Türkmenistandaky hukuk ýagdaýlary gozgaldy

Diňlenişikde çykyş edenleriň sözlerinden çen tutulsa, käbir ugurlar boýunça ýagdaý öňki prezident Saparmyrat Nyýazow döwründäkiden hem agyrlaşyp başlapdyr.

13-nji martda düýbi Waşingtonda ýerleşýän “Açyk jemgyýet institutynda” Türkmenistanda adam hukuklarynyň bozulmalary boýunça diňlenişik geçirildi. Onda ynsan hukuklary ugrundan ençeme eskpertler öz maglumatlary bilen çykyş edip, diňlenişige gelenleriň soraglaryna jogap berdiler.

Waşingtonda gurnalan çärede Türkmenistanyň häzirki wagtda adam hukuklary boýunça ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary, ýakynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň ikinji möhlete prezidentlige saýlanmagy ýaly ugurlar barada gürrüň edildi.

Bu diňlenişige ynsan adam hukuklaryny goraýjylaryň ençemesi we ekspertler gatnaşyp, olar gozgalan meseleler boýunça maglumatlar bilen çykyş etdiler. Olaryň arasynda Türkmenistanyň daşynda iş alyp barýan “Türkmen inisiatiwasy” toparynyň ýolbaşçysy Farid Tuhbatullin, “Türkmenistanyň Demokratik graždan bileleşiginiň” ýolbaşçysy Wýaçeslaw Mamedow, “Türkmenistanyň Garaşsyz hukukçylar assosiýasiýasynyň” direktory Temirhan Misrikhanow we Merkezi Aziýa-Kawkaz institutynyň we “Ýüpek ýoluny öwreniş programmasynyň” we Jon Hopkins Uniwersitetiniň Halkara barlaglary merkeziniň ylmy işgäri Sebastiýen Peýrhaus dagylar hem bardy.

“Täze Gorbaçýow bolar öýdüldi”

Diňlenişik başlanan badyna ilki gürrüňi edilen meselelerden biri – Gurbanguly Berdimuhamedowyň sesleriň 97% çemesini alyp, ikinji möhlete prezidentlige saýlanmagy bilen bagly boldy. Çärä gelen adam hukuklaryny goraýjylaryň köpüsi prezidentiň täzeden saýlanmagynyň özleri üçin garaşylan zat bolandygyny aýtdylar.

Jon Hopkins Uniwersitetiniň Halkara barlaglary merkeziniň ylmy işgäri Sebastiýen Peýrhaus saýlawlarda Berdimuhamedow bilen bäsleşen kandidatlaryň ählisiniň hökümet tarapyndan makullanan adamlar bolandygyny belledi:

—Saýlawlar diýilýän bu çäräde hödürlenen kandidatlaryň ählisi-de ýurtdaky ýeke-täk resmi hasaba alnan partiýanyň agzalary. Bu Demokratik partiýa ozalky Türkmenistanyň Kommunistik partiýasynyň dowamy ýaly bir zat.

Adamlar ýurtda uly özgerişlikleriň boljakdygyna, azat metbugatyň dörediljekdigine umyt bagladylar. Ýöne bularyň ählisi boş hyýal bolup çykdy.
Wýaçeslaw Mammedow 2007-nji ýylda Berdimuhamedow ilkinji gezek prezidentlige saýlananda, adamlarda özgerişlige umyt bolan bolsa, geçen fewraldaky saýlawlara adamlaryň aglabasynyň hiç bir tamasyz barandyklaryny aýtdy:

—Berdimuhmedowyň häkimiýete gelmegi bilen köpler onuň Gorbaçýow ýaly boljakdygyny çak etdiler. Adamlar ýurtda uly özgerişlikleriň boljakdygyna, azat metbugatyň dörediljekdigine umyt bagladylar. Ýöne bularyň ählisi boş hyýal bolup çykdy.

Diňlenişikde çykyş edenleriň köpüsi Berdimuhamedowyň häkimiýete geçmegi bilen käbir pudaklarda, hususan-da medisina, bilim ulgamlarynda käbir özgerişlikleriň amala aşyrylandygyny belläp geçdiler. Ýöne, olaryň öňe sürmegine görä, bularyň aglabasy diňe göz üçin edilen iş bolup, iş ýüzünde bularyň düýpli täsiri bolmandyr.

Diňlenişikde çykyş edenleriň sözlerinden çen tutulsa, käbir ugurlar boýunça ýagdaý öňki prezident Saparmyrat Nyýazow döwründäkiden hem agyrlaşyp başlapdyr. Mamedowyň getirýän maglumatyna görä, häzir Berdimuhmedow haýsydyyr bir çärä barsa, ony garşylamaga juda köp sanly adam ýygnalýar:

—Nyýazow döwründe ony garşylamaga 2000-3000 adam gatnaşdyrylan bolsa, mysal üçin, oktýabr aýynda, Berdimuhamedow “Awaza” baranynda, onuň öňünden 7 müň adamyň çykarylmagy talap edildi. Bu-da mugallymlaryň, okuwçylaryň we studentleriň hasabyna ýygnalýar.

“Günbatar göz ýumýar”

Diňlenişikde çykyş edenleriň maglumatyndan belli bolşuna görä, häzir Türkmenistanda sosial üpjünçilik, graždan jemgyýetçiligi, azat media ýaly ugurlarda edilmeli uly işler bar.

Sişenbe güni Waşingtonda geçirilen diňlenişikde çykyş eden adam hukuklaryny goraýjylar Günbatary Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýyna ünsi güýçlendirmäge çagyryp, bu ugurda ýeterlik işiň edilmeýändigini-de bellediler.

Ýewropa guramalarynyň ençemesi türkmen gazyny almak umydy sebäpli, türkmen resmilerini öýkeletmejek bolup, köp zada göz ýummaly bolýandyklaryny duýdurdylar.
Adam hukuklaryny goraýjylaryň öňe sürmegine görä, bu ugurda edilmeli işlere Türkmenistanyň baý energiýa zapaslary öz täsirini ýetirýär. Farid Tuhbatullin bu meseläni gozgap, şeýle çykyş etdi:

—Biz ençeme halkara guramalary, şol sanda BMG we ÝB üçin hem hasabatlary taýýarlap gelýäris. Biz hasabatlarymyzda Türkmenistandaky gözgyny ýagdaýlary belläp, bularyň hötdesinden gelmek üçin nähili basyşlar etmelidigini hem görkezýäris. Bize bu barada göni aýdylmasa-da, Ýewropa guramalarynyň ençemesi türkmen gazyny almak umydy sebäpli, türkmen resmilerini öýkeletmejek bolup, köp zada göz ýummaly bolýandyklaryny duýdurdylar.

“Türkmenistanyň Demokratik graždan bileleşiginiň” ýolbaşçysy Wýaçeslaw Mammedowyň pikiriçe, dünýäniň geosyýasatyny kadalaşdyrýan döwletleriň Türkmenistanda dörän awtoritar režime wagtynda ýeterlik üns bermändigi sebäpli şeýle ýagdaý döräpdir.