Orsýetiň köpçülikleýin habar serişdeleri ýurtda 4-nji martda geçirilen prezident saýlawlaryna elektron gözegçiligiň ýola goýlandygyny, oňa internet arkaly syn etmegiň köp adam üçin elýeterli bolandygyny habar berdiler. Şeýle-de ýokary kürsä dalaşgär 5 adam üçin habar serişdelerinde deň mümkinçilikleriň döredilendigini, saýlawlaryň açyk bolandygyny nygtadylar.
Orsýet telekanallary arkaly türkmenistanlylaryň bu saýlawlaryň gidişine syn edendiklerini Türkmenistanyň graždanlary aýdýarlar. Orsýetiň şu saparky prezident saýlalwlary aç-açan boldumy, ondan türkmenistanlylar, türkmen häkimiýetleri üçin alar ýaly zat barmy? Bu soraga Aşgabatda žurnalist Aşyrguly Baýryýew şeýle jogap berdi:
—Bu saýlawlar aç-açan boldy. Onuň aç-açan bolmagyna Orsýet Federasiýasynyň prezidenti wezipesine dalaşgärleriň biri, premýer-ministr W. Putin has ymtyldy. Sebäbi onuň üçünji gezek saýlanmagyna garşylyk köp boldy. Şonuň üçin-de eger aç-açan bolman saýlanan ýagdaýynda protestleriň, garşylyklaryň güýçlenmegi mümkindi, jemgyýetde has dartgynly ýagdaýyň emele gelmegi mümkindi. Türkmen häkimiýetleri elektron gözegçiliginiň ýola goýluşyndan nusga almaly. Türkmen häkimiýetleriniň ýene nusga almaly bir zady - olam saýlawlara jemgyýetçiligiň kontrollygyny, jemgyýetçiligiň gözegçiligini gurnamaga ýardam etmek, şoňa ýol bermek.
Orsýet saýlawlaryna telewideniýe arkaly tomaşa eden aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň sözlerine görä, Putine artykmaçlyk berlenem bolsa, beýleki kandidatlar hem öz pikirini halka ýetirmek hukugyndan peýadandylar:
—Elbetde, Putin özüniň administratiw mümkinçiliklerinden has artykmajrak peýdalandy, ýöne oňa garamazdan, beýleki tamakinlere, beýleki dalaşgärlere-de ýeterlik derejede metbugatda-da, teleradio efirinde-de orun, wagt berildi. Umuman, geçirilişini haladym. Öňki saýlawlardan has aç-açan boldy, saýlaw uçastoklarynda-da synçylar gereginden artykmaç, köp bolmasa, az bolmady.
Putiniň üçünji möhlete häkimiýet başyna gelmegi ors-türkmen gatnaşyklaryna nähili täsir ýetirer? Türkmen parlamentiniň öňki deputaty, oppozisiýa wekili Halmyrat Söýünow bu barada şeýle diýdi:
—Öňki gatnaşyklar şol durşuna galdyrylar diýen pikirde men. Sebäp bu diňe düýn gurnalan gatnaşyk däl, Orsýet bilen Türkmenistanyň arasynda ýapyk nebit-gaz söwdasy gidip dur ýigrimi ýyl bäri. Şonuň üçin olaryň birek-birege borjy bar, öz arasynda gürelşigi ýa dilleşigi bar parlamentleriň ýa halklaryň ýeňsesinden. Şonuň üçin birbada eger Berdimuhamedow isläýende-de, Orsýetden gaça durup bilmez diýip düşünýärin. Bärde üýtgeşik bir aragatnaşyk bolasy ýok. Bolaýanda-da şol halkymyzyň peýdasyna däl. Sebäp ýapyk gapylaryň aňyrsynda edilýän gaz söwdasy hiç haçanam Türkmenistanyň halkynyň peýdasyna bolmandy.
Şu meselede žurnalist Aşyrguly Baýryýewiň pikiri:
—Putin häkimiýete has berk ýapyşýan adam. Belli bir derejede onuň diýdimzorlugam, tejribesem bildirýär. Türkmenistan bilen gatnaşyklarynda uly bir üýtgeşiklik bolup durmaz. Sebäbi Putin öňki prezidentliginiň iki möhletinde-de nähili özüni alyp baran bolsa, häzirem uly bir üýtgedip durmaz. Ýöne näme-de bolsa Orsýet şu Orta Aziýa, şol sanda Türkmenistana täsir etmekde ABŞ bilen, aýratynam Hytaý bilen bäsleşigini has güýçlendirer diýip garaşýan ildeşlerimiz bar. Sebäbi Türkmenistanda-da Orsýetiň ykdysady, syýasy bähbitleri bar. Onsoňam Orsýet häzir arap ýurtlarynda öz pozisiýalaryny belli bir derejede ýitirdi. Onsoň, ine, Eýrandaky ýagdaý. Bu mesele boýunça-da Orsýetiň Türkmenistana täsirini artdyrjak bolmagy gaty ähtimal.
Daşary ýurtda döredilen oppozision “Respublika” partiýasynyň lideri Nurmuhammet Hanamow Putin üçünji gezek prezidentlik wezipesine geçenden soň ors-türkmen gatnaşyklaryny şeýle göz öňüne getirýändigini aýtdy:
—Orsýetiň alyp barýan syýasaty diktator režimlerine-de normal göz bilen seredýär, şonuň üçin Türkmenistana gezek galanda-da onuň bir üýtgeşik syýasaty boljak däl. Ol diktator režimleri goldaýar. Orsýetiň täsirinden Berdimuhamedow çykyp bilmez diýjek bolýaryn.
Putiniň prezident bolup Kremle gaýdyp barmagy türkmen-ors gatnaşyklaryna nähili täsir ýetirer? Ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bu barada şeýle diýdi:
—Putin her edip-hesip edip, regionda, ylaýta-da Orta Aziýada hem-de öňki sowet respublikalarynda Orsýetin täsirini artdyrmaga, Orsýetiň ozalky agalyk gegemoniýasyny dikeltmäge synanyşyk eder. Türkmenistan barada Putiniň öňden ýöredip gelýän syýasaty - ol türkmen ykdysadyýetini bogup, ony Orsýete bakna etmek. Ony ýaşyrybam duranok.