Saýlawlara raýatlaryň gözegçiligi we Orsýet nusgasy

Orsýetň "Global Voices" atly internet saýtynyň redaksiýasy

Orsýetde öten dekabrda bolan parlament saýlawlary Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy tarapyndan gaty kemçilikli diýlip häsiýetlendirilende, muňa geň galanlar köp bolmandy.

Ýöne geň galdyran zat – ýönekeý orslardan on müňlerçe adamyň muňa köçelerde protest geçirmek bilen jogap bermegi boldy. Saýlawlaryň galplaşdyrylmagy ozaldan giňden bilinýän bir ýurtda adamlaryň bu gezek öňkülerden beýle tapawutly reaksiýa görkezmegine näme sebäp bolduka?

Jogabyň iň bärkisi bir bölegi bu bozulmalaryň kimler tarapyndan we nähili bildirilenligi ýaly bolup görünýär. Analizçileriň aýtmagyna görä, Orsýetde bolan ýagdaý bir zadyň aýdyň mysaly. Ol hem tehnologik taýdan öňdebaryjy raýatlaryň özleriniň saýlawlara gözegçilik etmeginiň täsiriniň, adatça, hökümetdir halkara guramalary tarapyndan edilýän synçylykdan ýokarydygy.

Smartfonlardan peýdalanyş

Muny Waşingtonda ýerleşýän Saýlaw sistemalary baradaky halkara fondunyň işgäri Liza Kammerud ýaly barlagçylar-da tassyklaýarlar:

Saýlawlara gözegçilik barada bu täze elektron we şahsy tehnologiýalaryň ulanylmagynyň barha artýandygyna şübhe ýok.
Liza Kammerud

—Saýlawlara gözegçilik barada bu täze elektron we şahsy tehnologiýalaryň ulanylmagynyň barha artýandygyna şübhe ýok. Sebäbi adamlara häzir elýeterli bolan tehnologiýanyň ozal elýeterli bolmanlygy. Munuň soňky birnäçe ýyllykda artandygynyň bir sebäbi şol. Bu şeýle dowam etmez diýip pikir edere hiç bir delil ýok. Adamlar jübi telefonyny edinip, wideoýazgylaryny almak, surata düşürmek üçin şahsy serişderden peýdalanyp bilýärler.

Orsýetde geçirilen parlament saýlawlarynda köp adamlar gözegçilik işini, sözüň doly manysynda, öz ellerine alyp, saýlawda bolandygy aýdylýan galplaşdyrylmalary ýazga almak üçin smart telefonlardan peýdalandylar. Bu galplaşdyrmalaryň köpüsi hem premýer-ministr Putiniň "Bütewi Orsýet" partiýasyna degişli.

Muňa mümkinçilik döreden soňky wagtlarda ýurtda smart telefonlaryň bazarynyň ýokary depgin bilen ösendigi. Munda soňky wagtlarda bolan ýene bir tehnologik öňegidişlik, ýagny internetde açyk platformalaryň döredilmegi hem easasy rol oýnady. Garaşsyz gözegçilik topary "Golos" tarapyndan döredilen "Bozulmalar kartasy" atly platformada paş edilen bidüzgünçilikleriň müňerlerçesi toplandy.

Täsir

Orsýetň "Global Voices" atly internet saýtynyň habarçysy Gregori Asmolow munuň nähili täsirli bolandygyny şeýle düşündirýär:

—Meniň pikirimçe, Orsýet köpçüligi çeşme edinýän bir platformanyň ýokary göterilip, aýanlygy we jogapkärçiligi artdyrmakda iň üstünlikli, iň ähmiýetli mysaldyr. Aslynda “Karta” hüjüm edilmegi, onuň halkyň arasynda esasy meselä öwrülmegi bu platformanyň näderejede peýdaly, näderejede möhüm bolandygyny görkezýär. Beýle bolmadyk bolsa, halk onuň gürrüňini etmezdi, hökümet hem ony çäklendirmäge synanyşmazdy.

Ýens Eşenbaeher Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň demokratik institutlar we adam hukuklary edarasynyň sözçüsi. Onuň aýtmagyna görä, raýatlara esaslanýan saýlaw gözegçiligi bu guramanyň işleriniň üstüni ýetirip bilýär. Ýöne bular biri-birinden aýry zatlar. Ýens Eşenbaeher bu hakda şeýle diýýär:

—Bu ikisi biri-biriniň üstüni ýetirýär. Ýöne bular tapawutly funksiýalara hyzmat edýärler. Hökümete degişli däl guramalar prosesiň aýanlygyna hyzmat edip, oňa ygtybarlylyk gazandyrýar. Ýöne biz halkara guramasy hökmünde mundan tapawutly işleýäris. Mysal üçin, biz alýan maglumatlarymyzy şol bada berip bilemzok. Bu biziň ençeme ýylyň dowamynda ösdüren metodologiýamyza esaslanýar. Biz synçlardan alýan maglumatlarymyzy, başarsak, iki gezek barlaýarys.