Müsür: iki ysraýylly we bir ukrainaly ömürlik türme tussaglygyna höküm edildi

Müsüriň döwlet mediasynyň berýän maglumatyna görä, ýurduň sudy ysraýylly iki araby we bir ukrainalyny ömürlik türme tussaglygyna höküm edipdir. Olar Ysraýylyň serhedi arkaly Müsüre awtomat ýaraglaryny geçirenlikde aýyplandylar.

Şonuň ýaly-da, olaryň hersine 10 müň dollara barabar jerime salyndy.

Geçen ýylyň noýabrynda bir ukraýinaly we bir ysraýylly tussag edilipdi. Awtomat ýaraglarynyň gaçakçylygynda güman edilýän üçünji adama gaýybana iş kesildi.

Prokurorlaryň aýtmaklaryna görä, Müsüriň Şarm el-Şeýh şäherindäki turizm kompaniýasynyň iş dolandyryjysy bolan ukrainaly bir ysraýylla ýarag getirmegi tabşyrypdyr.

Habarlara görä, ukrainaly öz şahsy goragy üçin ýarag edinmek isländigini aýdypdyr.