.

“Emma bu köpçülikleýin häsiýetli ýagdaý däl. Aýratynam oppozisiýa we graždan aktiwistleri diýilýänler bilen baglylykda. Eger daşary çykmaga isleg bar bolsa, ýaşyl ýol” diýip, Hajyýew aýtdy.

Ýurtdan çykmak

Emma türkmen resmisiniň agzap geçen çäklendirmeler kategoriýalarynyň hiç birine gatnaşygy bolmadyk adamlaryň hem Türkmenstanyň daşyna çykmakda kynçylyk çekýänligi habar berilýär. 22 ýaşly Arslanyň atasy Nurmuhammet Hanamow hem şolaryň arasynda. Ol Türkmenistanyň daşynda hereket edýän oppozisiýa lideriniň biri.

“Ine, meniň agtygym. Ol hiç bir zada bagly däl. Kanuny bozan adam däl. Geçen ýyl resmi gullugyny gutaransoň Orsýetde okamak üçin gitmäge synanyşanda aeroportda yzyna gaýtardylar. Nämüçin diýende-de, jogap bermän. Meniň agtygym bolany üçin” diýip, Hanamow aýdýar.

Emma ýurtdan çykyp bilmän kosenýän türkmenistanlylaryň arasynda oppozisiýanyň maşgala agzalary bolmadyk ýönekeý adamlar hem bar. Günbatar yurtlarynyň birinde ýaşaýan türkmenistanly zenan Azatlyk Radiosyna öz ene-atasynyň 10 ýyl bäri Turkmenistanyň daşyna çykyp bilmän kösenýänligini gürrüň berdi. Bu zenan howpsuzlygy nukdaýnazaryndan efirde adynyň tutulmagyny islemedi.

Ýurtdan çykmagy gadagan edilen raýatlaryň biri, Aşgabadyň ýaşaýjysy Maýa Açylowa, geçen ýylyň 24-nji martynda Döwlet migrasiýa gullugyna ýazan arzasyna gullugyň başlygynyň orunbasary E. Abdyrasulowdan 30-njy iýulda şeýle jogap alypdy:

“Arzaňyzyň Gullugymyz tarapyndan doly öwrenilendigini we şol arzaňyzyň degişli edaralaryň garamagyna ugradylandygyny, şeýle hem degişli edaralaryň gelen netijesine görä, Siziň ýurduň çäginden çykmaklygyňyza girizilen çäklendirmäniň öňki güýjünde galdyrylandygyny habar berýäris”.

Maýa Açylowa türkmen resmisiniň agzaýan kategoriýalarynyň hiç birine degişli däldigini aýdýar.

Ýurda barmak

Hanamowyň agtygy, Günbatarda ýaşaýan zenanyň garyndaşlary, Maýa Açylowa Türkmenistanyň daşyna çykyp bilmän kösenýärka, çäklendirmeler Türkmenistanyň daşynda ýaşaýan Kakanyň durmuşyny hem kynlaşdyrýar.

35 ýaşly Kaka Eýranyň raýaty we Eýranda ýaşaýar. Onuň aýaly hem çagasy bolsa Türkmenistanda ýaşaýarlar. Ol dört ýyl bäri ne maşgalasynyň Eýrana gelip bilýändigini, ne-de özüniň aňryk gidip bilýändigini aýdýar.

“Meniň wizamam otkaz berýärler. Turistiçeskiý wiza tabşyrýan, şonam otkaz berýärler. Men maşgalamy gidip görmäge hakym bardyra? Meniň maşgalamy görmäge hakym ýokmy? Men näme çagamy görmeli dälmi?” diýip, Kaka sorag goýýar.

Türkmenistana, sebäbi düşündirilmezden, goýberilmedik asly türkmenistanlylaryň biri Azatlyk Radiosynyň žurnalisti Allamyrat Rahym. Ol 2010-njy ýylyň maý aýynda Aşgabadyň aeroportynda pasport gözegçiliginden geçirilmän, yzyna deportasiýa edilipdi.

Hereket azatlygy bilen bagly ýagdaý türkmen resmisiniň BMG-niň Adam hukuklary boýunça komitetinde eden çykyşynda aýdyşy ýaly bolmasa-da, käbir özgerişlikleriň bolanlygyny hem bellemek mümkin. Azatlyk Radiosy bilen hyzmatdaşlyk edýän garaşsyz žurnalist Aşyrguly Baýryýewyň habar bermegine görä, türkmen häkimiýetleri oňa ýurtdan çykmaga rugsat berýändiklerini duýdurypdyrlar.