2012: Merkezi Aziýany sarsdyrjak faktorlar

Almaty şäherinde, 2012-nji ýylyň 25-nji fewraly.

Birleşen Ştatlarda ýerleşýän we dünýädäki syýasy ýagdaýlary öwrenýän “Strategic Forecasting Inc.”, ýagny “Stratfor” geosyýasy analiz merkeziniň 2012-nji ýyl boýunça çap eden ýyllyk çaklamalarynda ýylyň dowamynda ençeme faktorlaryň Merkezi Aziýanyň durnuklylygyny sarsdyrjakdygy aýdylýar. Şol bir wagtda-da bu ýagaýyň regiony krizis derejesine ýetirmejegi hem maglumatda bellenilýär.

“Stratforyň” çaklamalary

1996-njy ýylda ABŞ-da döredilen “Stratfor” hususy analiz merkezi dünýädäki syýasy ýagdaýlary öwrenýär we geosyýasy tendensiýalary analiz edýär. Merkeziň çaklamalaryna görä, üstümizdäki ýylyň dowamynda Merkezi Aziýa regionynyň ähli ýerlerinde ykdysady şertleriň gowşamagy sebäpli protest aksiýalary geçiriler. Emma bu çykyşlar zorlugyň tutaşmagyna getirmez.

“Bu ilkinji nobatda Gazagystana degişli, ýurduň bank pudagyndaky agyr kynçylyklar maliýe krizisine getirip biler, ýöne hökümet nebit önümçiliginden gelýän girdejileriň hasabyna 2012-nji ýylyň dowamynda bu kynçylyklaryň hötdesinden gelmegi başarar” diýip, “Stratfor” agentligi öz hasabatynda belleýär.

Maglumata görä, yslamçy söweşijileriň güýçlenmegi Merkezi Aziýa regionyna täsir ýetirýän problemalaryň biri. Gazagystanda, Gyrgyzystanda we Täjigistanda wagtal-wagtal ýüze çykýan hüjümler dowam etdiriler we hatda güýçlenip-de biler. Emma bu hüjümler režimleri agdarmakdan ybarat bolan strategik maksatlaryna ýetip bilmez, şeýle-de regiony durnuksyzlandyrmaga ukyply milletara hereketleriň derejesine çykyp bilmez diýip, “Stratfor” belleýär.

Geosyýasy analiz merkeziniň çaklamalaryna görä, howpsuzlyk meseleleri bilen bir wagtda ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň uzak wagtlap häkimiýet başynda saklanmagynyň dowam etmegi-de Gazagystan bilen Özbegistanda syýasy dartgynlylyk döreder. Emma ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň haýsydyr biriniň ölümi bolaýmasa, başga bir uly syýasy öwrülişiklere garaşylmaýar.

Regional bilermeniň garaýşy

Merkezi Aziýa boýunça “Fergana.ru” informasion agentliginiň müdiri Danil Kislow bolsa Merkezi Aziýa döwletlerinde syýasaty dolandyryş usullarynyň saklanmagyna regiona täsir ýetirip biljek iň güýçli faktor hökmünde garaýar:

—Merkezi Aziýa syn etsek, totalitar dolandyryş sistemasynyň özi geljek üçin howp döredip gelýär. Mysal hökmünde Gyrgyzystany alsak, rewolýusiýalaryň ikisi-de häkimiýetiň awtoritarlygy sebäpli döräpdi.

Ýurt liderleri onlarça ýyllap wezipelerinde oturyp biler, emma emeli ýagdaýda saklanýan şeýle sistemalaryň ahyrsoňy dargamagy agyr netijelere getirýär
Danil Kislow

Kislow häzirki wagtda Orsýetiň we Merkezi Aziýa döwletleriniň ýolbaşçylarynyň jemgyýetde protest duýgularynyň güýçlenmegine durnuklylyga howp hökmünde garaýandyklaryny belledi. Emma, bilermeniň pikirine görä, protestleriň özi howply ýagdaý döretmeýär. Esasy mesele häkimiýeleriň ilatyň närazylygyna jogap bermekde ýagdaýa laýyk çemeleşmeginde. Kislow Günbatar döwletleriniň tejribelerini oňyn mysal hökmünde getirýär:

—Günbataryň demokratik dolandyryş sistemasy jemgyýetiň talaplaryna üns berýär we problemalary çözmäge çalyşýar. Şol sistemanyň durmuşa ukyply gurluşynyň özi muňa mümkinçilik berýär. Merkezi Aziýanyň awtoritar gurluşly sistemalary bolsa, durmuşa ukypsyz bolansoň, olar uzak wagtlap saklanyp biler, ýurt liderleri hem onlarça ýyllap wezipelerinde oturyp biler, emma emeli ýagdaýda saklanýan şeýle sistemalaryň ahyrsoňy dargamagy agyr netijelere getirýär.

Günbatar analitiginiň pikiri

Londonda ýerleşýän “Uruş we Parahatçylyk maglumatlary institutynyň” bilermeni Jon MakLoud bolsa üstümizdäki ýylyň dowamynda Merkezi Aziýada özgerişiň bolmagy üçin mümkinçilik görmeýär. Bilermen Turkmenstan barada şeýle diýýär:

—Türkmenistanda biz uly bir üýtgeşiklige garaşmaýarys. Sebäbi ýurduň ägirt uly gaz baýlyklary bar, ilat sanynyň azlygy hem ýurt üçin maliýe ykdysady taýdan oňyn şert döredýär. Özbegistan, Täjigistan we Gyrgyzystan ýaly ýurtlara garanda Türkmenistanda radikal yslamçylaryň täsiri hem uly däl. Ilat tarapyndan närazylyklaryň bildirilmegi üçin mümkinçilikler hem çäklendirilýär, hökümet bar zady öz gözegçiliginde saklaýar. Prezident Berdimuhamedowyň täze möhlete saýlanmagy ýurduň liberallaşmagyna umytlary hem azaltdy. Şeýlelikde, meniň pikirimçe, bar zat öňküligine galýar.