Geçen hepde Nýu-Ýorkda BMG-niň Adam hukuklary boýunça komitetiniň 104-nji sessiýasynda Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy boýunça geçirilen iki günlük diňlenişigiň dowamynda beýleki meseleler bilen bir hatarda ýurtdaky syýasy partiýalaryň ýagdaýyna hem seredilip geçildi. Maslahatyň dowamynda ekspertler bu ugurda ýurtda nähili özgerişligiň bardygyny sorap, türkmen tarapyna ýüzlendiler.
Türkmen delegasiýasynyň agzalarynyň biri, daşary işler ministriniň birinji orunbasary Wepa Hajyýew häzir ýurtda emeli däl-de, eýsem kadaly iş alyp barjak “Daýhanlar partiýasynyň” döredilmegine mümkiniçiligiň dörändigini belläp geçdi:
—Ol partiýanyň düzüminde oba-hojalygynyň wekilleri bir ýere jemlenip, öz nukdaýnazarlaryny beýan ederler, şeýle-de pikirlerini we garaýyşlaryny öz halk wekillerine, hökümete ýetirip bilerler.
“Daýhanlar partiýasynyň” döredilmegi baradaky pikir mundan iki ýyl töweregi ozal, ýagny 2010-njy ýylda Daşoguzda geçen ýaşulularyň maslahatynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan orta atylypdy. Şonda ol şeýle diýipdi:
—Ýurdumyzda, meselem, daýhanlar partiýasynyň döredilmegi, agrar syýasatyny doly amala aşyrmak boýunça, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýär.
Prezidentiň bu çykyşyndan soň iki ýyl çemesi wagt geçdi. Geçen hepdede ýurduň daşary işler ministriniň birinj orunbasary Hajyýew hem bu meselä ýene dolanyp, häzir “Daýhanlar partiýasynyň” döredilmegine mümkinçilikleriň emele gelendigini aýtdy.
Nähili mümkinçilikler bar?
Häzir Türkmenistanda ýeke-täk syýasy partiýa – häkimiýet başyndaky Türkmenistanyň “Demokratik partiýasy” hereket edýär. Aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew prezident köppartiýalylyk sistemasyna geçmek boýunça ençeme gezek çykyş eden bolsa-da, bu işiň entek durmuşa geçirilmändigine ünsi çekýär.
Hajyýewiň pikirinden tapawutlylykda, günbatarly ekspertler Türkmenistanda “Demokrtaik partiýadan” başga bir syýasy partiýanyň döredilmegine mümkinçiligiň juda çäklidigini öňe sürýärler. Olaryň bellemegine görä, Türkmenistanda partiýa dörediläýen halatynda-da, bu hökümete ygrarly syýasy gurama bolar.
Düýbi Brýusselde ýerleşýän EUCAM, ýagny Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa Monitoring programmasynyň başlygy, şeýle hem düýbi Ispaniýada ýerleşýän “Fride” analiz merkeziniň spesialisti Ýos Bunstra bu ugur boýunça Türkmenistanyň we Gazagystanyň arasynda bir deňeşdirme getirýär:
—Geljekde Türkmenistanda ýene bir syýasy partiýa döredilip bilner. Ýöne bu hökümete ygrarly, onuň gözegçiligindäki bir syýasy gurluş bolar. Mysal hökmünde Gazagystana seredip görüň. Geçen parlament saýlawlarynda parlamente prezidentiň partiýasyndan başga-da partiýalar girdi. Ýöne olaryň ählisi dolandyryjy partiýa ygrarly bolup galdylar.
Kanunçylyk
BMG-niň Adam hukuklary boýunça komitetinde geçirilen diňlenişikde ýakynda Türkmenistanda kabul edilen “Syýasy partiýalar baradaky” kanun dogrusynda-da gürrüň edildi. Komitetiň agzasy, amerikan eksperti Gerald L. Neumanyň pikiriçe, kanunda getirilen maddalar ýurtda syýasy partiýany hasaba aldyrmak boýunça belli bir böwetleri we çäklendirmeleri döredýär.
Diňlenişige gatnaşan, türkmen delegasiýasynyň bir agzasy, Türkmenistanyň Demokratiýa we Adam hukuklary boýunça milli institutynyň müdiri Ýazdursun Gurbannazarowa syýasy partiýalar baradaky kanun kabul edilmezinden öň hem, kanunçylyga görä, syýasy partiýalary döretmek boýunça çäklendirmeleriň bolmandygyny aýtdy. Soňra ol ýene şeýle diýdi:
—Ýöne ýakynda kabul edilen kanun boýunça häzir bir zat aýdardan entek ir. Kabul edilýän ähli kanunlaryň oňaýly we oňaýsyz taraplary diňe belli bir wagtdan soň belli bolýar.
Aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň pikiriçe, “Syýasy partiýalar baradaky” kanunyň şertlerinden gaýry, adamlaryň özlerinde ýurtda başga bir syýasy partiýany döretmäge bolan ymtylma-da ýok:
—Bu mesele boýunça adamlaryň özi-de jemgyýetiň öňündäki jogapkärçiligini boýun alyp, halkyň, milletiň ilerlemegindäki borjuna düşünip, ol ýa-da beýleki syýasy partiýany döretmek hereketi göze ilenok.
EUCAM programmasynyň başlygy Ýos Bunstranyň öňe sürmegine görä, häzir Türkmenistanda gorky faktory höküm sürýär. Bunstra Türkmenistanda resmileriň tussag edilmegi ýa-da wezipesinden çekilmek howpy sebäpli, häkimiýet başyndaky partiýadan özge bir partiýany döretjek syýasatçylaryň, jemgyýetçilik işgärleriniň boljakdygyna ynanmaýandygyny aýdýar.