2011: Çilimden ölenleriň sany 6 million

Hasabatda getirilen maglumatlara görä, soňky döwürde temmäki serişdelerini ulanmak höwesi pes we orta girdejili döwletlerde has ýokarlanypdyr.

Diňe geçen ýylyň özünde dünýäde temmäki serişdeleri sebäpli ölen adamlaryň sany 6 milliona ýetdi. Bu barada ýakynda çap bolan “Tobakko Atlas” atly hasabatda aýdylýar. Hasabatdaky berlen maglumatlardan çen tutulsa, onda 2009-njy ýylda çekilen çilimleriň sany, geçen on ýyllyk bilen deňeşdirilende 13% ýokarlanyp, san hasabynda 5,9 trillion çilime deň bolupdyr.

Hasabatda getirilen maglumatlara görä, soňky döwürde temmäki serişdelerini ulanmak höwesi pes we orta girdejili döwletlerde has ýokarlanypdyr. 1990-2009-njy ýyllar aralygynda Günbatar Ýewropada temmäki serişdelerini ulanmak derejesi 26% azalan bolsa, degişlilikdäki döwürde Ýakyn Gündogarda we Afrikada bu görkezji 57% artypdyr.

Ekspertler muny ýokary girdejili döwletlerde çilimkeşlige garşy alnyp barylýan kampaniýalaryň netijesi, temmäkiniň ýetirýän zyýanyna adamlaryň düşünip başlamagy diýip düşündirýärler.

Çehiýaly lukman Ýana Kotowskaýanyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, çilimkeşlik adam bedenine esasan iki ugur boýunça zyýan ýetirýär. Birinjiden, ýürek-damar sistemasyna, ýagny ýürege we arteriýalara, beýleki tarapdan, öýkene, ýagny dem alyş ulgamyna ýaramaz täsir ýetirýär.

“Birinji ýagdaýda ýürek agyry, ýokary gan basyşy, kelle agyry ýaly näsazlyklar dörese, ikinji ýagdaýda ol rak ösüntgileriniň döremegine getirýär” diýip, Kotowskaýa aýdýar.

Hasabatda aýratyn nygtalyşy ýaly, temmäki serişdeleri mahabatlandyrylanda, onda çilim çekýän erkekler beýlekilere görä has güýçli, edermen edilip şekillendirilse-de, iş ýüzünde bu tersine bolup çykýar. Her ýyl ortaça 4 milliona golaý erkek temmäki zerarly önelgesizlik, saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy, ir ölüm ýaly zatlara sezewar bolýar.

Zenanlaryň arasynda...

Hasabatda soňky döwürde çilimkeşligiň aýallaryň, hususan-da ýaş gyzlaryň arasynda artyp başlandygy bellenilýär. Maglumata görä, häzir dünýäde 200 milliona golaý aýal maşgala çilim çekýär. Mahabatlandyryjy kampaniýalar çilim çekmegiň aýallary hamana sosial deňlige ýetirýändigini mazamlap, çilim önümlerini halk köpçüligine ýetirýärler.

Hasabatda bellenmegine görä, mundan bir asyr öň Amerikada bir kompaniýa aýallaryň ses bermek hukugyny “Azatlygyň ýol görkezijisi” atly çilim bilen deňeşdirip, temmäki serişdelerini mahabatlandyrypdyr.

Bazarda aýallar üçin ýörite “ýuwan” çilimler satylýar. Hasabatda bellenişi ýaly, zenan maşgalalar hem bu hili çilimleriň az zyýan ýetirýändigi baradaky ýalňyş düşünjeden ugur alyp, bu görnüşdäki çilimleri ulanýarlar. Aslynda “ýuwan” diýilýän çilimler bilen adaty çilimleriň düzümindäki nikotiniň derejesi deňdir diýip, hasabatda nygatlaýar.

Hasabata görä, çilim çekýän aýallarda çaga öndürmek ukyby peselýär, şeýle-de olaryň bu endigi olardan önýän nesle hem oňaýsyz täsirini ýetirýär.

Ýaşlar

“Tobakko Atlas” hasabatynyň awtorlary çilim öndürýän kompaniýalar ýaşlara özüniň geljekki müşderileri hökmünde mümkinçilik nazarýetinden garaýarlar diýýärler. Mysal üçin, ABŞ-da çilimkeşleriň 83%-niň 18 ýaşdan kiçikä çilim çekmäge başlandygy aýdylýar.

Uly adamlar bilen birlikde ýetginjek oglanlaryň köpüsi, çilim çekseler, özlerini hakyky erkek kişi hökmünde görkezýändirin öýdýärler. Hasabatda bellenişi ýaly, bu tersine, çilim oglanlaryň saglygyna ýaramaz zyýan ýetirip, hatda olaryň bedeniniň ukybyny peseldýär.

Oglanlarda bolşy ýaly, ýetginjek gyzlar hem entek doly kemala gelmänkäler, çilim çekip başlaýarlar. Bu hem olaryň, çilim çekseler, has garaşsyz we meşhur adam bolýandyklary baradaky ýalňyş düşünjeden gelip çykýar. Çilimiň bedeniň agramyny peseldýändigi baradaky düşünjäniň hem ýalňyşdygy hasabatda bellenilip geçilýär.

Hasabatda Merkezi Aziýa döwletleri barada jikme-jik maglumat berilmese-de, Türkmenistan geçen ýylyň maýynda Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň (BSG) “Temmäkä garşy göreşmegiň” çarçuwaly Konwensiýasyna resmi taýdan goşuldy. Türkmenistan bu çarçuwaly Konwensiýasyna resmi taýdan gol goýansoň, ýurtda temmäki serişdeleriniň bahasy göz-görtele ýokarlandy.

Çilimiň bahasynyň ýokarlanmagy Türkmenistanda dürli-dürli garaýyşlaryň döremegine getirdi. Käbirleri munuň ýurtda çilimkeşligiň ýaýramagyna garşy edilen oňaýly ädim bolandygyny aýtsa, beýlekiler temmäki önüminiň gytçylygy we çilimleriň bahasynyň ýokarlanmagy bilen köpler çilime alternatiw has arzan serişdeleri çekip başlandygyny aýdýarlar. Lukmanlaryň bellemegine görä, bu çilimkeşleriň saglygyna has hem beter zyýan ýetirýär.