TI galp manatlaryň ýüze çykarylandygyny aýdýar

Türkmenistanda elde ýasalan galp manatlar – milli pul peýda bolupdyr. Bu barasynda adam hukuklary boýunça “Türkmen inisiatiwasy” topary habar berýär.

Lebap welaýatynyň administratiw merkezi Türkmenabat (öňki ady Çärjew) şäheriniň birnäçe bankynda bankyň işgärleri hümmeti 20, 50, 100 manatlyk galp, elde ýasalan pul tapdylar. Şol pullar ýörite puly barlaýan apparatdan geçirilende, birnäçe kagyz pul barlagdan geçip bilmedi. Elde ýasalan galp manatlaryň hili gaty pes, onda ýasamasy kyn ýörite belgileriň ýoklugy belli boldy. Häzir Lebap welaýatynyň ähli banklarynda barlaglar dowam edýär diýip, “Türkmen inisiatiwasy” habar berýär.

Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy Osman Hallyýewiň sözlerine görä, bazarlarda her zat bolmagy mümkin, ýöne ýurduň, welaýatyň resmi habar serişdelerinde bu barada maglumat ýok:

Käbir resmiler galp pullaryň mahal-mahal peýda bolýandygyny, ýöne olaryň sanynyň köp däldigi, ýaýrawynyň uly däldigi sebäpli operatiw-gözleg işleriniň onçakly çynlakaý alnyp barylmaýandygyny aýtdylar.
Osman Hallyýew

—Galp pullaryň peýda bolandygy baradaky habar bilen gyzyklanyp, käbir emeldarlar, bazar söwdagärleri bilen duşuşdym. Käbir resmiler galp pullaryň mahal-mahal peýda bolýandygyny, ýöne olaryň sanynyň köp däldigi, ýaýrawynyň uly däldigi sebäpli operatiw-gözleg işleriniň onçakly çynlakaý alnyp barylmaýandygyny aýtdylar. Banklarda bolsa kassirler pullary barlap kabul edýär ekenler. Ýöne meseläniň başga bir tarapy bar. Bazarda söwda edýänlerin hemmesi diýen ýaly puly banklaryň üsti bilen aýlamaýar, diňe daşary ýurtlardan haryt getirýänler manady dollara bankda çalyşýar. Şonuň üçin galp pul dolanyşykda peýda bolaýanda-da onuň üstüniň çalt açylmazlygy ähtimal.

Aşgabatda satyjylar özüne berilýän pullary, esasan-da, günüň garaňky döwründe dykgat bilen synlaýarlar hem ellerine 50-lik we 100-lük galp manatlaryň düşendigini aýdýarlar. Şol pullaryň ýasalan kagyzy adaty bolup, hakyky manatdaky el bilen sypalanda duýulýan büdür-südürlikler duýulmaýar. Galp manatlaryň ulanylan pursatlary Aşgabadyň 8-nji mikroraýonyndaky bazarjykda bolupdy diýip, “Türkmen inisiatiwasy” topary öz maglumatynda ýazýar.

Aşgabatda ýaşaýan žurnalist Aşyrguly Baýryýew ýakynda galp pullaryň peýda bolmagy barada il arasynda-da, Türkmenistanyň köpçülikleýin habar serişdelerinde-de informasiýa ýokdugyny, ýöne birnäçe ýyl mundan öň şeýle gürrüňleriň bolandygyny aýtdy:

Bizde hemişe maglumat-informasiýa ýetmezçiligi-dä, şonuň ýaly ýagdaý bolanda, aýdylmaly, telewideniýede görkezilmeli, radioda eşitdirilmeli.
Aşyrguly Baýryýew

—Iki-üç ýyl ozal gürrüň boldy, özem şol galp, ýasama ýüzlükler gelipdir, özem gaty köp mukdarda gelipdir diýip. Şol gürrüňiň çykan wagty adamlar 100-lük manat almakdan birneme çekindiler. Belkem, il arasyndaky gürrüňiň jany bardyr, ýöne soň öňi alyndymyka diýýärin. Bizde hemişe maglumat-informasiýa ýetmezçiligi-dä, şonuň ýaly ýagdaý bolanda, aýdylmaly, telewideniýede görkezilmeli, radioda eşitdirilmeli. “Seresap boluň, şeýleräk zat bardyr” diýen ýaly duýduryşlar edilmeli adamlara. Onsoň onuň galpdygyny nädip bilmeli? Şony öwretmeli.

Galp pullaryň türkmen bazarynda peýda bolmagynyň nähili sebäpleri bar? Bu soraga Aşgabatda ýaşaýan ýazyjy Amanmyrat Bugaýew şeýle jogap berdi:

Bazar sebediniň bahasyna görä indeksasiýa edilmese, galp pullary ýasamak gitdigiçe möwjär. Entek uçguny öçürmek aňsat.
Amanmyrat Bugaýew

—Aýlyk-günlükleriň derejesi ýyl geldigiçe gowulanýanam bolsa, adamlaryň ýaşamagy üçin minimum çykdajylaryndan häzirki alýan aýlyklary az gelýär. Gitdigiçe zatlar gymmatlap gidip otyr. Galyberse-de, hususy eýeçilikdäki firmalar öz kellesine geldigiçe, adamlara aýlyk-günlük töleýär. Ýetde-gütdelik adamlary pul ýasamak ýaly zatlara itekleýän bolmagy gaty ähtimal. Hakyky sebäbi şondan gözlemek gerek. Türkmen manadynyň hümmeti peselmek bilen. Bazar sebediniň bahasyna görä indeksasiýa edilmese, galp pullary ýasamak gitdigiçe möwjär. Entek uçguny öçürmek aňsat, ot bolup tutaşansoň, ony öçürmek kyn düşýär.

Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 251-nji maddasy “Galp pullaryň ýa-da gymmatly kagyzlaryň satmak maksady bilen taýýarlanmagy ýa-da satylmagy“ diýlip atlandyrylýar. Kanun şol kagyzlary ýasana we satana emlägini elinden alyp ýa alman, üç ýyldan 10 ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasyny göz öňünde tutýar. Bu işi ikinji gezek gaýtalanlara, uly möçberde edenlere, guramaçylykly topar tarapyndan edilse, kanunda 15 ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy göz öňünde tutulýar.