Teýmur: ‘Saz maňa dirilik berýär’

Teýmur Kor

Asly Eýrandan bolan Teýmur Kor Germaniýada ýaşaýar. Ol 1965-nji ýylyň sentýabrynda Türkmensährada ýerleşen Kümmet Kowus şäherinde dünýä inipdi. Soňra bilim almak üçin Türkmenistana geldi hem 1986-njy ýylda Aşgabadyň Daňatar Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk uçilişesine okuwa girdi. Ol halk saz gurallary bölüminde dutar boýunça ýörite sapak aldy. Ol şondan bäri öz durmuşyny hem ömrüni milli sungatdan aýry göz öňüne getirip bilmeýändigini aýdýar. Ol dürli kärde işlese-de, nirede ýaşasa-da, dutary mydama ýanynda.

Şonuň bilen birlikde ol “turkmenkultur” ady bilen elektron sahypasyny-da ýöredýär. Ol daşary ýurtda türkmen dilinde döredilen ilkinji uly saýtlaryň biri bolup, türkmen medeniýetini köpçülige ýaýýar.

“Turkmenkultur” elektron saýtynyň iň görnükli ornunda halk aýdym-sazlary hem çeper edebiýatdan bölekler ýerleşdirlipdir. Ýazyjy Hudaýberdi Hally Teýmurdan bu işlere nähili baş goşandygy barada sorady.

Teýmur: Elektron sahypany ýola salanymda onuň ilkinji ady “Edebiýat we sungatdy”. Okyjylar “ady uzak bolýar, ýazmasy kyn” diýip duransoňlar, ony “turkmenkultur” diýip goýdum. Döräli bäri bu sahypa kän adam girýär. Türkmenler barada bir zat aýtjaklara, bilim aljaklara gollanma bolýar. Bu ýerde edebiýat hem sungat ugrundan birtopar kitap bar. Bu başgalar üçin kitaphana bolup hyzmat edýär. Adamlar ondan peýdalanýarlar. Muňa men begenýän. Soňky iki aýyň içinde 30100-30200 adam girip çykdy. Şol meni diýseň begendirýär.

H. Hally: Bu iş seniň wagtyňa ýa hojalyk harajadyňa täsir edýärmi?

Teýmur: Elbetde, bu meniň wagtymy gaty köp alýar. Muňa ýerleşdirmeli zatlar ummasyz, asyl onuň yzy ýok. Nähilem bolsa men maşgalamy eklemeli, işlemeli. Men ýük maşynyny süremsoň, hepdeläp-hepdeläp ýolda bolýan. Men noutbuky öz ýanym bilen äkidýän, dynç wagtlary oturyp işleýän. Bu meniň durmuşyma päsgel berenok. Öz iliňe hyzmat etmegiň özi ullakan bagt. Maňa şondan beter bagtly zat ýok.

H. Hally: “Ädikçiniň ädigi bitmez” diýlişi ýaly, sen bu elektron sahypaňda, öz çalan sazlaryňdan goýmansyň. Näme üçin beýle?

Teýmur: Durmuş, gün-güzeran aladalary bilen men soňky wagtlar dutar çalyp bilmedim. Dutary mydama çalmasaň, barmaklaryň kütelýar. Alla halasa geljekde goýaryn.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

"Gökdepe mukamy"


Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

"Öltürer"



H. Hally: Şonuň bilen birlikde, sen türkmen diliniň sözlügini-de öz sahypaňda ýerleşdirip başlapsyň. Sen bu agyr zähmete nädip girişdiň?

Teýmur: Muny başlanyma bäş ýyl boldy. Bu köp wagtymy alýar. Sebäbi harpma-harp görmeli bolýan. Başarsam ýalňyş goýbermejek bolýan. Elbetde, ýalňyş gidýär. Türkmenistana baryp okanymda, şol sözlük boýunça dil öwrendim. “Bu maňa kömek etdi, başga ildeşlerimize-de kömek eder” diýen niýet bilen sözlügi sahypa ýerleşdirip başladym. Ýöne iş kän.

H. Hally: Saňa türkmen dutary näme berýär?

Teýmur: Men on ýaşymdan bäri dutar çalýaryn. Arasynda kesilýär, her halda dutar elden düşmeýär. Dutar meniň hemme zadym. Meselem, “Gökdepe mukamyny” çalanymda, türkmeniň taryhy, Gökdepe galasynyň urşy, türkmeniň şonda gaýduwsyz bolup oruslara garşy durşy, olaryň özlerini, malyny, namysyny goraýşy – bularyň hemmesi göz öňüme gelýär. “Bike halan”, “Ussadym” ýa “Hoş gal indi” – şol sazlary çalanymda, maňa jan berýär. Şol saz maňa kuwwat berýär. Şol saz meni begendirýär. Saz maňa dirilik berýär. Meniň diriligim şol. Meniň arkam şol. Şol saz bilen özümi gowy duýýan. Geljegime-de kän umytly bolýan. Saz çalanymda, janymam sag bolýar. Sazyň jan saglygyna-da kän peýdasy bar.

H. Hally: Dutar göwündeş ýoldaş bolup bilýärmi?

Teýmur: Dutar ýa-da tamdyra soňky otuz ýylyň içinde elimden düşmän gelýän bir ýoldaşym. Tamdyrasyz-dutarsyz özümi doly bahaly görmeýän. Meniň ýoldaşym şol. Saz çalanymda, hemme syrymy şoňa döküp bilýän. Öz içimdäki syrlarymy, duýgularymy şonuň bilen bile ýaňlandyryp bilýän. Her bir sazanda ýa aýdymçy eline bir dutar alansoň, ony goýasy gelýän däldir.