Gurbannazar Ezizow 72 ýaşady

Gurbannazar Ezizow

Şahyr Gurbannazar Ezizow aramyzda ýaşap ýörenliginde 1-nji martda 72 ýaşamalydy. 20-nji asyr türkmen edebiýatynyň ikinji ýarymyna öz güýçli täsirini ýetiren G. Ezizow 1940-njy ýylyň 1-nji martynda Büzmeýin obasynda dünýä inipdi.

Aşgabat şäherinde orta mekdebi tamamlan Gurbannazar Türkmen döwlet uniwersitetiniň filologiýa fakultetine okuwa girýär. Ol uniwersiteti gutarandan soň, çagalar neşiri bolan "Mydam taýýar" gazetiniň we "Pioner" žurnalynyň birleşen redaksiýasynda edebi işgär bolup işleýär. Goşun gullugynda bolýar. Soňra bäş ýyl çemesi “Edebiýat we sungat” gazetiniň poeziýa bölüminiň müdiri bolýar. Ýene şonçarak wagt, ýagny ömrüniň galan böleginde hem Türkmenistan Ýazyjylar birleşiginde edebi maslahatçy bolup işleýär. Şahyryň bar durmuş ýoly şundan ybarat, örän gysga hem sada.

Gurbannazaryň ilkinji goşgulary 15 ýaşyndaka metbugatda çap edilip başlanýar. Ýöne özi student ýyllaryndan edebiýat bilen çynlakaý gyzyklanyp başlandygyny aýdýar. Hut şol ýyllardanam ol edebi tankydyň nazaryna ilýär hem beýlekilerden düýpgöter başgaça ýazýandygy bilen tapawutlanýar. Ol türkmen edebiýatyna täze poeziýany, täze pikir ýörediş usullaryny getiriýär.

Gurbannazar Ezizow 1975-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Gazanjyk obasynyň ýanynda pajygaly ýagdaýda ýogalýar. Onuň bilen rus şahyry Wasiliý Şabanow we türkmenistanly şahyr Ýuriý Rebinow hem aradan çykýar.


* * *

Asmanyň manysyn, dünýäniň syryn
Durnalaryň setirinde okaýan.
Ýetmiş ýyllap aýra düşen mysaly,
Çygly ota kükregimi oýkaýan.

Bag astynda göge garap ýatyryn,
Düşek edip ýaş maýsaly topragy.
Barmaga gök ýuwa sarap ýatyryn
Men — dünýäniň daragtynyň ýapragy.

Unudýan özümi. Unudýan bada.
Ýaşyl tebigata siňýän-de gidýän.
Baky tebigatda,
Baky dünýäde,
Özümi gül, toprak, maýsadyr öýdýän.

Juda ir höwrükdim ýaşyl baglara,
Sähranyň üstünden öwsen şat ýele.
Soň üçinem gussa batan çaglarym
Keselmi bejerýän tebigat bile.

Garylýan dünýäniň baky sazyna,
Deňiz bolup güwwüldeýän, güňleýän.
Goşulyp baldaklaň ýaş owazyna
Hiç wagt kesellämok,
Hiç wagt ölmeýän.

Adam ölüm diýip tapypdyr bir zat,
Ölüm näme?
Tebigata garylmak,
Bahara gül bolup getirmek şöhrat
Daň-säherler pyntyk bolup ýarylmak.

Dostlar näme,
Giden günüň atlarlar,
Birnäçe gün seni ýatlar-köýerler.
Çyn ýürekden köňüllerin daglarlar
Soňra?
Soňra aglamasyn goýarlar.

Ýöne ýyllar geçip, üýşüp deň-duşlar
Gök otuň üstünden basanda gadam
Otlar olaň aýagyna çyrmaşar,
«Saklan! — diýýän ýaly — mähriban adam.

Keýpiňiz neneňsi? Barmydyr bir tap?
Gezip ýörmüsiňiz başlaryňyz jem?!»
Emma şol otlaryň ýüzüne garap,
Mendigimi bilmez olaň birisem...

Gurbannazar Ezizow